
181
YKDYSADY DIPLOMATIÝA UGRY BOÝUNÇA OKUW SAPAGY
2025-nji ýylyň 18-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Ykdysady diplomatiýa” ugry boýunça institutyň “Ýaş ykdysatçylar” ylmy gurnagynyň agza talyplaryna “Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna goşulyşmak meýliniň ylmy taýdan esaslandyrylmagy” atly temadan okuw sapagy geçirildi. Okuw sapagyny Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy Sülgün Nepesowa alyp bardy. Bütindünýä söwda guramasyna goşulyşmak meýli häzirki döwürde halkara gatnaşyklarynyň sazlaşykly ösüşini üpjün etmekde örän wajypdyr. Okuw sapagynyň dowamynda halkara hyzmatdaşlykda ykdysady diplomatiýanyň milli bähbitleri goramakdaky wezipeleri barada bellenilip geçildi. Sapak sowal-jogap görnüşinde geçirilip, tlyplaryň sowallaryna anyk mysallaryň üsti bilen jogap berildi.
Şeker BATYROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň IV ýyl talyby.