
292
AWAZA − HALKLARY BIRŞEDIREN KÖPRI
Mälim bolşy ýaly, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty üstünlikli geçirildi. Birinji nobatda, maslahatyň gün tertibine çykarylan meseleler babatda oňyn çözgütler kabul edildi. Ol diňe halkymyzda däl, dünýäniň ähli halklarynda-da çuňňur kanagatlanma duýgusyny döretdi. Ilki bilen, şuny aýtmalydyrys. Türkmenistan şular ýaly wekilçilikli halkara çäreleri abraý bilen geçirmäge ukyply döwletdigini ýene bir gezek görkezdi. Bu — uly zat. Bu hemmelere başardyp hem barmaýar. Munuň üçin ýokary derejedäki infrastrukturalar — döwrebap myhmanhanalar, kottejler, ýokary tizlikli internet we halkara derejä laýyk gelýän aragatnaşyk we ulag hyzmatlary, iýmit we saglygy goraýyş, howpsuzlyk meseleleri ýaly bir topar zeruryýetler, ýene-de ýokary derejede, birkemsiz hyzmat etmegi başarýan işçi-hünärmenler we elbetde, tejribe gerek. Bulardan daşgary, belki, iň esasysy-da şulardyr — ýurduň abraýy we asudalygy gerek.
Şeýlelikde, bu halkara maslahat dünýäde ösüp barýan döwletleriň öz meselelerini dünýä syýasaty bilen utgaşyklylykda çözmäge girişýändigini görkezdi. Bu döwletler duýarlykly güýç bolup durlar, olarda tebigy serişdeler-de, adam sany-da ýeterlik. Olaryň agzybirlik bilen mümkinçiliklerini jemläp hem-de bileleşip hereket etmegi, maksatlaryny aýyl-saýyl kesgitlemegi zerur. Şunda esasy mesele mümkinçiliklere baglydyr, şolary döretmek bolsa, ilkinji nobatda, ösüp barýan ýurtlaryň özüne baglydyr. Merkezi Aziýa döwletleriniň üstünlikli tejribesi-de muny tassyklaýar. Hut ösüş-özgerişde bolýandygy üçin bu döwletlere uly işler garaşýar we olara amal etmekde zerur bolan islegi we hyjuwy hut şu döwletleriň özi üpjün edip biler. Awaza forumy meseleleriň kimdir biriniň çözüp bermegine garaşyp oturman, hut özüň, onda-da häzirden çözmäge girişmäge çalyşmalydygyny öwretdi.
Ýer ýüzünde deňze çykalgasy bolmadyk 44 döwlet bolup, şolaryň 32-si ösüp barýan ýurtlardyr. Olarda 600 milliona golaý adam ýaşap, munuň özi dünýäde her on dördünji adam diýmekdir. Olaryň hekaýatlary dürli-dürli bolsa-da, maksatlary umumy: tagallalary birleşdirmek, ösüşiň täze gözýetimlerini açmak, geografik aýratynlyklary artykmaçlyklara öwürmek. Awaza maslahatynyň maksady-da şol tagallalary has ilerletmekden ugur alýar.
Ine, Hazar kenarynda şeýle oýlary serimde aýlap, giň-giden giňişlige ser salyp durun. Ýaýylyp ýatan gözýetim, mawy alyslyk ynsana, gör, nähili umyt berýär, göwnügiňlik bagyşlaýar. Awaza — açyklygyň, aýdyňlygyň nyşany. Hazar — mümkinçilikleriň deňzi. BMG-niň Awaza forumy hem bu hakykaty ýene bir gezek tassyklady. Agyp-dönüp duran dünýäniň ýönekeý bolmadyk şindiki çagynda döwletleriň 100-den gowragynyňdyr halkara guramalaryň 50-ä golaýynyň başyny birikdirip, olara hyzmatdaşlygyň köpugurly meýdançasyny hödürläp bilendigi bolsa Bitarap Türkmenistanyň nobatdaky örän uly syýasy-diplomatik üstünligidir.
Forumyň çäginde ilkinji gezek Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň aýratyn zerurlyklary hem-de ösüş ulgamynda olaryň öňünde durýan aýratyn meseleler barada maglumatlary ýaýratmagyň halkara gününiň bellenilmegini hem onuň üstünlikleriniň hatarynda agzamak bolar. BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili Rabab Fatimanyň sözleri bilen aýtsak, indi her ýylyň 6-njy awgustynda belleniljek bu sene özboluşly geografik ýerleşişe eýe bolan döwletleriň gabat gelýän kynçylyklaryna üns çekmek üçin goşmaça mümkinçilikleri döreder.
BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynda aýdylan pikirlerden, edilen gürrüňlerden çen tutup, bu ýurtlaryň hereketdedigini, diýmek, ösüşdedigini görmek bolýar. Diýmek, ýene birnäçe ýyldan bu ýurtlaryň käbiriniň ösüp barýan däl-de, ösen ýurtlaryň hataryna geçmegine garaşyp bolar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda halkymyz parahatçylyk we ösüş ýoly bilen ynamly öňe ýöräp, belent sepgitlere ýetýär. Ýokary wekilçilikli forum Türkmenistanyň halkara abraýyny has-da berkitdi. Bu maslahat ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň, ählumumy abadançylyga we durnukly ösüşe gönükdirilen maksatlaryna ýetmekde tagallalary birleşdirmäge taýýardygyny ýene bir gezek görkezdi.
Awaza forumynyň çäklerinde geçirilen birnäçe ugurdaş çäreler, şol sanda «Günorta-Günorta hyzmatdaşlygy: ösüşiň täze ugry» atly duşuşyk, Bütindünýä Söwda Guramasynyň maslahatlaşmasy, Zenan ýolbaşçylaryň forumy, «Arabaglanyşyk: araçägiň daşyndaky sanly mümkinçilikler» atly çäre, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan guralan «Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleri deňiz bilen baglamakda BMG-niň standartlaryny ulanýan sanly geçelgeler» atly çäre Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň geljekki on ýylyň dowamynda amala aşyrylmaly wezipelerini durmuşa geçirmegiň anyk ýollaryny kesgitlemäge ýardam berdi. Bu wezipeler wekilçilikli maslahatyň Başlygy tarapyndan hödürlenen Awaza syýasy Jarnamasynda beýan edildi. Jarnamada foruma gatnaşyjylaryň 2024 — 2034-nji ýyllar üçin deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynda kabul edilen borçnamalary ýerine ýetirmek babatda toplumlaýyn çäreleriň gaýragoýulmasyz ýagdaýda kabul edilmegine berk ygrarlydygy beýan edilýär.
Hereketleriň Awaza maksatnamasynda kesgitlenen we Awaza syýasy Jarnamasynda beýan edilýän wezipeleri amala aşyrmakda Türkmenistanyň Hökümetiniň, ykdysady, syýasy, jemgyýetçilik düzümleriniň öňünde-de jogapkärli hem-de möhüm işler durýar. Bu işlere üstünlikli hötde gelmek eziz Watanymyzyň halkara abraýy üçin-de, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşlerini mundan beýläk-de güýçlendirmek üçin-de ähmiýetli wezipe bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary esasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik işleriň mundan beýläk-de uly rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris. Halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, adamzadyň abadan ösüşiniň hatyrasyna Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Kaýum ZAHYROW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.
Latest News

21/09/2025
Halkyň ýürek owazy
21/09/2025
Döredijilik — birleşdiriji güýç