07/04/2026
44
UKRAINANYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇIHANASYNYŇ WEKILI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 7-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Ukrainanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Petro Makarenko bilen institutyň rektory Gülşat Ýusupowanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky ylmy-bilim hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we ony ösdürmegiň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şol sanda, iki halkyň medeni gymmatlyklaryny tanyşdyrmaga gönükdirilen çäreleriň ähmiýeti barada bellenilip geçildi.
Duşuşykdan soňra hormatly myhman türkmen diplomatiýasynyň taryhy muzeýi, institutyň okuw studiýasy hem-de «Diplomatik protokol» atly ýöriteleşdirilen okuw merkezi bilen tanyşdyryldy. Gezelenç myhmanda ýakymly täsir galdyrdy. Bu çäre iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmekde we diplomatik tejribe alyşmakda möhüm ädim boldy.
Şyhdurdy ŞYHYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.