30/11/-0001
526
“Ýaş diplomatyň sesi” gazetiniň 18-nji sany çapdan çykdy
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň her aýda iki gezek neşir edilýän «Ýaş diplomatyň sesi» atly gazetiniň 18-nji sany 7 sahypa möçberinde çapdan çykdy. Ozaly bilen, gazetimiziň bu sanynyň iki ýarym sahypasynyň Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýewiň şu ýylyň 24-25-nji oktýabrynda ýurdumyza bolan döwlet sapary bilen baglanyşykly wakalara bagyşlanandygyny aýtmalydyrys.
Neşiriň 1-nji sahypasy institutymyzyň Halkara gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby Arslan Syýahatowyň «Birek-birege gol uzadýan hak dostlar» atly makalasy bilen açylýar. «Syýasy teswir» rubrikasynyň astyndaky makalada bu saparyň iki ýurduň arasynda täze sahypany açandygy bellenilip geçilýär. «Döwlet saparynyň dowamynda gol çekilen resminamalaryň 20-si ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda ozal bar bolan 120 ylalaşygyň üstüni ýetirdi» diýlip, makalada aýdylýar.
Gazetde bu döwlet saparyna bagyşlanan makalalaryň içinde Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Aýjahan Gulhanowanyň «Institutymyzyň täze hyzmatdaşy» atly makalasyny okap bilersiňiz. Gazetimiziň 1-nji we 3-nji sahypalarynda ýerleşdirilen bu makalada Gazagystan Respublikasynyň «Al-Farabi adyndaky gazak milli uniwersiteti» täjirçilik maksatly bolmadyk paýdarlar jemgyýetiniň rektorynyň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektorynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilendigi barada giňişleýin gürrüň berilýär. «Diýmek, biziň hyzmatdaşlyk edýän ýokary okuw mekdeplerimiz ozal 26 bolan bolsa, indi onuň sany 27-ä ýetdi. Munuň özi ozaldan hyzmatdaşlyk edip gelýän ýokary okuw mekdeplerimiziň 26-syna mahsus bolan gatnaşyklaryň täze hyzmatdaşymyz bolan Al-Farabi uniwersitetine mahsus boljakdygyny görkezýär» diýlip, makalada nygtalýar.
«Ýaş diplomatyň» sesi gazetimiziň 2-nji sahypasyny tutuşlygyna eýeleýän «Garaşsyzlygyň goşa kitaply goşa ganaty» atly syýasy söhbetdeşlik «Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna: syýasy söhbetdeşlik» atly rubrikanyň astynda ýerleşdirilipdir. Institutymyzyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyplary Tawus Akjaýewa, Dünýägözel Çaryýewa, Gurbanjemal Egirjäýewa tarapyndan taýýarlanylan bu söhbetdeşlik gazetimiziň baş redaktory, halypa mugallymymyz, «Soýuz hem Garaşsyzlyk» atly kitabyň awtory Täçgeldi Gutlyýew bilen guralypdyr.
Mälim bolşy ýaly, «Ýaş diplomatyň sesi» gazetiniň 17-nji sanynda ozal çap edilen «Garaşsyzlygyň goşa kitaply goşa ganaty» atly makalada ýoldaş mugallymymyz ýurdumyzyň Garaşsyzlygy babatda örän çuň manyly bir pikir aýdyp beripdi. «Eger Garaşsyzlygy ummandaky bir ägirt aýsberg hökmünde göz öňüne getirsek, bäsleşige ýazylan makalalaryňyzdan görnüşine görä, siz bu aýsbergiň diňe suwdan üstki gatlagyny görýärsiňiz. Emma suwdan aşaky esasy bölegini, ýagny üçden iki bölegine welin göz ýetirip bilmeýärsiňiz» diýlip, ol jogapda aýdylýar. Aýsbergiň aşaky gatlaklaryna göz ýetirmäge bagyşlanan bu söhbetdeşligiň dowamy bolan ikinji gürrüňdeşlikde ganatly kitaplary okamagyň 4 görnüşiniň 2-nji okalyşyna , ýagny 2-nji usuly, kalp, ýürek bilen okalyş usuly barada aýdylýar. Bu söhbetdeşlikde hormatly Prezidentimiziň «Garaşsyzlyk-bagtymyz» atly kitabynyň diňe bir 30 ýylda gazanylanlary jemleýän we baha berýän syýasy, ykdysady, medeni häsiýetli kitap däl-de, eýsem, Garaşsyzlygyň köp hakykatlaryna göz ýetirmekde, olary duýmakda ruhy ýol görkeziji şamçyrag kitapdygy, şeýle-de Garaşsyzlyk aýsberginiň diňe bir suwdan ýokarky bölegini däl-de, eýsem, aşakdaky esaslaryna we gözbaşlaryna göz ýetirmäge güýçli islegleri döredýändigi barada giňişleýin söhbet edilýär.
Gazetimiziň 3-nji sahypasynda çap edilen institutymyzyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby Meňli Hojamuhammedowanyň «Gazak žurnalistikasynyň aýratynlygy» atly makalasynda Olžas Süleýmenowyň «Аз и Я» kitaby bilen ilkinji tanyşlygy, gazak žurnalistikasynyň häsiýetli taraplary barada gürrüň berilýär. «Biz öň ezber žurnalist bolmagyň ýolunda nusga hökmünde hormatly Prezidentimiziň kitaplaryny, «Soýuz hem Garaşsyzlygy» okap ýören bolsak, indi ýene bir nusga kitap bilen tanşypdyk» diýip aýdylýar. Bulardan başga-da, institutymyzyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby Mätgurban Mätgurbanowyň «Poeziýanyň diplomatiýa goşandy» atly makalasynda Olžas Süleýmenowyň döredijiligi, onuň poeziýanyň üsti bilen diplomatik gatnaşyklara eden täsiri hakda gürrüň gidýär. Şeýle hem, bu sahypada Olžas Süleýmenowyň türkmen diline terjime edilen goşgularynyň 2-sini okap bilersiňiz.
Gazetimiziň 4-nji sahypasynda «Государства центральноазиатского региона» atly rubrikanyň astynda institutymyzyň Halkara gatnaşyklary fakultetiniň III ýyl talyby Serdar Rahymowyň «Внешнеполитические инициативы Республики Казахстан» makalasyna orun berlipdir. Onda Gazagystan Respublikasynyň Garaşsyzlygyny alan ýyllaryndan başlap, häzirki döwre çenli halkara giňişliginde öňe süren başlangyçlary yzarlanylýar.
Institutymyzyň halkara gatnaşyklary fakultetiniň mugallymy Akmuhammet Jumagulyýewiň «Туркменистан ─ ШОС: активизация взаимоотношений» atly makalasy Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döredilmeginiň 20 ýyllygyna bagyşlanypdyr. Onda şu ýyllaryň dowamynda bu gurama bilen Türkmenistanyň arasynda alnyp barlan hyzmatdaşlyklar hakda gürrüň edilýär. «В настоящее время Шанхайская Организация Сотрудничества является одной из ключевых структур в контексте международной политики в Азии» diýip, awtor belleýär.
Gazetimiziň 5-nji sahypasy okyjylary ýurdumyzda we halkara giňişliginde bolup geçen wakalar bilen tanyşdyrýar. Şeýle hem institutymyzyň Halkara gatnaşyklary fakultetiniň II ýyl talyby Baýnazar Nepesowyň «Parliamentary diplomaсy as an effective instrument» atly iňlis dilindäki makalasynda parlament diplomatiýasynyň aýratynlyklary açylyp görkezilýär.
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby Bakydurdy Garaýew «Žurnalistiň ussatlyk mekdebi» atly rubrikanyň astynda ýerleşdirilen «Nusgalyk söhbetdeşlik» atly makalasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň TASS agentliginiň baş direktorynyň birinji orunbasary Mihail Gusmana beren nusgawy interwýusynyň özünde galdyran täsiri barada gürrüň berýär.
«BMG-niň halkara günleri» atly rubrikanyň astynda institutymyzyň talyplarynyň rus we iňlis dillerinde taýýarlan makalalary ýerleşdirilipdir. Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby Mähri Hojaýewanyň iňlis dilinde ýazan «World cities day» makalasynda 2014-nji ýyldan bäri her ýylyň 31–nji oktýabrynda Bütindünýä şäherler gününiň dünýäde giňden bellenilýändigi aýdylýar. «Häzirki wagtda ilaty million adamdan geçýän şäherleriň hatarynda Tokio 1-nji orunda durýar. Onuň ilatynyň sany 38 million adamdan geçýär. Ikinji orundaky Moskwanyň ilat sany 16.8 million adama barabardyr» diýlip, makalada gyzykly maglumatlar berilýär.
Şonuň ýaly-da, bu sahypada institutymyzyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby Annaberdi Kaşaňowyň rus dilinde ýazan «24-ое октября – Всемирный день ООН » atly maglumatlara baý makalasyny hem okap bilersiňiz.
«Ýaş diplomatyň sesi» gazetiniň 6-njy sahypasynda «Türkmenistan halkara media giňişliklerinde», «Dünýä täzelikleri» atly rubrikalaryň esasynda Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyplary Ajaýyp Nobatowanyň we Annaberdi Kaşaňowyň rus we iňlis dillerinde taýýarlan birnäçe habarlary ýerleşdirilipdir.
Gazetimiziň 7-nji sahypasynda institutymyzyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Aýlar Atajykowanyň taýýarlan «Metbugat attaşesi bolasyňyz gelýärmi?» atly makalasyň bu hünär barasynda gyzykly maglumatlar berilýär. Onda Amangeldi Rahmanowyň «Diplomatik gullugyň esaslary» atly kitabynda «Metbugat attaşesi näme?» diýen soraga jogap tapyp bolýandygy, metbugat attaşesiniň diplomatik wekilhanalarda alyp barýan işleri barada täsirli aýdylyp geçilýär.
Şeýle hem, 7-nji sahypada Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň 3-nji ýyl talyby, «Garaşsyzlyk, Bitaraplyk - ösüşiň goşa ganaty» atly bäsleşiginiň 1-nji baýragynyň laureaty Toýly Muhammetdurdyýewiň «Milli medeniýetimiziň belent sarpasy» atly makalasyna orun berlipdir. Onda türkmen halkynyň milli medeniýetiniň we sungatynyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten belent sepgitleriniň üstünde giňişleýin durlup geçilýär.
Gazetiň elektron görnüşini Halkara gatnaşyklary institutynyň internet saýtynda www.iirmfa.edu.tm okap bilersiňiz.
E-@mail:diplomatyn.sesi@mail.ru
Aýgül MEREDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.