30/11/-0001
539
WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 14-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda psiholog mugallymlaryň we talyplaryň gatnaşmagynda ata-babalarymyzdan gelýän edep-terbiýäni, milli mirasy, türkmençilik däp-dessurlary ýaşlaryň aňyna salmak, talyp ýaşlara sagdyn durmuş ýörelgelerini, maşgala gymmatlyklaryny, jemgyýetiň öňündäki borçlaryny düşündirmek maksady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Bu wagyz-nesihat çäresinde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň we Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwesitetiniň mugallymlary çykyş etdiler.
Çäräniň dowamynda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan syzylyp çykýan her bir kitaplaryndan we taryhy çykyşlaryndan eriş- argaç bolup geçýän ahlak, edep-terbiýe, milli mirasa sarpa goýmak, sagdyn durmuş ýörelgeleri we arassaçylyk kadalary baradaky gymmatly maglumatlar esasynda köp sanly mysallara ýüzlenip, talyp ýaşlara Watanymyza mynasyp bolmagy, ruhy hem beden taýdan sagdyn ýaşamagy maslahat berdiler.
Şahnoza EMINOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň talyby.
Soňky täzelikler
23/11/2024
“MILLI MIRASYMYZ – EGSILMEZ GUWANJYMYZ”23/11/2024
Onlaýn okuw – usuly maslahaty geçirildi