30/11/-0001
574
Baýram han Türkmen – döwlet işgäri we diplomat (Kerim SAZAKOW)
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen döwlet ösüşiniň täze tapgyrynda ýurdumyzda ylmy kämilleşdirmek, umumadamzadyň ruhy genji-hazynasyna uly goşant goşan türkmen halkynyň medeni mirasyny hemmetaraplaýyn öwrenmäge we dünýä ýüzüne ýaýmaga, ýaşap geçen şahsyýetlerimiziň ömür ýoluny we amala aşyran işlerini öwrenmeklige hem-de halk köpçüligine ýetirmeklige uly üns berilýär. Häzirki döwürde türkmen taryhynda öçmejek yz galdyran akyldarlarymyzy ýüze çykarmakda, olaryň döreden edebi-ylmy gymmatlyklaryny tapmakda we öwrenmekde, galyberse-de halk köpçüligine ýetirmekde uly işler edilýär.
Geçmişde uly yz goýan şeýle türkmen beýikleriniň biri hem Muhammet Baýram handyr. Baýram han Beýik Mogollar döwründe Hindistanyň syýasy durmuşynda ýatdan çykmajak yz galdyran görnükli türkmen şahsyýetidir. Hut şonuň üçin-de Hindistanyň orta asyrlar taryhy hakda söz açylanda, Muhammet Baýram hanyň bitiren hyzmatlary barada gürrüň açmazlyk asla mümkin däl.
Garagoýunly türkmenlerden bolan Baýram hanyň ata-babalary mälim bolşy ýaly Teýmiriler döwründe abraýly adamlar bolupdyrlar. Eýranda Sefewi türkmenleriniň döwletini guran Ysmaýyl şa ýaş türkmen ýigitlerini şol sanda Baýram hany hem öz hyzmatyna alypdyr. Baýram han Sefewi serkerdesi Nejmi Sany bilen bilelikde Buharany we Samarkandy eýeläpdir.
Baýram han Mogol hökümdarlary Muhammet Zahyreddin Babyryň, Humaýun şanyň we Ekber şanyň döwründe taýsyz serkerde, döwletiň syýasy işgäri we diplomat hökmünde şöhrat gazanypdyr. Ol türkmen, pars we hindi dillerinde ajaýyp goşgulary döredipdir (Baýram hanyň Diwany). Onuň ýazan şygyrlary Ýakyn Gündogar halklarynyň arasynda dostluk köprüsi bolup hyzmat edýär.
Baýram han özüniň ajaýyp döredijiligi, ýadawsyz tagallasy bilen Orta Aziýa, Owganystan, Horasan, Eýran, Hindistan ýaly Gündogar ýurtlarynda halklaryň parahatçylykly, ylalaşykly hem-de medeni hyzmatdaşlyklarynyň ösmeginde we olaryň özara dostlugynyň pugtalanmagynda ägirt uly täsiri bolan şahsdyr. Isgender Munşi Türkmeniñ bellemegine görä, Muhammet Baýram han Babyr patyşanyň goşunyna Gižduwan söweşinden soňra, has takygy 1512-nji ýylyñ noýabr aýynda gelip goşulypdyr. Baýram han şol wagt 16 ýaşynda eken. Muhammet Babyr Baýram hanyň ata-babalaryna örän belet bolupdyr. Baýram hanyň başarjaňlygy, ukyby Babyry has-da özüne çekipdir. Muhammet Babyr öz ýatlamalarynyň birinde “Eger Humaýun ýaly ukyply, başarjañ oglum bolmadyk bolsa, Baýram hany öz oglum hasaplap, mirasdar bellärdim” diýip ýazýar. Elbetde, Muhammet Baýram hanyñ başarjaňlygy, söweş tälimlerine ökdeligi, kynçylykly ýagdaýlardan baş alyp çykyp bilmegi Muhammet Humaýunyň-da nazaryndan sypmandyr. Ol ýanyna edermen, batyr, gaýduwsyz ýigitleri jemlemegi zerur hasaplapdyr we kakasyndan Muhammet Baýram hany öz gullugyna bermegi sorapdyr. Mundan beýläk Baýram han Humaýuna tüýs ýürekden hyzmat edip başlaýar. Babyr patyşa aradan çykandan soň, 1530-njy ýylda 22 ýaşly Humaýun Mogollar döwletiniň tagtyna çykýar. Onuň iň esasy garşydaşy asly owganlardan bolan Suriler nesilşalygyny esaslandyran Ferid Şir han bolupdyr. Humaýun bilen doganlarynyň arasyndaky yzgiderli dowam eden tagt üstündäki göreşleri netijesinde Mogollar döwleti gowşaýar. Bu pursatdan peýdalanan Şir han 1539-njy ýylda Mogollar döwletiniň tagtyny eýeleýär. Muhammet Baýram han alyp baran daşary syýasatynda parahatçylyk ýörelgelerini hem-de sebit meselelerini syýasy, diplomatik ýollar arkaly çözmäge çalşypdyr. Şol sebäpli hem owgan şasy Şir han her edip, hesip edip batyr we paýhasly Baýram han Türkmeni öz tarapyna çekmek isläpdir.
Şir han Baýram hana iň ýokary derejeleri, ummasyz baýlygy wada edýär, emma Baýram han Şir hanyň teklibini kabul etmeýär. Baýram han şeýle pursatda Hindistanda patyşa bolmak umydyny ýitiren Humaýunda ynam döredýär. Humaýun doganlaryna degişli ýerleri ele geçirip, täzeden Hindistana ýöriş etmeli diýen karara gelýär. Giň syýasy garaýyşlara eýe bolan Baýram han şanyň bu teklibini goldamaýar. Pähim-paýhasly Baýram han Humaýuna Eýrana gitmekligi maslahat berýär. Humaýun ýitiren tagtyny yzyna gaýtaryp almak we Sefewi türkmenleriniň şasy Tahmaspyň kömegini almak maksady bilen Baýram hanyň maslahatyny makul hasaplaýar. Hindistanda Mogollaryň häkimiýetini täzeden dikeltmek üçin Mogol-Sefewi ylalaşygynyň gerekdigine düşünen Baýram han geçmişde Babyr şanyň we Ysmaýyl şanyň arasyndaky gatnaşyklary hem göz öňünde tutupdyr.
Humaýunyň tagta çykan döwründen, ýagny, 1530-njy ýylyň dekabr aýynyň 26-syndan tä 1543-nji ýyla çenli Hindistan mogollary bilen sefewi türkmenleriniň arasynda syýasy hem diplomatik gatnaşyklary ýola goýulmandyr. Bu gatnaşyklar Muhammet Humaýun tagty elden gidereninden soňra Muhammet Baýram han tarapyndan ýola goýlupdyr. Baýram hanyň hut özi Tahmasp şanyň ýanyna baryp, onuň bilen duşuşypdyr. Tahmasp şa Baýram hanyň syýasy düşünjesine, akyl-paýhasyna haýran galypdyr. Oňa Sefewilere hyzmat etmegi teklip edip, Azerbeýjanyň we Diýarbekiriň häkimligini hödürläpdir. Ýöne Baýram han Humaýuna wepaly bolupdyr. Hut şol sebäpden hem ol şanyň bu teklibini kabul etmändir. Baýram han Humaýunyň başyndan geçiren kynçylyklaryny Eýran şasyna aýdyp beripdir. Humaýunyň öz ýanyna geljegini eşiden şa Tahmasp myhmansöýerligini görkezmek üçin paýtagt Kazwinde üç günläp deprek kakdyryp, şowhun etdiripdir. Humaýun Eýrana barandan soň, Baýram han bilen bilelikde Tahmasp şanyň huzuryna çykypdyrlar. Şa uly hormat bilen olary garşylapdyr we Humaýunyň başyna täç geýdiripdir. Baýram hana bolsa iki patyşanyň hökümi bilen “Hanlar hany” derejesi berilýär. Baýram hanyň mogol-sefewi ylalaşygyny guramagy Mogol imperiýasyny halas etmekde, ony täzeden dikeltmekde uly taryhy diplomatik ýeňiş bolupdyr.
Baýram hanyň teklibi bilen taryhy ylalaşygy esasynda Humaýun özüniň Hindistandaky imperiýasyny täzeden dikeldipdir. Humaýun berlen kömek üçin Kandagar welaýatyny Sefewilere sowgat beripdir. Baýram han bolsa Kandagara Beýik Mogollar döwletiniň ilçisi edilip iberilipdir. Baýram han özüniň mertligi, gaýduwsyzlygy bilen Humaýunyň ynamyna doly girmegi başarýar. Humaýun Baýram hana “Biziň maşgalamyzda seniň ýaly yşyk saçýan başga hiç kim ýokdur” diýip aýdýar ekeeni. Baýram han Humaýunyň iň kyn döwürlerinde ýanynda bolup, oňa maslahat berýär. Netijede, Humaýun Hindistany täzeden ele geçirýär. Ol 1555-nji ýylda Baýram hany şazada Ekberiň atalygy edip belleýär. Ekberiň akylly-paýhasly, edermen ýigit bolup ýetişmeginde Baýram hanyň hyzmaty uly bolupdyr. Muhammet Jelaleddin Ekber Mogol şasynyň iñ uly ogly bolupdyr. Humaýun şazada Ekberiñ döwlet dolandyryş we diwan işlerinden baş çykarmagyny, döwrebap ylym-terbiýe almagyny isläpdir. Muhammet Baýram han bolsa bu işlerden gowy baş çykarypdyr. Ol türkmen, pars dillerini suwara bilýän, harby, döwlet işlerinde örän tejribeli adam hasaplanypdyr. 1556-nji ýylyñ ýanwar aýynyñ 26-synda mogol şasy Muhammet Humaýunyñ aradan çykmagy sebäpli şazada Ekber Muhammet Baýram hanyñ doly garamagynda galýar we elmydama onuñ ýanynda bolýar. Muhammet Baýram hanyñ irginsiz aladalary bilen Jelaleddin Ekber Hindistanyň taryhynda beýik we şöhratly orunlaryñ birini eýeleýär. 1556-njy ýylyň 14-nji fewralynda Baýram hanyň tagallasy netijesinde 13 ýaşly Muhammet Jelaleddin Ekber “şa” diýlip ylgan edilýär. Täze hökümdaryň hormatyna Delide uly baýramçylyk geçirilýär, Juma metjidinde onuň adyna hutba okadylýar. Baýram han heniz döwleti özbaşdak dolandyrardan kiçi bolan Ekberiň adyndan “Wekil-i-Mutlak” (“Döwletiň wekili”) bolup, 1556-1560-njy ýyllar aralygynda Beýik Mogollar imperiýasyny dolandyrýar. Şonuň üçin hem bu döwür Beýik Mogollaryň taryhynda “Baýram hanyň döwri” diýlip atlandyrylýar. Ýaş hökümdar Baýram hanyň wepalylygyna, pähim-paýhasyna uly hormat goýupdyr we oňa “Han baba” diýip ýüzlenipdir. Ekberiň ýaşlygyndan peýdalanmak islän owganlardan bolan Adyl şa, özüniň uly goşuny bilen gelip Deli şäherini eýeleýär. Baýram hanyň gaýraty bilen Adyl şanyň mundan soňky harby hereketleri ýeňlişe sezewar edilýär. Ekber şa ýaňy tagta geçen wagtlarynda, Hemu (Himu) atly wezir özüne “Raja Bikramadatiýa” derejesini alyp, häkimiýet ugrunda göreşe girişýär. Hemu Agrany we Delini eýeleýär. Edil şol wagt aw düşelgesinde ýören Ekbere habar gelýär: “Hökümdarym, Baýram han derrew köşge dolanmagyňyzy isleýär. Deli Hemu tarapyndan eýelendi...”. Ekber şa Baýram hanyň bir sözi bilen aw düşelgesini taşlap gaýdýar. Baýram hanyň Ekbere eden täsiriniň diýseň güýçli bolandygyny şu wakadan aýdyň görmek bolýar. Baýram hanyň ýolbaşçylygyndaky goşun 1556-njy ýylda Hemuny öldürýär we onyň goşunyny derbi-dagyn edýär.
Baýram han Hindistandaky musulman däl, ýagny rajputlar bilen dostlukly gatnaşyk etmegi başarypdyr. Rajputlar Baýram hanyň barlygy sebäpli özleriniň hem Ekber şanyň tarapyndadyklaryny aýdypdyrlar. Hinndistanda höküm süren Beýik Mogollar imperiýasynyň taryhyny Muhammet Baýram hansyz göz öňüne getirmek asla mümkin däldir. Gaýduwsyz serkerde we döwlet işgäri, tejribeli diplomat we meşhur şahyr Baýram hanyň keşbinde hakyky türkmen gerçegine mahsus bolan batyrlygy, edermenligi, mertligi, wepadarlygy we uçursyz pähim-paýhaslylygy görmek bolýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Baýram han Türkmene bagyşlanyp 2021-nji ýylda geçirilen halkara maslahata gatnaşyjylara goýberen gutlag Ýüzlenmesinde şeýle setirler bar: “Halkyň jümmüşinden çykan beýik serkerde şahyr Baýram han Türkmen galamyň we kelamyň güýji bilen uly işleri bitiripdir, halk bähbidiniň hem-de adalatynyň goragçysy bolupdyr. Şahyranalyk we pelsepewi paýhas bitewiligi, ynsanyýetiň waspy we adam mertebesini ýokary götermek hakyndaky müň öwüşginli garaýyşlar şahyryň döredijiliginiň esasy aýratynlyklarynyň biridir. Ynsanperwerligiň, dostlugyň, ýagşylygyň, gözelligiň waspnamasy hökmünde umumadamzat şygryýet hazynasyna giren Baýram hanyň edebi mirasy biziň milli buýsanjymyzdyr. Jemgyýetimiziň galkynýan täze taryhy döwründe özüniň öçmez-ýitmez şygyrlary bilen türkmen halkynyň ruhy dünýäsini äleme ýaýan serkerde şahyr Baýram hanyň adyny, mertebesini şöhratlandyrmak biziň mukaddes borjumyzdyr."
Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň jöwher zehininden dörän “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly eserinde hem Muhammet Baýram han Türkmeniň ömür we durmuş ýoly barada gyzykly gürrüň berilýär. Umumadamzat edebi gymmatlyklaryna uly goşant goşan we öçmejek yz galdyran pederlerimiziň geçmiş taryhyny has-da çuňňur öwrenmäge we ony halk köpçüligine ýaýratmaga, hormatly kärimiz bolan mugallymçylyk işimizde ösüp gelýän ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek ugrunda bize uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!
Peýdalanylan edebiýatlaryň sanawy:
1) Gurbanguly Berdimuhamedow. Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi. Aşgabat., 2020
2) Singh Suda. Iki halka dahylly ykbal. // Edebiýat we sungat. 2021-nji ýylyň 2-nji apreli
3) Türkmen hanlary we serdarlary. Aşgabat., 1992.
4) Michael Fisher. A short history of the Mughal Empire. London., 2016.
5) Ray Sukumar. Bairam Khan, Karachi: University of Karachi Institute of Central and West Asian Studies, 1992
6) Şahin, H. H. Orta Çağ Hindistan’ında Yönetim: Bayram Han’ın Ekber Şah’a Etkisi. // Gaziantep Universit Journal of Social Sciences. 18 (3), Acceptance Date: 01-07-2019.
7) Ümit Ulvi Türk. Safevi devletinin özbek hanliklari ve Babür devleti ile siyasi ilişkileri (1526 – 1722). Ankara., 2017.
8) Антонова К. А. Очерки общественных отношений политический строй Могольской Индии времëн Акбара.-М.,1952.
Daşoguz şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa
dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen