Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
        • 2026-NJY ÝYLDA YLMYŇ UGURLARY BOÝUNÇA ASPIRANTURA, DOKTORANTURA KABUL EDILJEK ASPIRANTLARYŇ, DOKTORANTLARYŇ HEM-DE ALYMLYK DEREJELERINE DALAŞGÄRLIGE HASABA ALYNJAK DALAŞGÄRLERIŇ SANY BARADA MAGLUMAT
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • SANLY ULGAM ARKALY GEÇIRILEN DUŞUŞYK
        • Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Daşary işler ministrliginiň Diplomatiýa institutynyň direktory bilen duşuşdy
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
        • ILÇINIŇ GATNAŞMAGYNDA UMUMY SAPAK GEÇIRILDI
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
        • Diplomatik protokol boýunça gysga möhletli okuwlar başlady
    • Media
    Esasy / Geçirilen duşuşyklar / Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi bilen Erkin Söwda Zolaklarynyň Sekretariatynyň Medeniýet meseleleri boýunça orunbasarynyň arasynda geçirilen duşuşyk
    Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi bilen Erkin Söwda Zolaklarynyň Sekretariatynyň Medeniýet meseleleri boýunça orunbasarynyň arasynda geçirilen duşuşyk surady
    03/11/2025

    1047

    Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi bilen Erkin Söwda Zolaklarynyň Sekretariatynyň Medeniýet meseleleri boýunça orunbasarynyň arasynda geçirilen duşuşyk

    2025-nji ýylyň 3-nji noýabrynda Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi Y.Gaýypow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Erkin we ýörite ykdysady zolaklaryň Ýokary Geňeşiniň Sekretariatynyň Medeniýet, durmuş meseleleri we syýahatçylyk boýunça orunbasary M.Mazinaniň arasynda duşuşyk geçirildi.

    Duşuşyk dostlukly we işjeň ýagdaýda geçip, onuň dowamynda Ilçi Türkmenistanyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda uzak ýyllaryň dowamynda ýola goýlan oňyn goňşyçylyk, doganlyk we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygyň ýokary derejede ösdürilýändigini aýratyn belläp syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlarda alnyp barylýan netijeli hyzmatdaşlygyň iki halkyň bähbidine hyzmat edýändigini nygtady.

    Eýran tarapy duşuşykda geljekde hem ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek boýunça birnäçe täze teklipleri orta atdy. Hususan-da, iki ýurduň arasyndaky syýahatçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak maksady bilen türkmen raýatlarynyň Eýrana, eýran raýatlarynyň bolsa Türkmenistana syýahat etmegini ýeňilleşdirmek babatda pikir alyşmalar geçirildi. Şeýle hem türkmen media wekilleriniň Eýranyň syýahatçylyk taýdan özüne çekiji sebitlerine baryp görmegi, şol ýerler barada maglumatlary ýaýratmak arkaly iki ýurduň arasyndaky medeni we syýahatçylyk gatnaşyklaryny ösdürmegiň ähmiýeti bellenildi.

    Şeýle-de, 2026-njy ýylda Beýik ýüpek ýolunyň ugry bilen awtoulag ralli kerweni Türkmenistanyň üsti bilen ibermek teklipleriniň bardygyny mälim etdiler we onuň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.

    Bu duşuşyk Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga, şeýle hem iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny açmaga uly mümkinçilikleri döretdi diýip taraplar belläp geçdi.


    Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasy.

    Soňky täzelikler

    SANLY ULGAM ARKALY GEÇIRILEN DUŞUŞYK surady

    30/01/2026

    SANLY ULGAM ARKALY GEÇIRILEN DUŞUŞYK
    Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Daşary işler ministrliginiň Diplomatiýa institutynyň direktory bilen duşuşdy surady

    28/01/2026

    Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Daşary işler ministrliginiň Diplomatiýa institutynyň direktory bilen duşuşdy
    BILIM ULGAMYNDA TÜRKMEN-ÝAPON HYZMATDAŞLYGYNA BAGYŞLANAN DUŞUŞYK surady

    15/01/2026

    BILIM ULGAMYNDA TÜRKMEN-ÝAPON HYZMATDAŞLYGYNA BAGYŞLANAN DUŞUŞYK
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI