Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Çäreler / Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanan ylmy maslahat
    Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanan ylmy maslahat surady
    30/11/-0001

    769

    Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanan ylmy maslahat

    2021-nji ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli «Türkmenistanyň diplomatiýasy – onuň taryhy, häzirki döwri, geljegi» atly ylmy maslahaty geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň diplomatik düzüminiň, ýurdumyzda hereket edýän diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriň professor mugallymlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.

     Maslahatyň çäklerinde Halkara gatnaşyklary institutynyň binasynda Daşary işler ministrliginiň, abraýly halkara guramalaryň, daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň bilelikde guran sergisi ýaýbaňlandyryldy.

     Ýygnanlar hormatly Prezidentimiziň ylmy maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagyny üns bilen diňlediler. Maslahatyň dowamynda Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektorlary, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Aleksandr Blohin, ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Kristin Weýgand, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymlary çykyş etdiler. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Türkmenistan özüniň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýär. Şeýle-de Türkmenistanyň sebitde we dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýä bileleşiginiň giň seslenmesine we ykrarnamasyna eýe bolýandygy nygtaldy. 

     Dabaraly çäräniň dowamynda Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň ýaş işgärlerine we Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň uçurym talyplaryna eziz Diýarymyzyň daşary syýasy strategiýasyny durmuşa geçirmäge işjeň goşant goşýandyklary üçin degişli diplomlar gowşuryldy.

     Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize Ýüzlenme kabul edip, milli Liderimize ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň düzümini aýratyn üns merkezinde saklaýandygy we ony mundan beýläk-de kämilleşdirmekde edýän taýsyz tagallalary üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de döwletimiziň daşary syýasat ugruny üstünlikli durmuşa geçirmekde alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.


    Laçyn BERDIMYRADOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň IV ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «HAKYDA GÖWHERI» ESERINE BAGYŞLANAN DUŞUŞYK surady

    04/06/2025

    GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «HAKYDA GÖWHERI» ESERINE BAGYŞLANAN DUŞUŞYK
    Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli dabara surady

    31/05/2025

    Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli dabara
    TÜRKMENISTANYŇ HUKUK GORAÝJY EDARALARYNYŇ IŞGÄRLERINIŇ GATNAŞMAGYNDA WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI surady

    28/05/2025

    TÜRKMENISTANYŇ HUKUK GORAÝJY EDARALARYNYŇ IŞGÄRLERINIŇ GATNAŞMAGYNDA WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI