04/06/2024
2134
YRAK RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ORUNBASARY BILEN GEÇIRILEN DUŞUŞYK
2024-nji ýylyň 4-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Yrak Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mohammed Bahr Al-Ulum bilen duşuşyk geçirildi. Oňa Milli diplomatiýanyň ýokary okuw mekdebiniň professor mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Duşuşygyň barşynda hormatly myhman Türkmenistan bilen Yrak Respublikasynyň arasyndaky syýasy-diplomatik hem-de ylym-bilim ugurlar boýunça üstünlikli alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň aýratynlyklary barada gürrüň berdi. Şeýle-de, Yrak Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mohammed Bahr Al-Ulum talyplary özüniň baý iş tejribesi bilen tanyşdyrdy.
Täsirli geçen duşuşygyň ahyrynda talyplar hormatly Ilçi bilen ýadygärlik suratyna düşdüler.
Merdan BERDINYÝAZOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
uly mugallymy.
Soňky täzelikler
20/05/2026
TÄSIRLI GEÇEN DUŞUŞYK
27/04/2026
TÄSIRLI GEÇEN DUŞUŞYK