Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Bildirişler / 10-11-nji synp okuwçylarynyň arasynda daşky gurşawy goramak we ekologiýa medeniýeti boýunça internet bäsleşigi
    10-11-nji synp okuwçylarynyň arasynda daşky gurşawy goramak we ekologiýa medeniýeti boýunça internet bäsleşigi surady
    17/05/2023

    7242

    10-11-nji synp okuwçylarynyň arasynda daşky gurşawy goramak we ekologiýa medeniýeti boýunça internet bäsleşigi

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkezi tarapyndan
    Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä güni mynasybetli
    ýurdumyzyň umumy bilim edaralarynyň 10-11-nji synp okuwçylarynyň arasynda
    daşky gurşawy goramak we ekologiýa medeniýeti boýunça internet bäsleşiginiň
    DÜZGÜNNAMASY

    Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz tarapyndan dünýäde howpsuzlygy, ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmak, durnukly ösüşe ýardam bermek, hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmek babatda beýik işler amala aşyrylýar. Bitarap Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak babatda amala aşyrýan ägirt uly işleri, dünýä ähmiýetli oňyn başlangyçlary dünýäde uly goldawa eýe bolýar.
    Ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, eziz Diýarymyzy bagy- bossanlyga öwürmek, ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmak, gözel tebigatymyzy aýawly saklamak boýunça giň möçberli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär.
    Ýurdumyzyň baýlyklaryny gorap saklamakda, olary rejeli peýdalanmakda, daşky gurşawyň zaýalanmagynyň öňüni almakda ýaşlaryň düşünjesini we olaryň ekologiýa medeniýetini ýokarlandyrmak aýratyn ähmiýetli bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Diýarymyzyň umumy orta bilim berýän mekdepleriniň 10-11-nji synp okuwçylarynyň arasynda Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä güni mynasybetli olaryň daşky gurşawy goramak bilen baglanyşykly düşünjesini ýokarlandyrmak maksady bilen, Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkeziniň gurnamagynda internet arkaly geçiriljek bäsleşik bu maksatlara ýetmekde möhüm ädimleriň biri bolar.

    Bäsleşigiň maksady

    Bäsleşigiň maksady ýaşlaryň daşky gurşawy goramak meseleleri boýunça düşünjesini we ekologiýa medeniýetini ýokarlandyrmak bolup durýar. Şu bäsleşigi sanly bilim ulgamyny ösdürmäge we bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron maglumatlary bilen üpjün etmäge, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmaga, hiliniň dünýä derejesine laýyk bolmagyny üpjün etmäge we okatmagyň usulýetini kämilleşdirmäge gönükdirilen sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýadan ugur alnyp internet arkaly geçirmeklik göz öňünde tutulýar.

    Bäsleşigiň guramaçylyk üpjünçiligi

    Ýurdumyzyň umumy orta bilim berýän mekdepleriniň 10-11-nji synp okuwçylarynyň arasynda internet arkaly geçiriljek bäsleşigi guramak we geçirmek boýunça umumy ýolbaşçylygy amala aşyrmak boýunça guramaçylyk topary döredilýär. Guramaçylyk toparynyň düzümi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektorynyň Buýrugy bilen tassyklanylýar.

    Bäsleşigiň geçirilişiniň tertibi

    1. Bäsleşige Türkmenistanyň umumy orta bilim berýän mekdepleriniň 10-11-nji synp okuwçylary gatnaşyp bilerler;
    2. Bäsleşigiň dili türkmen dilidir;
    3. Bäsleşikde gatnaşyjylara şu edebiýatlardan düzülen 100 sany test soragy hödürlener:

    Berdimuhamedow G. Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2018.

    Geldiýew R., Kiçiýew A. Ýaşaýyş-durmuş esaslary. Umumy orta bilim berýän mekdepleriň X synpy üçin okuw kitaby. Ikinji neşir. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2020.

    Muhammetberdiýew Ö., Süleýmanow S. Jemgyýeti öwreniş. Umumy orta bilim berýän mekdepleriň X synpy üçin okuw kitaby. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2020.

    Durdyýew S., Ymamgulyýew B. Umumy biologiýa. Umumy orta bilim berýän mekdepleriň XI synpy üçin synag okuw kitaby. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2014.

    Durdyýew S. we başg. Ekologiýa. Umumy orta bilm berýän mekdepleriň X synpy üçin okuw kitaby. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2013.

    4. Bäsleşik üçin jemi berilýän wagt – 100 minut.
    Bäsleşige gatnaşýan okuwçy soraglary özbaşdak işlemeli. Bäsleşik geçýän wagty gatnaşyjylara ýoldaşy bilen gürleşmäge, öýjükli telefondan we beýleki habar beriş serişdelerinden, edebiýatlardan peýdalanmaga rugsat berilmeýär. Şu düzgüni bozan okuwçy bäsleşige gatnaşyjylaryň hataryndan çykarylýar. Bäsleşigiň guramaçylyk talaplaryny gatnaşýan okuwçylaryň mekdep müdiri üpjün etmäge borçludyr.
    Okuwçy ýumuşlary ýerine ýetirýän wagtynda degişli soraglar bilen bäsleşigiň gurnaýjylaryna ýa-da kompýuter otagynyň tehniki işgärlerine ýüz tutup biler.
    Bäsleşikde hödürlenjek soraglar Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty tarapyndan düzüler.

    Bäsleşigiň geçiriljek ýerleri:

    Aşgabat şäheri we Ahal welaýaty – Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda;
    Balkan welaýaty – Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň şahamçasynda;
    Daşoguz welaýaty – Türkmen oba hojalyk institutynda;
    Lebap welaýaty – S.Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda;
    Mary welaýaty – Türkmen Döwlet energetika institutynda.

    Bäsleşige gatnaşmak isleýän umumy orta bilim berýän mekdepleriň 10-11-nji synp okuwçylary özleri hakyndaky maglumaty aşakdaky nusga laýyklykda
    2023-nji ýylyň 12-nji maýyna çenli sdgcentre40@gmail.com elektron salga  ugratmaly.

    Orta mekdebiniň ady/belgisi

    T/b
    Familiýasy, ady, atasynyň ady
    Okuw ýyly
    3*4-lik suraty
    1.



    2.



    3.



    4.



    5.



         Habarlaşmak üçin:
         Tel.:_______________
          Elektron salgy ________________
     
    Bäsleşik 2023-nji ýylyň 17-nji maýynda sagat 10:00 geçiriler we ähli gatnaşyjylar üpjün edilen login/açar arkaly goşular, bäsleşik bir wagtda geçiriler we ähli gatnaşyjylara ekran arkaly gözegçilik ediler.

    Bäsleşigiň ýeňijilerini kesgitlemek

    Bäsleşigiň netijesi toplanan ballaryň jemi boýunça kesgitlenýär.

    Ýeňijileri sylaglamak

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň I, II we III derejeli diplomlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanýar.

    Bu barada şu ýerde hem okap bilersiňiz:
    https://salamnews.tm/section/ylym-bilim/bilim/dasky-gursawy-goramagyn-butindunya-guni-mynasybetli-okuwcylaryn-arasynda-internet-olimiadasy-yglan-edildi-a51f05 


    TDIM HGI Olimpiada

    OLIMPIADANYŇ NETIJELERI:

    Soňky täzelikler

    II halkara bäsleşigine gatnaşyjylaryň MAKSATNAMASY surady

    06/05/2025

    II halkara bäsleşigine gatnaşyjylaryň MAKSATNAMASY
    II halkara bäsleşik surady

    28/04/2025

    II halkara bäsleşik
    ÜNS BERIŇ, BÄSLEŞIK! surady

    22/04/2025

    ÜNS BERIŇ, BÄSLEŞIK!
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI