02/10/2023
1326
Türkmenistan — Germaniýa Federatiw Respublikasy: pugta esaslara daýanýan ygtybarly hyzmatdaşlyk
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW:
— Biz Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň
arasyndaky dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýäris.
Türkmen we nemes halklary ozaldan «gözsüz batyr» diýdiriberýän gaýduwsyz, bir sözli, mert milletler hökmünde at alypdyrlar. Muňa gatlary saralyp giden gadymy golýazmalardaky ýazgylardanam, iki ýurduň nusgawy edebiýatyndanam näçe diýseň mysal tapyp bolar. Sözümize delil hökmünde Görgoly begiň «Mert bolan iki sözlemez, merdiň ygrary bir bolar», Magtymguly Pyragynyň «Mert bolar men diýseň, merde hemra bol» ýaly setirlerini, Genrih Geýnäniň «Batyrlyk we mertlik galalardan has ygtybarlydyr» diýen jümlesini görkezmek bolar. Ine, şeýle umumylyga, mertlige we berlen söze ygrarlylyga esaslanýan türkmen-german gatnaşyklary bu günki günde täze hyjuw bilen belende galýar, täze gerim bilen hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryny gurşap alýar. Munuň şeýledigine, hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy esasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Germaniýa» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň sammitine gatnaşmak üçin 2023-nji ýylyň 28-29-njy sentýabrynda Germaniýa Federatiw Respublikasyna amala aşyran iş sapary hem aýdyň şaýatlyk edýär.
Germaniýa — halkyň ýurdy
Germaniýanyň ady ilki bilen Ýuliý Sezaryň «Gall urşunyň ýazgylary» atly eserinde Reýn derýasynyň aňyrsynda ýaşaýan taýpalaryň ady hökmünde gabat gelýär. Ol at kelt diliniň «Gair» sözünden gelip çykyp, goňşy diýen manyny berýär. Nemes dilinde döwlet «Deutschland» diýip atlandyrylyp, «Deutsch» — halka degişli, «Land» — ýer, ýurt diýen manyny berýär. Şeýlelikde, bu at XV asyrdan bäri ulanylyp gelinýär.
Germaniýa Merkezi Ýewropanyň döwleti bolup, onuň paýtagty Berlindir. Ýurduň resmi ady Germaniýa Federatiw Respublikasydyr. Döwletiň tutýan meýdany 357 592 km² bolup, bu görkeziji boýunça ol dünýäde 62-nji orny, Ýewropada 8-nji orny eýeleýär. 2022-nji ýylyň maglumatyna görä, ilatynyň sany 84,3 mln adama deň. Germaniýany Baltika we Demirgazyk deňziniň suwlary ýuwýar. Ýurt demirgazykda Daniýa, gündogarda Polşa, Çehiýa, günortada Awstriýa, Şweýsariýa, günbatarda Fransiýa, Lýuksemburg, Belgiýa, Niderlandlar Patyşalyklary ýaly döwletler bilen serhetleşýär.
Germaniýa döwlet gurluşy boýunça Federatiw Respublika bolup, ol 16 sany federal ýere bolünýär. Ol döwlet dolandyryş ulgamy boýunça Parlament Respublikasy. Ýurduň resmi dili — nemes dili bolup, pul birligi ýewrodyr.
Germaniýa dünýäde özüniň güýçli ykdysadyýeti bilen tanalýan döwletdir. Ýurduň 2022-nji ýylda jemi içerki önümi 3,87 trln ýewro barabar boldy. Bütindünýä Bankynyň berýän maglumatyna görä, 2022-nji ýylda Germaniýa dünýäde import we eksport boýunça Hytaý bilen ABŞ-dan soňra üçünji orny eýelemegi başardy. Ýurt 2022-nji ýylda 1,966 trln dollarlyk importy (dünýä boýunça paýy 6,5 göterim), 2,050 trln dollarlyk (dünýä boýunça paýy 6,7 göterim) eksporty amala aşyrdy.
Dünýä ykdysadyýetinde «nemes gudraty» diýen bir adalga bar. Has takygy Germaniýada durmuş ugurly bazar ykdysadyýetiniň emele gelmegi gaty gysga wagtyň içinde bolup geçdi hem-de weýran bolan milli ykdysadyýetiň çalt dikeldilmegine, halkyň abadan durmuşyna şert döretdi. Bu hadysa soňra «nemes gudraty» diýlip atlandyryldy. Häzirki wagtda hem dürli ýurtlar üçin bu ýol — ykdysadyýetiň german nusgasy özgertmeleri geçirmekde ýolgörkeziji bolup hyzmat edýär.
Germaniýa — Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki ynamdar hyzmatdaşy
Taryha nazar salsak, Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Resbuplikasynyň arasyndaky gatnaşyklar 1992-nji ýylda ýola goýuldy. Geçen döwürde ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, köptaraplaýyn görnüşde-de, abraýly halkara guramalarynyň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we beýleki düzümleriň ugry boýunça, şeýle hem Ýewropa Bileleşigi bilen özara hereketleriň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän doly möçberli hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly syýasy esas hem-de kadalaşdyryjy-hukuk binýady döredildi.
Geçen ýyllaryň dowamynda Türkmenistan we Germaniýa giň gerimli ugurlary gurşap alýan, däp bolan hyzmatdaşlyga özara hoşniýetli erki hem-de ygrarlylygyny görkezip gelýärler. Munuň subutnamasy hökmünde özara bähbitli hyzmatdaşlygy öňe ilerletmäge ýardam berýän dürli derejelerdäki gatnaşyklary görkezip bolar.
Germaniýa Federatiw Respublikasynyň döwlet kärhanalarynyň we edaralarynyň wekilleriniň takmynan, 100-e golaýy, kompýuter tehnologiýalary, nebitgaz we himiýa senagaty, energetika, gurluşyk we gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi, maşyn gurluşygy, oba hojalygy we azyk senagaty, ulag we logistika, kommunikasiýa pudaklary, bank işi, ätiýaçlandyryş, saglygy goraýyş we bilim ýaly ugurlarda işleýän nemes kompaniýalary Türkmenistan bilen giňden hyzmatdaşyk edýärler.
Mertlik, söze ygrarlylyk bar ýerinde ynam pugta bolýar. Ynam pugta bolsa — ümzük hemişe ileri. Hut şonuň üçin-de, halkara giňişlikde durnukly we BMG-niň Tertipnamasyna ygrarly daşary syýasaty alyp barýan Türkmenistanyň hem-de Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk hem günsaýyn öňe ilerlemek bilen.
2023-nji ýylyň 28-29-njy sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Berlin şäherinde iş saparynda bolup, ilkinji gezek döwlet Baştutanlarynyň derejesinde geçirilýän «Merkezi Aziýa — Germaniýa» sammitine gatnaşdy, galyberse-de ýurduň ýokary wezipeli ýolbaşçylary, şol sanda Prezident Frank-Walter Ştaýnmaýer we Federal kansler Olaf Şols bilen ikiçäk gepleşikleri geçirdi.
Sammitde çykyş eden Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň täze köptaraplaýyn formaty döretmek başlangyjyny goldaýandygyny hem-de gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny belledi.
Häzirki wagtda Merkezi Aziýa ýurtlary sebitiň halklarynyň abadançylygyny üpjün etmegiň bähbidine gönükdirilen özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýär. Şunuň bilen baglylykda, howpsuzlygyň, durmuş-ykdysady ösüşiň, ekologiýa we halkara işlerinde ynsanperwerleşmegiň häzirki zamanyň iň esasy meseleleridigi nygtaldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow ykdysady ösüş meselesi barada aýtmak bilen, bu prosessiň ählumumy özara baglanyşyk häsiýete eýedigini belledi. Häzirki wagtda dünýä ykdysady ulgamy diýlende, diňe bir dürli ýurtlaryň ykdysadyýetleriniň ýakynlaşmagy göz öňünde tutulman, eýsem, onuň köpsanly düzüm bölekleriniň sazlaşykly işini hem aňladýar. Olaryň hatarynda energetika, ulag pudaklary hem-de maliýe ulgamy ýaly öňden bar bolan ugurlar bilen bir hatarda, sanlylaşdyrmak, emeli aň we ýaşyl tehnologiýalar ýaly ykdysadyýetiň täze ugurlarynyň bardygy bellenildi.
***
Germaniýa Federatiw Respublikasyna ilkinji resmi sapar Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan 2008-nji ýylyň 13-15-nji noýabrynda amala aşyrylypdy. Gahryman Arkadagymyzyň Gurbanguly Berdimuhamedowyň Germaniýa Federatiw Respublikasyna amala aşyran şol resmi sapary döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypany açdy. Saparyň dowamynda geçirilen gepleşikler netijeli hyzmatdaşlygyň köp ýyllyk tejribesine esaslanyp, soňky ýyllarda ösüşiň täze hiline we uly itergä eýe boldy.
2016-njy ýylyň 29-30-njy awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň şol saparynyň çäklerinde Berlinde ýokary derejedäki türkmen-german gepleşikleri üstünlikli geçirildi. Onuň barşynda Gahryman Arkadagymyz we Federal Kansler Angela Merkel uzakmöhletleýin esasda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Mundan başga-da, saparyň barşynda möhüm resminamalaryň birnäçesine gol çekildi.
2023-nji ýylyň 29-30-njy aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Germaniýa Federatiw Respublikasynda saparda boldy. Saparyň çäklerinde türkmen-german gatnaşyklaryny mundan beýläk-de netijeli ösdürmäge, hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemäge gönükdirilen duşuşyklar geçirildi.
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow şol gezekki saparynyň dowamynda Germaniýanyň Atçylyk toplumynda bolup, onda idedilýän atlaryň özboluşly aýratynlyklary bilen tanyşdy we ýurdumyzda şöhraty dünýä dolan ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmegiň, seýislemegiň milli usullary barada gürrüň berdi. Şunda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň, atçylyk pudagynyň işini kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meselelere üns berildi.
Ykdysady hyzmatdaşlyk we işewür gatnaşyklar
Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlyk ýylsaýyn giň gerime eýe bolup, täze ugurlary gurşap alýar. Iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde türkmen-german işewürler forumyna hem-de däbe öwrülen iki ýurtda geçirilýän özara Ykdysadyýet günlerine aýratyn orun degişlidir. Mysal hökmünde aýtsak, 2016-njy ýylyň fewral aýynda Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde, 2023-nji ýylyň iýun aýynda Dýusseldorf şäherinde Türkmenistanyň Ykdysadyýet günleri üstünlikli geçirildi. 2015-nji ýylyň noýabr aýynda bolsa ýurdumyzda Germaniýanyň Ykdysadyýetiniň güni guraldy. Şeýle forumlar nemes işewürlerine ýurdumyzyň ykdysady we eksport mümkinçilikleri, daşary söwda we maýa goýum syýasaty, innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak boýunça wezipeler bilen tanyşmaga mümkinçilik berýän bolsa, türkmen telekeçileri öz önümlerini Ýewropanyň bu öňdebaryjy döwletine eksport etmekde täze hyrydarlar bilen şertnamalary baglaşýarlar, önümçiligi döwrebaplaşdyrmak babatda ösen nemes kompaniýalarynyň tejribeleri barada maglumat alýarlar.
Türkmen-german ykdysady hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýete eýedigine bar bolan maglumatlar hem şaýatlyk edýär. Has takygy, Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan häzirki güne çenli ýurdumyzda german maýasynyň gatnaşmagynda umumy möçberi ABŞ-nyň 1,6 milliard dollaryna golaý bolan maýa goýum taslamalarynyň we şertnamalarynyň 196-synyň bellige alnandygy muňa aýdyň mysaldyr. GFR-iň işewür toparlarynyň wekilleri, şol sanda «Siemens», «Daimler», «СLAAS», «Rohde & Schwarz», «Dresser-Rand» we beýleki kompaniýalar uzak möhletli bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga saldamly goşant goşýarlar.
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýa amala aşyran şu gezekki iş saparynyň dowamynda Türkmen-german işewürler maslahatyna gatnaşyp, iki ýurduň arasyndaky geljegi uly ykdysady mümkinçiliklere ünsi çekdi hem-de birnäçe teklipleri öňe sürdi. Olaryň hatarynda Gündogar komiteti bilen geçirilen duşuşyklaryň netijeleri boýunça 2023-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Berlin şäherinde wekilçilikli Türkmen-german işewürlik forumyny guramak bababtda öňe sürlen teklibi ýa-da german kompaniýalarynyň Arkadag şäheriniň senagat toplumyny döretmeklige hem-de Türkmenistanyň ykdysadyýetini sanlylaşdyrmak boýunça taslamalara gatnaşmaga, Germaniýanyň banklarynyň bolsa Türkmenistanyň döwlet we täjirçilik banklary bilen göni gatnaşyklary işjeň ösdürmäge çagyrylmagyny görkezmek bolar.
Mundan başga-da, Türkmenistan Germaniýa bilen ykdysadyýeti dolandyryş işgärlerini taýýarlamak babatda hem üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär. Has anyk aýtsak, Türkmenistanda dolandyryş işgärlerini taýýarlamak boýunça türkmen-german Maksatnamasy indi 15 ýyl bäri üstünlikli hereket edip gelýär. Maksatnamanyň hereket edýän ýyllarynyň dowamynda hususy pudagy dolandyrmakda tejribe öwrenmek maksady bilen Türkmenistandan 300 telekeçi GFR-na baryp gördi. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gezekki saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen GFR-iň Ykdysadyýet we energetika ministrliginiň arasynda hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesine esaslanyp, Türkmenistanyň dolandyryş işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak babatda hyzmatdaşlygy dowam etdirmek boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmeklik baradaky teklibi hem öňe sürdi. Munuň özi bolsa degişli ugurdaky hyzmatdaşlygyň has-da ösdüriljekdigine pugta ynam döredýär.
Ýeri gelende bellesek, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirilen nobatdaky Türkmen-german işewürlik maslahatynyň çäklerinde iki ýurduň daşary syýasat düzümleriniň ugry boýunça, ulag-kommunikasiýa ulgamynda, şol sanda gämi gurluşygy, demir ýol ulag ulgamynda, şeýle hem suw serişdelerini dolandyrmak, himiýa pudagy, senagat we gurluşyk önümçiligi ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gönükdirilen pudagara ylalaşyklaryň ençemesine gol çekildi. Şeýle-de, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň hem-de Germaniýa Federatiw Respublikasynyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň arasynda şertnamalara gol çekildi.
Saglyk ulgamy — türkmen-german hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň biri
Saglygy goraýyş, lukmançylyk ylmy we tejribesi babatda köp ýyllyk gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlygynyň däbe öwrülen ugry bolup durýar. Uzakmöhletleýin esasda ösdürilýän saglygy goraýyş ugry boýunça üstünlikli gatnaşyklar hem netijeli türkmen-german hyzmatdaşlygynyň nusgalyk mysaly bolup hyzmat edýär. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda gurlan häzirki zaman lukmançylyk edaralary GFR-niň öňdebaryjy kompaniýalarynyň öndüren iň täze ýöriteleşdirilen enjamlary bilen üpjün edilendir. Hünärmenleriň özara saparlary, geňeşmeler, duşuşyklar we maslahatlar bilen birlikde, ýurdumyzyň we Germaniýanyň lukmanlarynyň gatnaşyklaryna yzygiderli häsiýet mahsusdyr.
Hususan-da, 2023-nji ýylyň ýanwar aýynda sanly ulgam arkaly saglygy goraýyş boýunça X Türkmen-german forumy geçirildi. Oňa gatnaşyjylar köpýyllyk hyzmatdaşlygyň netijelerini jemlediler hem-de ony dowam etdirmegiň möhüm ugurlaryna garadylar. Lukmançylyk ylmy we işi babatda netijeli tejribe alyşmak, bilelikdäki ylmy barlaglary geçirmek, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, täzeçil tehnologiýalary, işläp taýýarlamalary we dürli keselleriň öňüni almagyň, anyklamagyň we bejermegiň usulyýetleri bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns berildi.
Saglygy goraýyş babatda ýola goýlan türkmen-german hyzmatdaşlygynyň giň gerime eýe bolmagy türkmen lukmanlarynyň bu ýurtda bolup, özleriniň hünär bilimlerini kämilleşdirmeklerine oňaýly şertler döredýär. Anyk aýtsak, häzire çenli lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça türkmenistanly lukmanlaryň ýüzlerçesi Germaniýa Federatiw Respublikasynyň öňdebaryjy klinikalaryna hünär kämilligini ýokarlandyrmak we tejribe alyşmak üçin iş saparyna ugradyldy. Munuň özi iki ýurduň arasynda lukmançylyk diplomatiýasynyň dabaralanýandygyna güwä geçýär.
Lukmançylyk senagaty we farmasewtika, biotehnologiýa, optika, syýahatçylyk türkmen-german hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary bolmagynda galýar. Şunuň bilen bagylykda, «Siemens», «Hospitalia international», «Fresenius Medical Care», «Drager» we «B.Braun» kompaniýalarynyň lukmançylyk enjamlary hem-de derman serişdeleri ýurdumyzda uly islegden peýdalanýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şu gezekki saparyň dowamynda Merkezi Aziýa döwletleriniň wekiliýet Baştutanlarynyň we German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň duşuşygyna gatnaşyp, onda şeýle belledi: «Soňky 25 ýylyň dowamynda Türkmenistanda iň häzirki zaman lukmançylyk enjamlary hem-de saglygy goraýyş ulgamynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen bejeriş edaralarynyň onlarçasy guruldy, ýokary derejeli hünärmenleriň müňlerçesi ýetişdirildi. Biz bu asylly işde german hyzmatdaşlarymyzyň baý tejribesini peýdalanýarys». Ine şu sözleriň özi hem Türkmenistanda Germaniýa bilen saglyk we lukmançylyk, derman senagaty ulgamynda hyzmatdaşlyk etmäge döwlet derejesinde ýokary üns berilýändiginiň nyşanydyr. Üns ýokary ýerde bolsa ümzük hemişe öňe bolýar.
Oba hojalyk pudagynda türkmen-german hyzmatdaşlygy
Bu günki günde türkmen-german hyzmatdaşlygy diňe bir söwda-ykdysady ýa-da saglygy goraýyş ugurlarynda däl, eýsem, ykdysadyýetiň we medeni-ynsanperwer ulgamyň beýleki ugurlarynda hem işjeň häsiýete eýe bolýar.
Hususan-da, oba hojalygynda Germaniýada öndürilen «CLAAS» kysymly oba hojalyk tehnikalary giňden ulanylyp, olar türkmen daýhanlarynyň ýerden bol hasyl almaklarynda ýakyn ýardamçy bolup hyzmat edýärler. 2017-2020-nji ýyllarda 3 tapgyrda Türkmenistana getirmek şerti bilen, olaryň uly tapgyryny satyn almak barada baglaşylan şertnama esasynda ýurdumyza şu görnüşdäki kombaýnlaryň jemi 1 müňe golaýy gelip gowuşdy. Bütin dünýä meşhur bu kysymdaky ýokary tehnologiýaly traktorlar we kombaýnlar ýurdumyzyň toprak-howa şertlerinde özüni oňat tarapdan görkezdi. 2012-nji ýylda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň ýanynda «CLAAS» kompaniýasynyň okuw merkeziniň açylandygy hem bellärliklidir. Milli obasenagat toplumyny sanlylaşdyrmak babatda häzir telematik ulgamy ulanmak arkaly ekerançylygy takyk alyp barmak üçin tehnologiýalary ornaşdyrmak ugrunda hyzmatdaşlyk örän möhüm bolup durýar. Şeýle ulgamlaryň ornaşdyrylmagy uzak aralykdan oba hojalyk tehnikalarynyň ýerleşýän ýerine, ýerine ýetirilýän işleriň barşyna, ýangyjyň sarp edilişine hem-de beýleki görkezijilere şol pursatda gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär. Bu bolsa tehnikalaryň ýerine ýetirýän işleriniň has netijeli bolmagyny üpjün edýär.
Türkmenistanda oňaýly maýa goýum ýagdaýy bilen birlikde, özara bähbitli işewür hyzmatdaşlyk üçin döredilen mümkinçilikler GFR-niň işewür toparlarynyň ýurdumyza bolan gyzyklanmalarynyň barha artýandygyny şertlendirýär. «Wilo» kompaniýasy pudaklaýyn taslamalara, hususan-da, suw hojalygy ýaly möhüm ulgamda taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň hyzmatdaşlyk etmäge we gatnaşmaga ymtylýar. Ol dünýäde suw sorujy enjamlarynyň dürli görnüşlerini öndürýän kompaniýalaryň biridir.
Döwrebap ugurdaş enjamlary ulanmagyň, işe täzeçil, şol sanda suw tygşytlaýjy tehnologiýalary, ylmyň gazananlaryny, suwarmagyň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmagyň esasynda Türkmenistanda suw hojalyk toplumyny döwrebaplaşdyrmak işleriniň amala aşyrylmagy bilelikde netijeli işlemek üçin giň şertleri döredýär. Bularyň ählisi suw serişdelerini aýawly peýdalanmak, suwaryş ulgamlaryny zerur ulanyş ýagdaýynda saklamak, topragyň şorlaşmagynyň öňüni almak, ekerançylyk meýdanlarynyň hasyllylygyny artdyrmak babatda, şeýle hem ekologiýa we «ýaşyl» ykdysadyýet ýörelgeleri nukdaýnazaryndan uly ähmiýete eýedir.
Häzirki wagtda «Wilo» kompaniýasy uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk etmek üçin bar bolan mümkinçilikleri göz öňünde tutup, ýurdumyzda öz wekilhanasyny açmak boýunça degişli işleri alyp barýar.
Gahryman Arkadagymyzyň Merkezi Aziýa döwletleriniň wekiliýet Baştutanlarynyň we German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň duşuşygynda german kompaniýalaryna Türkmenistanyň suw hojalyk ulgamynda dürli taslamalary durmuşa geçirmek meselelerine garamagy teklip etmegi bolsa, geljekde «Wilo» ýaly kompaniýalaryň hatarynyň has-da uzajakdygyna şaýatlyk edýär.
Energetika howpsuzlygy — möhüm mesele
Gahryman Arkadagymyzyň «Merkezi Aziýa — Germaniýa» ýokary derejeli sammitiniň barşynda «Ählumumy energetika bazarynyň hem-de dünýä ulag ugurlarynyň barha özgerýän häzirki tapgyrynda biz Ýewropa — Aziýa ugry boýunça hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerine işjeň gatnaşmaga gyzyklanma bildirýäris» diýip belleýşi ýaly, Türkmenistan tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolmak bilen, bu energiýa serişdesini halkara bazarlara ibermegiň ýollaryny diwersifikasiýalaşdyrmak syýasatyny durmuşa geçirýär.
Mundan başga-da, Gahryman Arkadagymyz Ýewropa ugrunyň Türkmenistanyň halkara energetika hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde möhüm orun eýeländigini we şeýle bolmagynda galýandygyny aýratyn belledi. Munuň özi bolsa Hazarüsti gaz geçirijisini gurmak arkaly Ýewropa ýurtlaryna gaz ibermek boýunça Türkmenistanyň eýeleýän ornunyň üýtgewsiz galýandygyny doly tassyklaýar. Mälim bolşy ýaly, dünýä bazarynda, has hem, Ýewropada tebigy gaza bolan islegiň barha ýokarlanmagy netijesinde, soňky ýyllarda türkmen gazyny Ýewropa ibermegiň derwaýyslygy gitdigiçe artýar. Munuň üçin soňky 15 ýylyň dowamynda köp işler ýerine ýetirildi. Ýewropa Bileleşigi bilen yzygiderli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Sammitde eden çykyşynyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri «Ýewropa Komissiýasynyň degişli düzümleri, Ýewropanyň aýry-aýry döwletleri hem-de kompaniýalary bilen iri halkara energetika taslamalaryny durmuşa geçirmekde işjeň gatnaşyklary dowam etdirmäge taýýardyrys» diýip bellemegi, geljekde uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň, şol sanda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň anyk ugurlar esasynda ösdüriljekdigini delillendirýär. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň GFR-iň Federal Kansleri bilen geçirilen gepleşiklerde Hazar deňziniň ýalpaklygyny özleşdirmegiň wajypdygyny, bu ugurda iri german kompaniýalary, hususan-da, «Wintershall» we «RWE» kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesiniň toplanandygyny belläp, Türkmenistanyň germaniýaly hyzmatdaşlaryň anyk tekliplerine garamaga we bu kompaniýalaryň netijeli işlemekleri üçin ähli zerur şertleri döretmäge taýýardygyny nygtamagy eneregtika pudagynda türkmen-german hyzmatdaşlygynyň uzaklary nazarlaýandygyny görkezýär.
Mundan başga-da, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň germaniýaly işewürlere ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynda işlemek mümkinçiligine garamagy teklip edendigini hem aýratyn bellemek gerek. Netijede, ýakyn ýyllaryň dowamynda elektrik stansiýalaryny gurmak we döwrebaplaşdyrmak, elektrik geçiriji ulgamlary ösdürmek we beýleki taslamalarda german kompaniýalarynyň netijeli işleri durmuşa geçirjekdiklerine ynam bildirip bolar.
Medeni gatnaşyklar — millilikdäki umumylyklara esaslanýar
Türkmen we nemes halklary asyrlaryň dowamynda çäk babatda birek-birekden üzňe giňişliklerde ýaşasalar-da, olaryň milli ruhunda özboluşly meňzeşlik bar. Hut şol sebäpli-de, türkmen halkynda nemes edebiýatyny we dilini, Germaniýada bolsa türkmen halkynyň baý taryhy öwrenmäge bolan gyzyklanma örän ýokary derejede. Sözümizi mysallar arkaly delillendirmek üçin, ýurdumyzda ýokary okuw mekdepleriniň we orta bilim berýän mekdepleriň birnäçesinde nemes diliniň öwredilýändigini, türkmen ýaşlarynyň goşmaça okuw merkezlerinde hem nemes dilini ürç edip öwrenýändiklerini agzamak bolar. Şol sanda, Türkmenistanyň Daşary işler mininstrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hem geljekki türkmen diplomatlaryna, halkaraçy hünärmenlere ikinji daşary ýurt dili hökmünde nemes dili öwredilýär.
Türkmen-german medeni gatnaşyklary barada gürrüň gozgalanda «Margiana — Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyrynyň şalygy» atly göçme serginiň Germaniýada geçirilmegini aýratyn nygtamak gerek. Iki döwletiň degişli edaralarynyň guran şol sergisi oňa gatnaşanlarda örän uly gyzyklanma döredip, döwletara hyzmatdaşlygynyň taryhynda ajaýyp medeni waka öwrüldi. 2019-njy ýylyň mart aýynda açylan sergi uzak wagt dowam edip, Germaniýanyň dürli şäherleriniň ýaşaýjylaryny hem-de myhmanlaryny ýurdumyzyň muzeý gaznalarynyň özboluşly gadymy gymmatlyklary bilen tanyşdyryp, türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasy barada aýdyň düşünje almaga mümkinçilik berdi. Serginiň çäklerinde Berliniň Täze muzeýinde, Gamburgyň Arheologiýa muzeýinde we Mangeým şäherindäki Raýs-Engelhorn muzeýinde ýurdumyzyň muzeý gymmatlyklary görkezildi. Olar daşary ýurtda ilkinji gezek görkezilen gymmatlyklarymyza öwrüldi. Şol sanda ýurdumyzyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň, Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň, Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gymmatlyklarynyň 220-ä golaýy görkezildi. Gahryman Arkadagymyzyň GFR-e şu gezekki saparynyň dowamynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen bolan duşuşykda german jemgyýetçiligi tarapyndan bildirilen uly gyzyklanmany nazara almak bilen, bu serginiň ikinji tapgyryny, şeýle hem Parfiýa şalygynyň taryhy tapyndylarynyň we Seljuk mirasynyň görkezilişini geçirmegiň mümkinçiligini ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu bolsa iki halkyň arasyndaky medeni köprüniň has-da berkeýändigini aňladýar.
***
Adatça, dünýäde işine jür, duşuşyklara ne öň, ne-de soň däl, tüýs wagtynda barýan, bellenilen işi dürs, doly we öz wagtynda ýerine ýetirýän adamlara aýdylýan «nemes takyklygy» diýen jümle ýörgünli. Şeýle halkyň ýurdunda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan örän ýerlikli we takyk teklipleriň, başlangyçlaryň öňe sürülmegi uly wakadyr. Sebäbi ol teklipler türkmen-german hyzmatdaşlygy üçin hem, Merkezi Aziýanyň halklarynyň abadan durmuşy üçin hem taryhy ähmiýete eýe. Başgaça aýtsak, Gahryman Arkadagymyzyň Germaniýa Federatiw Respublikasyna amala aşyran iş sapary türkmen paýhasy bilen nemes takyklygynyň birleşip, iki ýurduň we Merkezi Aziýa sebitiniň taryhynda täze sahypa açmagyna ýol açdy.
Mätgurban MÄTGURBANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby.
Soňky täzelikler
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI