19/07/2025
201
Meýletinçiler BMG-niň Awaza forumyna taýýarlanýarlar
2025-nji ýylyň 19-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda şu ýylyň 4 – 8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň III maslahaty bilen bagly okuw sapagy geçirildi. Oňa ýurdumyzyň žurnalistika ugurly ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyp ýaşlaryndan saýlanan terjimeçiler, meýletinçiler, ýaş habarçylardyr wagyzçylar gatnaşdylar.
Okuw sapagynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiri, professor Atajan Burunow, şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Ylmy işler boýunça prorektory Begenç Mätliýew çykyş etdiler. Çykyşlarda bu iri halkara maslahata görülýän ýokary derejeli taýýarlyk işleri dogrusynda nygtalyp, onuň çäklerinde geçiriljek syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlary öz içine alýan baý mazmunly çäreleriň ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Okuw sapagynyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň döwletimizde, dünýäde halkara ulag-logistika ulgamyny ösdürmek babatda alyp barýan işlerini beýan etmekde ýaş wagyzçylaryň öňünde durýan wezipeler düşündirildi. Şol sanda Watanymyzyň halkara giňişliginde gazanýan üstünliklerini köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde şöhlelendirmegiň ähmiýeti barada gürrüň edildi. Şeýle hem okuw sapagy meýletinçi talyplaryň goşmaça bilim endikleriniň kämilleşmegine, diplomatik protokol we etiket boýunça düşünjeleriniň artmagyna getirdi.
Aýşirin DÖWLETOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň
III ýyl talyby.