Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
        • 2026-NJY ÝYLDA YLMYŇ UGURLARY BOÝUNÇA ASPIRANTURA, DOKTORANTURA KABUL EDILJEK ASPIRANTLARYŇ, DOKTORANTLARYŇ HEM-DE ALYMLYK DEREJELERINE DALAŞGÄRLIGE HASABA ALYNJAK DALAŞGÄRLERIŇ SANY BARADA MAGLUMAT
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • SANLY ULGAM ARKALY GEÇIRILEN DUŞUŞYK
        • Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Daşary işler ministrliginiň Diplomatiýa institutynyň direktory bilen duşuşdy
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
        • ILÇINIŇ GATNAŞMAGYNDA UMUMY SAPAK GEÇIRILDI
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
        • Täsirli duşuşyk
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Media
    Esasy / Geçirilen duşuşyklar / ÝEWROPA HOŞNIÝETLI GOŇŞUÇYLYK GEŇEŞINIŇ DOLANDYRYJY DIREKTORY BILEN GEÇIRILEN DUŞUŞYK
    ÝEWROPA HOŞNIÝETLI GOŇŞUÇYLYK GEŇEŞINIŇ DOLANDYRYJY DIREKTORY BILEN GEÇIRILEN DUŞUŞYK
    ÝEWROPA HOŞNIÝETLI GOŇŞUÇYLYK GEŇEŞINIŇ DOLANDYRYJY DIREKTORY BILEN GEÇIRILEN DUŞUŞYK
    15/12/2025

    782

    ÝEWROPA HOŞNIÝETLI GOŇŞUÇYLYK GEŇEŞINIŇ DOLANDYRYJY DIREKTORY BILEN GEÇIRILEN DUŞUŞYK

    2025-nji ýylyň 15-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Ýewropa hoşniýetli goňşuçylyk geňeşiniň dolandyryjy direktory (ENC) Samuel Doweri Westerbýunyň hem-de institutyň rektory Gülşat Ýusupowanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sapar Palwanow hem gatnaşdy.
    Duşuşygyň esasy maksady Ýewropadaky Merkezi Aziýa boýunça öňdebaryjy merkez bolan Ýewropa hoşniýetli goňşuçylyk geňeşiniň (ENC), Türkmenistanyň energetika, ulag we howpsuzlyk meseleleri boýunça halkara syýasatynyň gidişini we Ýewropa Bileleşigi üçin mümkin bolan hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen ENC-niň arasynda, ylmy-barlag we analitiki alyş-çalyş arkaly hyzmatdaşlygy ýola goýmakdan ybarat boldy. Onda taraplar esasan energetika, ylym-bilim babatyndaky hyzmatdaşlyk hem-de sebitde howpsuzlyk we parahatçylyk ýaly möhüm ugurlary ara alyp maslahatlaşdylar. Energetika ugry boýunça, türkmen gazyny Ýewropa bazarlaryna eltmegiň mümkinçilikleri we Transhazar gazgeçirijisiniň geljegi bilen baglanyşyklylykda Türkmenistanyň “ýaşyl” energiýa potensialyny öwrenmek ýaly meseleler gozgaldy.
    Ylym we bilim hyzmatdaşlygynda bolsa, hünärmenleriň ÝB-däki syýasy-seljeriş işlerine gatnaşmak, gysga möhletli okuw-tejribelik maksatnamalaryny guramak ýaly ugurlar boýunça bilelikdäki mümkinçilikler maslahatlaşyldy.
    Samuel Doweri Westerbýu ENC-niň goňşy sebitler we Merkezi Aziýa boýunça alyp barýan barlag taslamalaryna, şol sanda Akademiki Geňeşiň agzalarynyň işine gözegçilik edýär. Onuň barlag işleri esasan ÝB bilen Ýakyn Gündogar we Demirgazyk Afrika (MENA) hem-de ÝB bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklara, şol sanda söwda, energetika, migrasiýa we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyna gönükdirilendir. Ol köp sanly barlag işleriniň, şol sanda “Palgrave Macmillan” neşirinde çap edilen “ÝB-niň Gündogar gapdalyndaky howpsuzlyk güýçlerini dolandyrmak” atly kitabyň hem awtorydyr.
    ÝB bilen köp ýyllaryň dowamyndaky hyzmatdaşlygyň hereket edýän taslamalaryň, maksatnamalaryň, hususan-da, «Ýewropa Bileleşigi — Türkmenistan» bilelikdäki komitetiniň, parlamentara dialogynyň, adam hukuklary boýunça dialogynyň, daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky geňeşmeleriň çäklerinde yzygiderli ilerledilýändigi nygtaldy. Duşuşygyň dowamynda gazanylan üstünlikler we geljekki hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.

    Şyhdurdy ŞYHYÝEW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    SANLY ULGAM ARKALY GEÇIRILEN DUŞUŞYK surady

    30/01/2026

    SANLY ULGAM ARKALY GEÇIRILEN DUŞUŞYK
    Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Daşary işler ministrliginiň Diplomatiýa institutynyň direktory bilen duşuşdy surady

    28/01/2026

    Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Daşary işler ministrliginiň Diplomatiýa institutynyň direktory bilen duşuşdy
    BILIM ULGAMYNDA TÜRKMEN-ÝAPON HYZMATDAŞLYGYNA BAGYŞLANAN DUŞUŞYK surady

    15/01/2026

    BILIM ULGAMYNDA TÜRKMEN-ÝAPON HYZMATDAŞLYGYNA BAGYŞLANAN DUŞUŞYK
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI