372
ÜNS BERIŇ, BÄSLEŞIK - 2025!
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyş döwründe Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, ýurdumuzyň milli kanunçylygyny döwrebaplaşdyrmakda birnäçe işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda Konstituasion özgertmeleriň hem-de döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ähmiýetini, häzirki wagtda ýurdumyzda hereket edýän kanunlarda şeýle hem olara girizilýän kadalarda raýatlaryň azatlylyklarynyň we hukuklarynyň dabaralanmasynyň öz beýanyny tapýandygyny giň halk köpçüligine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty bilen bilelikde “Demokratiýa we hukuk” žurnalynyň üsti bilen “Döredijilikli zähmet we adam hukuklary” baradaky ylmy-amaly makalalaryň bäsleşigini yglan edilýär.
Bäsleşige hödürlenýän makalalara bildirilýän talaplar
1. Ylmy-amaly makala türkmen, iňlis we rus dilleriniň
birinde hödürlenip bilner.
2. Bäsleşige gatnaşyjy diňe bir makala
hödürläp biler we makalanyň ikiden köp awtory bolmaly däldir.
3. Makalanyň möçberi A4 (210×297 mm)
formatda, 5 sahypadan geçmeli däldir.
·
awtoryň (awtorlaryň) ady, familiýasy (dolulygyna) we wezipesi görkezilmeli,
setiriň sag tarapy boýunça deňlemek bilen 14-lik şriftde goýygara ýazylmaly;
·
makalanyň ady baş harplar bilen setiriň merkezi boýunça deňlenilmeli we
adaty 16-lyk şriftde goýygara görnüşde ýazylmaly;
·
makalanyň galan bölegini ýazmazdan ozal 1 setir göýbermeli;
·
makalanyň esasy mazmuny 14 ölçegdäki adaty şrift bilen ýazylmaly we setiriň
ini boýunça deňlenilmeli. Setirleriň arasy 1-lik ölçegde bolmaly;
·
sahypa ölçegi: ýokary we aşak taraplarda – 2,0 sm, çep tarapda – 3 sm, sag
tarapda – 1,5 sm.
·
Edebi çeşmeleriň salgylanmalary makalanyň beýanynda inedördül ýaýyň içinde
sanlar bilen beldilenýär: [1], [2], [3-5] we ş.m. Edebiýatlaryň sanawy makalanyň
gysgaça beýanynyň ahyrynda ýerleşdirilmeli, olaryň öň ýanyndan EDEBIÝATLAR
diýen sözbaşy ýazylmaly.
4. Makalanyň teksti Times New Roman şrifti bilen
ýazylmaly we bir faýlda saklanmaly hem-de aşakdaky görnüşde bolmaly:
5. Makala diňe Word formatynda kabul edilýär (doc we docx giňeltmesi bilen).
6. Makala kabul edilenden soňra awtor tarapyndan
hödürlenilen düzedişler we goşundylar kabul edilmeýär.
7. Kabul edilen makala yzyna gaýtarylmaýar.
8. Makala awtoryň işleýän (okaýan) edarasynda seredilmeli
we edaranyň ýolbaşçysy tarapyndan gol çekilen hat üsti bilen ugradylmaly.
9. Bäsleşik metbugatda çap edilen gününden başlap,
2025-nji ýylyň 31-nji oktýabryna çenli dowam edýär.
10. Makalalara Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň wekillerinden, alymlardan we syýasaty öwrenijilerden döredilen eminler topary tarapyndan seljerme geçirilip, ýeňijiler saýlanýar.
Bäsleşigiň jemini jemlemegiň tertibi
Bäsleşigiň jemleri
2025-nji ýylyň dekabrynda Halkara Bitaraplyk güni we Adam hukuklarynyň halkara
güni baýramçylyklarynyň öňüsyrasynda jemlener we yglan ediler hem-de bir sany
1-nji, iki sany 2-nji we iki sany 3-nji baýrakly orunlara mynasyp bolan
ýeňijilere Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň Hormat hatlary hem-de
sowgatlary gowşurylar.
Makalalar 2025-nji ýylyň 31-nji oktýabryna çenli kabul edilýär.
Institutyň salgysy: Aşgabat şäheri, 2022 köç (Alişer Nowaýy), 86 jaý.
Institutyň elektron e-mail salgysy: hukuk@instsld.gov.tm
Habarlaşmak üçin: 38-08-17, 38-06-00
Soňky täzelikler
31/12/2024
MEKDEP OKUWÇYLARY ÜÇIN OLIMPIADA