Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Wakalar / Ýaşlary telekeçilige giňden çekmäge bagyşlanan okuw sapary
    Ýaşlary telekeçilige giňden çekmäge bagyşlanan okuw sapary surady
    07/06/2021

    1297

    Ýaşlary telekeçilige giňden çekmäge bagyşlanan okuw sapary

    2021-nji ýylyň 7-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň guramagynda Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň talyplary nazaryýetde alan bilimlerini tejribelikde berkitmeklik maksady bilen, ýaşlary telekeçilige giňden çekmek meselesine bagyşlanan “Muhammet-Balkan” hojalyk jemgyýetiniň “MB-shoes” önümçilik kärhanasyna okuw saparyny amala aşyrdylar.

    Talyplar “Muhammet-Balkan” hojalyk jemgyýetiniň 2019-njy ýylda ýola goýan “MB shoes” we “Meňli shoes” nyşanly özümizde öndürilýän, milli gönümizden taýýarlanylýan döwrabap aýakgaplaryň taýýarlanylyşyny önümçiligiň dowamynda synladylar we önümçiligiň gidişi barada kärhananyň ýolbaşçysynyň beren gürrüňlerini diňlediler. Ähli aýakgaplaryň amatlylygy, ýokary hilliligi we elýeterligi talyplaryň milli önümlerimize bolan islegini has hem artdyrdy.

    “Muhammet-Balkan” hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysynyň aýdyp bermegine göra häzirki wagtda müşderilere 30-46 ölçeglerdäki we çaga aýakgaplary hödürlenýär. Aýakgaplar dabanynyň berkligi we könelmezlige durnuklylygy bilen alyjylary özüne çekýär.

    Aýakgaplaryň italýan dizaýny esasynda ýerli çig maldan taýýarlanylýandygy we häzirki wagtda kärhananyň önümçilik kuwwatlylygy ýyllyk 85 müň jübüt aýakgaba barabardygyny aýtmak bilen telekeçiniň öz sözüni jemlemekligi talyplaryň telekeçilik işine bolan höwesini has hem artdyrdy. Talyplary özüne çeken zatlaryň ýene-de biri “MB-shoes” kompaniýasynyň dükanynyň girişinde asylyp goýlan, elde taýýarlanylan gadymy aýakgap boldy. Telekeçiniň aýtmagyna görä, bu aýakgap onuň atasynyň atasyndan galypdyr. Okuw saparynyň ahyrynda talyplar kärhananyň ýolbaşçysynyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar aldylar we ýadygärlik surata düşdüler.

    Arslankerim KERIMOW,

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

    Halkara gatnaşyklary institutynyň

    Halkara ykdysady gatnaşyklary

    fakultetiniň 2-nji ýyl talyby

    Soňky täzelikler

    BAÝRAMÇYLYGA BAGYŞLANAN GEZELENÇ surady

    22/05/2025

    BAÝRAMÇYLYGA BAGYŞLANAN GEZELENÇ
    “TALYP JOŞGUNY – 2025” ATLY DÖREDIJILIK FESTIWALY surady

    22/05/2025

    “TALYP JOŞGUNY – 2025” ATLY DÖREDIJILIK FESTIWALY
    DAŞARY ÝURTLY MYHMANLAR ÜÇIN WATANYMYZYŇ TARYHY ÝADYGÄRLIKLERINE GEZELENÇ surady

    13/05/2025

    DAŞARY ÝURTLY MYHMANLAR ÜÇIN WATANYMYZYŇ TARYHY ÝADYGÄRLIKLERINE GEZELENÇ
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI