Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Saparlar / Terrorçylyga we zorlukly ekstremizme garşy bilelikdäki çemeleşmeler: Merkezi Aziýa we BMG hyzmatdaşlygy
    Terrorçylyga we zorlukly ekstremizme garşy bilelikdäki çemeleşmeler: Merkezi Aziýa we BMG hyzmatdaşlygy surady
    30/06/2022

    1310

    Terrorçylyga we zorlukly ekstremizme garşy bilelikdäki çemeleşmeler: Merkezi Aziýa we BMG hyzmatdaşlygy

    2022-nji ýylyň 27-30-njy iýunynda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň we BMG-niň terrorçylyga garşy göreş merkeziniň bilelikde guramagynda “Merkezi Aziýa üçin Terrorçylyga garşy göreşmekde irki duýduryş toruna badalga beriş” atly maslahat geçirildi.
    Maslahatyň işine BMG-niň we beýleki halkara guramalarynyň wekilleri, Merkezi Aziýa döwletleriniň, ýagny Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň hünärmenleri we garaşsyz bilermenler gatnaşdylar.
    Çäräniň esasy maksady hukuk goraýjy edaralaryň, howpsuzlyk gulluklaryň we beýleki degişli pudaklaryň, bilermenleriň, halkara we sebit guramalarynyň wekilleriniň arasynda terrorçylyga garşy göreşmekde hyzmatdaşlygy giňeltmek we utgaşdyrmak, şeýle hem Owganystandan abanýan çagyryşlara we wehimlere garşy durmakda milli we sebit derejesindäki täsirli strategiýany işläp düzmek we onuň mümkinçiliklerini artdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.
    Maslahatyň maksatnamasyna laýyklykda, ilki bilen BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň başlygy N.German çykyş edip, agzalan taslamanyň iş ugurlary, öňde goýýan esasy wezipeleri bilen tanyşdyrdy we Merkezi Aziýa döwletleriniň degişli pudak edaralaryny taslamany durmuşa geçirmekde bilelikde hereket etmäge çagyrdy. Şeýle-de ol çykyşynda Owganystanda “Talyban” hereketiniň häkimiýet başyna gelmegi bilen, terrorçy toparlaryň işjeňleşendigini, bikanun neşe dolanşygynyň hem azalmaýandygyny aýratyn nygtap, bu ýagdaýlaryň Merkezi Aziýa döwletleriniň, hususan-da, Täjigistanyň howpsuzlygyna ýaramaz täsirini ýetirjekdigini habar berdi. Soňra maslahatyň işi sessiýalarda dowam etdirilip, Merkezi Aziýa döwletleriniň wekilleriniň Owganystanda parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek babatda öz ýurtlary tarapyndan alnyp barylýan işler baradaky maglumatlary, şeýle hem terrorçylygyň ýaýramagynyň öňüni almakdaky çemeleşmelerdäki kemçilikler we zerurlyklar barada çykyşlary diňlenildi.
    Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça hemişelik utgaşdyryjylarynyň çykyşlarynda Owganystanyň çäginde terrorçylygyň ösmeginiň bosgunlaryň sanynyň artmagyna getirýändigini bellenilip, bu ýagdaýlaryň sebitiň durnuklylygyna ýaramaz täsir edýändigini nygtaldy.
    Mundan başga-da çykyşlarda Owganystanda neşe ösümlikleriniň ösdürilmeginiň, morfemiki göknar we kenep önümleriniň öndürilmeginiň dowam edýändigi aýdylyp, onuň ornunyň beýleki ekinler bilen çalyşylmagynyň oňyn netije berjekdigi baradaky pikirler öňe sürüldi.
    Çäräniň ahyrynda “Merkezi Aziýa üçin Terrorçylyga garşy göreşmekde irki duýduryş toruna badalga beriş” taslamasyny milli, sebit we halkara derejelerinde durmuşa geçirmek maksady bilen, Ýörite dolandyryş merkezi döretmek baradaky teklip öňe sürüldi we Merkeziň maglumat binýadyny internet-saýty görnüşinde alyp barmak ylalaşyldy. Şeýle-de taslamanyň çäklerinde geçiriljek seminarlaryň wagtlaryny kesgitlemek barada gatnaşyjylaryň teklipleri we teswirleri diňlenildi.
    Şiri ŞIRIÝEW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Strategik barlaglar boýunça ylmy merkeziniň
    başlygy.

    Soňky täzelikler

    Türkmen wekiliýeti Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasaty boýunça okuwlara gatnaşdylar surady

    29/05/2024

    Türkmen wekiliýeti Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasaty boýunça okuwlara gatnaşdylar
    Gazagystanda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp halkara ylmy maslahat geçirildi surady

    17/04/2024

    Gazagystanda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp halkara ylmy maslahat geçirildi
    Новые вехи межвузовского взаимодействия surady

    16/03/2024

    Новые вехи межвузовского взаимодействия
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI