30/11/-0001
675
Bahry-Hazar bilen "Iki deňiz" arasy
"Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda" Aziýa yklymynyň dürli sebitleri bilen dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek göz öňünde tutulýar. Şolaryň arasynda Aýlag sebitiniň arap döwletleri bilen hyzmatdaşlyga möhüm orun degişlidir. Ählumumy halkara gatnaşyklarda has möhüm ähmiýete eýe bolan bu sebit Eýran bilen Arabystan ýarym adasynyň aralygynda ýerleşýär. Ormuz bogazy arkaly Oman aýlagy, Arap deňzi we Hindi ummany bilen baglanyşýar. Aýlagyň kenarynda Yrak, Kuweýt, Birleşen Arap Emirlikleri, Saud Arabystany, Katar, Bahreýn, Eýran we Oman döwletleri ýerleşýär. Aýlagyň geosyýasy, geostrategik, geoykdysady ähmiýeti uludyr. Türkmenistanyň Aýlag ýurtlary bilen gatnaşyklarynda Bahreýn Patyşalygyna hem möhüm orun degişlidir.
Ady «Iki deňiz», has takygy, «Iki deňziň goşulýan ýeri» («Majmu’ul-Bahreýn») diýen manyny berýän, 51 sany tebigy, 33 sany emeli adada ýerleşen bu ýurdy 1783-nji ýyldan bäri Halifalar şanesli dolandyrýar. 1971-nji ýylyň 14-nji awgustynda garaşsyzlygyny gazanan Bahreýn nebitiň we gazyň hasabyna ösdi. Ýurduň ykdysadyýetiniň 80 göterimi gönüden-göni nebitgaz önümçiliginden gelýän girdejilerden alynýar. Muňa garamazdan, Bahreýn Aýlagda ilkinji bolup nebite garaşsyz ykdysadyýeti ösdürmäge, bank we maýa goýum ulgamyna artykmaçlyk berýän döwlete öwrüldi. Bahreýn 20-den gowrak döwlet bilen erkin söwda gatnaşyklaryny alyp barýar.
1998-nji ýyldan bäri Bahreýnde halkara bank merkezi hereket edýär. Manamada arap transmilli korporasiýalarynyň ençemesiniň ştab-kwartirasy ýerleşýär. Bahreýn Bütindünýä banky tarapyndan iň ýokary girdejili döwletleriň hatarynda durýar diýlip kesgitlendi.
Türkmenistan bilen Bahreýn Patyşalygynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1995-nji ýylyň 15-nji dekabrynda ýola goýuldy. Şol döwürden bu güne çenli iki ýurduň arasynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda gatnaşyklar alnyp barylýar. Bu gatnaşyklar häzirki wagta çenli iki döwletiň arasynda gol çekilen 20 sany döwletara, hökümetara we pudagara resminamalar bilen berkidildi. Hormatly Prezidentimiziň Bahreýn Patyşalygyna amala aşyran resmi sapary mahalynda ulag-logistika, standartlaşdyrmak, sertifikatlaşdyrmak, akkreditirlemek we metrologiýa, daşary ykdysady iş, bilim, medeniýet ugurlary boýunça gol çekilen jemi 10 sany resminama hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň Bahreýn Patyşalygyna saparynyň jemleri boýunça Bilelikdäki Maglumat resminamalar bukjasynyň üstüni ýetirdi.
Iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň saparlary we ýokary derejedäki duşuşyklary hyzmatdaşlygy ösdürmekde esasy orun eýeleýär. Bahreýne ýokary derejedäki sapar 2011-nji ýylyň 9-10-njy fewralynda Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan amala aşyryldy. Onuň dowamynda Gahryman Arkadagymyz Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifa bilen ikiçäk hem-de iki döwletiň hökümet wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňeldilen düzümde gepleşikleri geçirdi. Gepleşikleriň netijesinde hökümetara resminamalaryň ençemesine gol çekildi. Türkmenistanyň we Bahreýniň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly goşant goşandygy hem-de parahatçylyga we döredijilige esaslanýan syýasaty ýöredýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza Bahreýn Patyşalygynyň ýokary döwlet sylagy — Şeýh Isa bin Salman Al Halifa adyndaky birinji derejeli orden gowşurylypdy.
2019-njy ýylyň 17 — 19-njy martynda Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifa Türkmenistana döwlet saparyny amala aşyrdy. Oňa gabatlanyp, türkmen-bahreýn işewürler maslahaty geçirildi. Maslahatyň jemleri boýunça Türkmenistanyň Söwda-senagat, gaz we gazhimiýa, himiýa pudaklarynda özara hyzmatdaşlyk etmek barada birnäçe resminamalara gol çekildi. Ýokary derejeli gepleşikleriň jemleri boýunça bank, sport, bilim, syýahatçylyk, medeniýet, elektron hökümet, ulag, syýasy-diplomatik, jemgyýetçilik guramalary babatda gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalar hem dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe boldy. Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifa Türkmenistanyň ýokary döwlet sylagynyň «Bitaraplyk» ordeniniň gowşurylandygyny hem aýratyn bellemelidiris.
Hormatly Prezidentimiziň Bahreýne ilkinji resmi sapary diňe bir türkmen-bahreýn gatnaşyklarynda däl, eýsem, Aýlagyň Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygynda-da möhüm wakadyr. Ýeri gelende bellesek, hut Türkmenistanyň hem-de Bahreýniň başlangyjy boýunça Merkezi Aziýanyň we Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza döwletleriň hyzmatdaşlygynyň täze formaty döredildi. Agzalan sebitleriň daşary işler ministrleriniň 2022-nji ýylyň sentýabrynda Er-Riýadda geçirilen I duşuşygynda 2023 — 2027-nji ýyllar üçin bilelikdäki hereketleriň Meýilnamasy kabul edildi. Ol söwda, maýa goýum, bilim, medeniýet, sport ulgamlary boýunça özara hereketleri utgaşdyrmaga gönükdirilendir. Taraplar 2023-nji ýylda Astanada bu täze formata gatnaşyjy ýurtlaryň birinji ykdysady forumyny geçirmegi makulladylar.
Hormatly Prezidentimiziň Manama sapary işewürlik gatnaşyklarynyň sahypasynda täze mümkinçilikleri açdy. Resmi saparyň ilkinji çäresiniň ýurduň Ykdysady ösüş geňeşiniň Baş dolandyryş binasynda geçirilen bu düzümiň ýerine ýetirýän işleri, maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşlykdan başlanmagy tötänden däldir. Bahreýniň Ykdysady ösüş geňeşi ýurda maýadarlary çekýän, maýa goýumlary höweslendirýän agentlik bolup, ol işewürlik gurşawyny ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlary goldaýar. Tanyşdyrylyşda nygtalyşy ýaly, bu ýerde ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, oňa daşary ýurt maýasyny işjeň çekmek üçin amatly ýagdaý döredilipdir. Bahreýniň ykdysady strategiýasyny işläp taýýarlamak we ony durmuşa geçirmek barada gürrüň berýän wideoşekillerde nygtalyşyna görä, häzirki wagtda ýurtda 30 milliard amerikan dollaryndan gowrak strategik ähmiýetli taslamalar durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz öz çykyşynda ýurdumyzda maliýe-bank düzümini, senagat toplumyny düýpli özgertmek, hususy ulgamy höweslendirmek we goldamak, onuň ykdysadyýetdäki paýyny artdyrmak boýunça maksadalaýyk işleriň alnyp barylýandygyny, bahreýnli işewürler üçin türkmen bazarynyň açykdygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyzyň bilelikdäki işewürler geňeşini döretmegi hem-de iki ýurduň telekeçileriniň sergisini geçirmegi teklip etmegi işewür düzümleriň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmek, maýa goýum işini giňeltmek üçin oňat esas bolar.
Ýeri gelende bellesek, 2019-njy ýylyň 16-17-nji martynda Aşgabatda, 27-nji noýabrda Manamada geçirilen bilelikdäki türkmen-bahreýn işewürler forumlary ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmekde möhüm ähmiýete eýe boldy. Ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň barşynda Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifanyň: «Biz Türkmenistan bilen strategik gyzyklanmalarymyzy berkidýän we ösdürýän ähli ugurlary göz öňünde tutýan özara ylalaşylan bilelikdäki meýilnamalarymyza esaslanyp, geljegi nazarlaýarys» diýen sözleri bu sapara dostlukly döwletde näderejede uly ähmiýet berilýändigine ýene bir gezek güwä geçýär.
Hormatly Prezidentimiziň Bahreýne ilkinji resmi saparynyň ýokary derejede geçendigine Arkadagly Serdarymyzyň Şeýh Isa bin Salman Al Halifa adyndaky birinji derejeli orden bilen sylaglanmagy hem aýdyň şaýatlyk edýär. Döwlet Baştutanymyz bu ýokary sylaga Türkmenistana we onuň halkyna çuňňur hormatyň, ýurtlarymyzyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň mizemezliginiň nyşany hökmünde garaýandygyny nygtady.
Arkadagly Serdarymyzyň Manama resmi saparynyň barşynda medeni mirasyň, taryhyň iki döwletiň arasyny baglanyşdyrýan mäkäm köprüdigine magat göz ýetirdik. Hormatly Prezidentimize Bahreýniň Patyşasynyň «Safiriýýa» köşgünde ýerleşen atçylyk sport meýdançasynda arassa ganly arap atlarynyň, şeýle hem ahalteke bedewleriniň görkezilişi guraldy. Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifa hem 2019-njy ýylda Türkmenistana resmi sapary wagtynda Halkara ahalteke atçylyk toplumyna baryp görüpdi.
Türkmen döwletiniň Baştutanyna ajaýyp arap tohum atlarynyň ikisiniň sowgat berilmegi Bahreýniň Patyşasynyň hormatly Prezidentimiziň hyzmatlaryna aýratyn uly sylag-sarpasynyň subutnamasy boldy. Şonda hyýalymyzda «Görogly» şadessanyndan Jygalybegiň ýaşajyk Röwşene entek dünýäde deňi-taýy ýok aty seýisläp bermek üçin arap atynyň gözleginde jepa çekişi, iki gözünden mahrum bolsa-da, agtygy üçin ýelden ýüwrük aty peşgeş berýän pursatlary janlandy. Hawa, araplar hem, türkmenler ýaly, atyny janyndan eziz görýärler, oňa baha kesmeýärler.
Türkmenistan hem, Bahreýn hem atçylyk sporty babatda dünýä nusgalyk işleri bitirýärler. Arkadagly Serdarymyzyň dostlukly ýurda sapary atçylyk sporty babatda ozal toplanan tejribäniň üstüni ýetirdi. 2019-njy ýylyň 14-nji aprelinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Manamadaky «Mara’ee-2019» halkara serginiň açylyşyna gatnaşdy. Bu ýere türkmen bedewlerini synlamaga Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifanyň özi gelipdi.
Hormatly Prezidentimiziň Bahreýniň Milli muzeýine baryp görmegi, hakykatdan-da, taryhyň jümmüşine gaýybana syýahat boldy. Bahreýn diýlende, gadymdan bäri dünýäniň dür söwdasynyň merkezi göz öňüne gelýär. Aýlagda ýerasty çogup çykýan süýji suwlaryň duzly suwa garyşmagyndan döreýän ajaýyp dür suwa dünýäniň başga ýerinde taý ýokdur. Şumer hudaýlarynyň biri — parasadyň, ýerüsti we ýerasty suwlaryň hudaýy Enkiniň egninden balyklar ýüzýän iki sany çeşme akýan merdemsi batyryň görnüşinde şekillendirilmegi hem tötänden däldir. Muzeýiň aýratyn bölüminde bahreýnlileriň gadymy senedi bolan dür-merjeniň alnyşy suratlandyrylypdyr. Ýurdumyzyň adyndan muzeýe ajaýyp türkmen halysynyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň ahalteke bedewlerine bagyşlanan kitabynyň sowgat berilmegi dünýä jahankeşdelerine türkmen halkynyň medeni mirasy bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berer.
Resmi saparyň barşynda Hökümetleriň arasynda senetçilik we däp-dessurlar babatda özara düşünişmek hakynda gol çekilen ähmiýetli Ähtnamanyň, şeýle hem Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Bahreýn Patyşalygynyň Medeniýet we gadymyýet müdirliginiň arasynda 2023 — 2027-nji ýyllar aralygynda medeniýet babatda hyzmatdaşlygy ýerine ýetirmegiň Maksatnamasynyň çäklerinde, geljekde muzeý işi boýunça iki döwletiň arasynda netijeli işler alnyp barlar.
Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Bahreýn Patyşalygynyň Daşary işler ministrliginiň Mohammed bin Mubarak Al Halifa adyndaky Diplomatik bilimleri akademiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi iki ýurduň arasynda halkara gatnaşyklar ugrundan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda tejribe alyşmagyň hukuk binýadyny goýdy. Ýeri gelende bellesek, bu akademiýa 2019-njy ýylyň 1-nji awgustynda ozalky diplomatiýa institutynyň binýadynda döredilip, oňa bahreýn diplomatiýasynyň düýbüni tutujy, ýurduň ilkinji daşary işler ministri Mohammed bin Mubarak Al Halifanyň ady dakyldy.
Aýlag sebitiniň dünýä geosyýasatynda, geoykdysadyýetinde eýeleýän orny iňňän uludyr. Bu babatda Hazarýaka sebitiň ähmiýeti-de agzalan sebitden pes däldir. Hazarýaka sebit — Ýewraziýanyň ýüregi. Hut şu ýerde Ýewropa bilen Aziýanyň «nikasy gyýlyp», bagry badaşýar. Wolga — Ural derýa aralygyndan Aýlag sebitine tarap uzaýan Ýewraziýanyň «zerrin guşagy» hut Hazaryň üstünden geçýär. Hazar deňzi hem-de Aýlag sebiti — dünýäniň iri energetika ýatagy. Hasaplamalara görä, dünýäniň barlanan tebigy gaz gorlarynyň 40 göterimden gowragy Hazarýaka we Aýlag sebitinde jemlenen. Hazar suw howdanynda uglewodorod serişdeleriniň çaklanýan ätiýaçlyk gorlary şertli ýangyjyň 18 milliard tonnasy (subut edilen ätiýaçlyk gorlary 4 milliard tonna çenli) möçberinde bahalandyrylýar. Munuň özi nebitiň we gazyň ätiýaçlyk gorunyň möçberi boýunça Hazar Aýlagdan soňra ikinji orunda durýar diýildigidir. Şu aýdylanlardan çen tutulanda, hormatly Prezidentimiziň Bahreýn Patyşalygyna amala aşyran ilkinji resmi sapary diňe ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň nukdaýnazaryndan däl, eýsem, Hazarýaka we Aýlag sebitleriniň özara goşulyşmagynda hem möhüm ähmiýetli ädim boldy.
Şu pursatdan peýdalanyp, ýokary derejede amala aşyrylan sapara gatnaşmaga döreden mümkinçilikleri üçin, Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys. Goý, hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman bolsun! Döwletli işleri elmydama üstünliklere beslensin!
Jumamyrat GURBANGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory,
taryh ylymlarynyň kandidaty.