196
«Ýaş ykdysatçylar» ylmy gurnagynyň nobatdaky geçirilen duşuşygy
2025-nji ýylyň 25-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň guramagynda «Ýaş ykdysatçylar» ylmy gurnagynyň duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň mugallymlary we talyplary gatnaşyp, ony Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň III ýyl talyby Güljeren Ataýewa alyp bardy.
Sapagyň dowamynda Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň III ýyl talyplary Güljeren Ataýewa, Laçyn Annaçaryýewa dagylar «Häzirki wagtda emeli aňyň jemgyýete ýetirýän täsiri» atly tema bilen çykyş etdiler we olar emeli aňyň taryhy, geljegi, emeli aňyň ykdysadyýete goşýan goşandy, onuň adamyň durmuşyndaky orny barada gürrüň berdiler. Şeýle-de geljekde emeli aňy durmuşa ornaşdyrmakda ýüze çykýan käbir soraglaryň oňyn çözgütlerini tapmaga üns berilmelidigi bellenildi.
Duşuşygyň ahyrynda talyplar çykyş edenlere ýüzlenip, özlerini gyzyklandyrýan sowallaryna jogap aldylar.
Aýjeren GUTLYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň III ýyl talyby.