Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Çäreler / TÜRKMENISTANYŇ DIPLOMATIK IŞGÄRLERINIŇ GÜNI MYNASYBETLI DABARALY MASLAHAT
    TÜRKMENISTANYŇ DIPLOMATIK IŞGÄRLERINIŇ GÜNI MYNASYBETLI DABARALY MASLAHAT surady
    30/11/-0001

    1277

    TÜRKMENISTANYŇ DIPLOMATIK IŞGÄRLERINIŇ GÜNI MYNASYBETLI DABARALY MASLAHAT

    2023-nji ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyp ýaşlary gatnaşdylar.
    Maslahatyň başynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň diplomatik işgärleriniň hünär baýramy mynasybetli iberen Gutlagy okaldy. Onda hemişelik Bitarap döwletimiziň parahatçylyk hem-de ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň we diplomatiýasynyň uzakmöhletleýin milli maksatnamalarymyzy amala aşyrmak üçin halkara giňişliginde zerur bolan ähmiýetli mümkinçilikleriň döredilmegine gönükdirilendigi bellenilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwletara we hökümetara derejelerde syýasy-diplomatik, halkara hukuk we söwda-ykdysady geňeşmeleriň netijeli gurallaryny işe girizmekde ýurdumyzyň diplomatik gullugyna uly talap bildirilýär.
    Çäräniň dowamynda çykyş edenler Milli Liderimiziň «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly ählumumy başlangyjy ilerletmek boýunça teklibiniň ähli ýurtlaryň halklarynyň parahatçylykly ýaşamak däplerini pugtalandyrmakda, halkara gatnaşyklarda parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini berkarar etmekde tagallalary birleşdirmäge gönükdirilendigini bellediler. Anyk kesgitlenen sagdyn syýasy ölçeglere, umumy ykrar edilen hem-de hemmelere düşnükli adamzat gymmatlyklaryna esaslanýan bu täze filosofiýa halkara ykdysady we syýasy gatnaşyklaryň ösdürilmegine oňyn täsir edýän ähmiýetli şert hökmünde çykyş edýär. Döwletleriň arasynda parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetiniň ösdürilmeginiň durnukly ösüşe, parahatçylyga we howpsuzlyga ýardam berýän Bitaraplyk syýasaty bilen aýrylmaz baglanyşyklydygy aýratyn bellenildi. Umumy bähbitleriň we abadançylygyň hatyrasyna dünýäniň ähli ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary giňeltmek, abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarydyr.
    Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul edip, ýurdumyzyň diplomatik gullugyny kämilleşdirmek meselelerine berýän uly ünsi üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler hem-de mähriban Watanymyzyň bähbitlerini halkara giňişliginde mundan beýläk-de ygtybarly üpjün etmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.
    Hünär baýramy mynasybetli daşary ýurtlarda Türkmenistanyň adyndan ençeme ýyllap wekilçilik eden halypa diplomatlaryň — Türkmenistanyň Gahrymany, BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO-nyň) işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowanyň, Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi, Hormatly il ýaşulusy Amangeldi Rahmanowyň, Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň dosenti Çary Nyýazowyň «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglanmagy milli diplomatiýamyzyň dabaralanýandygyny görkezdi. Şeýle-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň gutardyş ýyl talyplary — Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Laçyn Hojaýewa, Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Merdan Baýjanowa, Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 5-nji ýyl talyplary Sona Halykowa we Mähri Agamyradowa döwletimiziň daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýandyklary üçin Daşary işler ministrliginiň diplomlary gowşuryldy.
    Maslahatyň çäklerinde baýramçylyk mynasybetli guralan konsert hem-de Aşgabatdaky daşary ýurt döwletleriniň diplomatik gulluklarynyň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň sergisi maslahatyň täsirliligini has-da artdyrdy.

    Ogulmaýsa AMANMUHAMMEDOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti
    kafedrasynyň mugallymy.

    Şeýle hem bu barada şu ýerden okap bilersiňiz:
    https://www.mfa.gov.tm/tk/news/3626

    https://salamnews.tm/section/syyasat/syyasy-wakalar/turkmen-diplomatlaryna-turkmenistanyn-ussat-diplomaty-diyen-tapawutlandyrys-nysany-gowsuryldy-a0a9eb

    https://turkmenportal.com/tm/blog/58059

    https://mir24.tv/news/16542474/den-diplomaticheskih-rabotnikov-otmetili-v-turkmenistane

    https://turkmenportal.com/tm/blog/58101

    https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/94976

    https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/94975

    Soňky täzelikler

    GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «HAKYDA GÖWHERI» ESERINE BAGYŞLANAN DUŞUŞYK surady

    04/06/2025

    GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «HAKYDA GÖWHERI» ESERINE BAGYŞLANAN DUŞUŞYK
    Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli dabara surady

    31/05/2025

    Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli dabara
    TÜRKMENISTANYŇ HUKUK GORAÝJY EDARALARYNYŇ IŞGÄRLERINIŇ GATNAŞMAGYNDA WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI surady

    28/05/2025

    TÜRKMENISTANYŇ HUKUK GORAÝJY EDARALARYNYŇ IŞGÄRLERINIŇ GATNAŞMAGYNDA WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI