Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi bilen Erkin Söwda Zolaklarynyň Sekretariatynyň Medeniýet meseleleri boýunça orunbasarynyň arasynda geçirilen duşuşyk
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • Parahatçylyk we ösüş üçin bütindünýä ylymlar güni
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
        • ÝUNESKO 15-nji dekabry — Türki diller maşgalasynyň Bütindünýä güni hökmünde yglan etdi
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
        • HALYPA DIPLOMAT BILEN ÝOKARY SYNP OKUWÇYLARYŇ ARASYNDA GEÇEN TÄSIRLI DUŞUŞYK
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
        • «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY» ATLY AKYL-PAÝHAS BÄSLEŞIGINIŇ V MÖWSÜMINE BADALGA BERILDI
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Geçirilen duşuşyklar / Günüň dogýan ýurdunyň wekiliýetiniň türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebine amala aşyran sapary
    Günüň dogýan ýurdunyň wekiliýetiniň türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebine amala aşyran sapary
    Günüň dogýan ýurdunyň wekiliýetiniň türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebine amala aşyran sapary
    Günüň dogýan ýurdunyň wekiliýetiniň türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebine amala aşyran sapary
    05/09/2023

    2738

    Günüň dogýan ýurdunyň wekiliýetiniň türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebine amala aşyran sapary

    Türkmenistan Ýaponiýa bilen ýola goýlan gatnaşyklara, dostluk, birek-birege ynanyşmak, özara düşünişmek esasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýär. Türkmen-ýapon gatnaşyklary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça üstünlikli ilerledilýär. Türkmen we ýapon gatnaşyklary barada gürrüň edilende bu iki halkyň medeniýetiniň hem-de milli mirasyna, däp-dessurlaryna sarpa goýmaga bolan hyjuwly häsiýetiniň, ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň meňzeşdigini belläp geçmek zerurdyr. Bu halkyň medeniýeti we dili üýtgeşikliligi bilen ünsüňi özüne çekýär. Muňa mysal hökmünde “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip yglan edilen 2023-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň Prezidenti Kýosuke Nagatanyň ýolbaşçylygynda wekiliýetiň Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutda geçirilen duşuşygy mysal getirmek bolar.
    Duşuşygyň başynda institutyň rektory Jumamyrat Gurbangeldiýew türkmen ýapon gatnaşyklary, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli daşary syýasy strategiýasy esasynda döredilen Halkara gatnaşyklary instituty, onuň düzümi, okadylýan ugurlaryň aýratynlyklary hem-de daşary döwletleriň ýokary okuw mekdepleri we diplomatik akademiýalarynyň arasynda hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi. Ýaponiýanyň resmi wekilleriniň türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebine amala aşyrýan sapary türkmen-ýapon ylym-bilim gatnaşyklarynyň ösmegine uly itergi berjekdigini belledi.
    2015-nji ýylyň oktýabrynda Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abeniň Türkmenistana resmi saparynyň çäginde aýaly Hanym Akiýe Abeniň TDIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary bilen duşuşmagy hakynda bellenilip geçildi.
    Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň Prezidenti Kýosuke Nagata, Sukuba uniwersitetiniň prezidentiniň global işler boýunça orunbasary Jun Ikeda, şeýle hem Ýuji Mori, “Ýapon gaznasynyň (Nipon Foundation)” ýerine ýetiriji direktory öz çykyşlarynda uzak geljegi yzarlaýan maksatlary durmuşa geçirmekde ýerine ýetirmeli işleri tapgyrlaýyn amala aşyrylmagy barada gürrüň berdiler.
    Şu ýylyň aprel aýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Jumamyrat Gurbangeldiýew Ýaponiýa saparynyň çäginde Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlygyk agentliginiň (JICA), birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşyklaryň netijeleri esasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň has hem mäkämleşýändigi bellärliklidir.
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýapon dili ikinji daşary ýurt dili hökmünde öwredilýär. Institutyň okuw maksatnamalarynda Ýaponiýanyň medeniýeti, taryhy, edebiýaty we daşary syýasaty bilen bagly okuw dersleri içgin okadylýar. Ýapon diliniň aýratynlyklary Dünýä dilleri kafedrasynyň geçirýän “dil hepdeliklerinde” içgin açylyp görkezilýär. Bu geçirilýän işler institutyň talyplarynda ýapon diline bolan gyzyklanmany has-da ýokarlandyrýar.
    Hyzmatdaşlygy berkitmek maksady bilen birnäçe tekliplere garalyp geçildi. Duşuşygyň ahyrynda “Parahatçylygyň ýaş çaparlary” atly akyl-paýhas bäsleşiginiň geçirilýän türkmeniň Ak öýüne baryp gördüler, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary bolan, I we II möwsümiň ýeňijileri bilen duşuşdylar. Ýaşlary hünäre ugrukdyrmakda bu taslamanyň ornunyň uludygy hem-de olarda galdyran täsirleri barada gürrüň berdiler.

    Gülşat ÝUSUPOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň okuw işleri boýunça prorektory

    Soňky täzelikler

    Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi bilen Erkin Söwda Zolaklarynyň Sekretariatynyň Medeniýet meseleleri boýunça orunbasarynyň arasynda geçirilen duşuşyk surady

    03/11/2025

    Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi bilen Erkin Söwda Zolaklarynyň Sekretariatynyň Medeniýet meseleleri boýunça orunbasarynyň arasynda geçirilen duşuşyk
    “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY surady

    04/06/2025

    “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
    KATAR DÖWLETINIŇ DIM-NIŇ DIPLOMATIÝA INSTITUTYNYŇ DIREKTORY BILEN GEÇIRILEN DUŞUŞYK surady

    13/05/2025

    KATAR DÖWLETINIŇ DIM-NIŇ DIPLOMATIÝA INSTITUTYNYŇ DIREKTORY BILEN GEÇIRILEN DUŞUŞYK
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI