Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
        • Margalla Dialogy 2025
      • Ilçileriň leksiýalary
        • IKITARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYK HAS-DA BERKIDILÝÄR
        • IKITARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYK HAS-DA BERKIDILÝÄR
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
        • ÝAŞ DIPLOMATLAR MEKDEBINIŇ AGZALARY BILEN OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Halypa diplomat bilen açyk sapak geçirildi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Saparlar / ASTANADA “ÝEWROPA BILELEŞIGI – MERKEZI AZIÝA” ATLY OKUW SEMINARY GEÇIRILDI
    ASTANADA “ÝEWROPA BILELEŞIGI – MERKEZI AZIÝA”  ATLY OKUW SEMINARY GEÇIRILDI
    ASTANADA “ÝEWROPA BILELEŞIGI – MERKEZI AZIÝA”  ATLY OKUW SEMINARY GEÇIRILDI
    19/11/2025

    2081

    ASTANADA “ÝEWROPA BILELEŞIGI – MERKEZI AZIÝA” ATLY OKUW SEMINARY GEÇIRILDI

    Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlyk deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda ösdürilýär. Bu bolsa uzak möhletli gatnaşyklar üçin esas bolup hyzmat edýär. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köpugurly häsiýete eýedigini bellemek gerek. Ýurdumyz ÝB bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär. Bu düzüm bilen ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalary we taslamalary durmuşa geçirmekde netijeli gatnaşyklar alnyp barylýar. Howanyň üýtgemegi, üstaşyr ulag geçelgelerini işjeňleşdirmek, energetika, ylym-bilim, sebit howpsuzlygy, suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryndadyr. Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän söwda ýollarynyň çatrygynda ýerleşýän Merkezi Aziýa ýurtlary soňky ýyllarda maýa goýumlar üçin täze mümkinçilikleri döredip, daşary ykdysady gatnaşyklaryny giňeldýärler. Munuň özi sebitiň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna işjeň goşulyşyp, ählumumy ykdysadyýetiň möhüm bölegine öwrülmegine ýardam berýär.

    2025-nji ýylyň aprel aýynda hormatly Prezindentimiz Özbegistan Respublikasynda geçirilen “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” görnüşindäki birinji sammitine gatnaşdy. Bu sammitde hormatly Prezidentimiz öz çykyşynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň, ýakynlaşmaga we gatnaşyklaryň berk usullaryny döretmegiň zerurdygyna düşünýändigine şaýatlyk etmek bilen ara alyp maslahatlaşmalaryň gatnaşyklary pugtalandyrmakda, özara düşünişmegi hem-de anyk ylalaşyklary gazanmakda möhüm tapgyr boljakdygyna ynam bildirdi diýip belledi. Sebitara dialogyň işjeňleşdirilmegi, bilelikdäki taslamalaryň sanynyň ýylsaýyn artmagy we taraplaryň özara gatnaşyklary giňeltmäge ygrarlylygy hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar. “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” formaty sebitiň ösüşine, Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam berip, öz netijeliligini görkezdi. Merkezi Aziýa döwletleri bilen ÝB-niň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen şu gezekki sammitiň gün tertibine söwda-ykdysady, maýa goýum gatnaşyklaryny berkitmek, “ýaşyl” energetikany, “ýaşyl” ykdysadyýeti ilerletmek, ulag we sanly aragatnaşygy gowulandyrmak, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek bilen baglanyşykly meselelere seredildi.

    Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa hyzmatdaşlygynyň çäklerinde şeýle hem bilim, kanunçylyk, ulag we energetika, suw serişdeleri hem-de daşky gurşaw, şol sanda howanyň üýtgemegi, serhetleri dolandyrmak we neşe serişdelerine hem-de ekstremizme garşy göreş esasy ugurlar bolup durýar. Söwda-ykdysady gatnaşyklara uly ähmiýet berilýär. Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda yzygiderli ýagdaýda geçirilýän geňeşmeler bähbitleriň galtaşýan beýleki nokatlaryny aýan etmäge mümkinçilik berýär. Bu meseleleriň köpüsine sebitçi gatnaşyklary ösdürmek babatynda adam mümkinçilikleri nukdaýnazaryndan garalýandygy möhümdir.

    2025-nji ýylyň 4-nji noýabryndan 6-njy noýabry aralygynda geçirilen Ýewropa Bileleşiginiň Gazagystandaky wekilhanasynyň gurnamagynda “Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa” syýasy okuw seminary geçirildi. Bu halkara okuw seminaryna Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň diplomatlary we halkara gatnaşyklary boýunça hünärmenleri gatnaşdylar. Bu syýasy okuw seminarynyň esasy maksady Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa döwletleri bilen hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşmak we ösdürmek, howpsuzlyk, ykdysady hyzmatdaşlyga we bu ugurdaky meselelere giňişleýin seredip öwrenmek bolup durýar. Gazagystan döwletiniň Astana şäherinde geçirilen bu okuw seminaryň dowamynda Merkezi Aziýa döwletleriniň ykdysady ösüşi, arassa energiýa, sanly ykdysadyýet, daşky gurşawy goramak, ylym-bilim we beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de Ýewropa Bileleşiginiň syýasy ulgamy, Ýewropanyň daşary işler gullugynyň orny, Ýewropa Bileleşiginiň täze geosyýasy döwürde daşarky gatnaşyklary: ileri tutulýan ugurlara, syýasat ugurlaryna we ulanylýan mehanizmlerine syn, umumy daşary we howpsuzlyk, energetika we söwda syýasaty, Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa gatnaşyklary barada giňişleýin bilim berildi.

    “Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa” hyzmatdaşlyk formaty gatnaşyklary giňeltmekde möhüm gurallarynyň biridir. Onuň çäklerinde söwda-ykdysady gatnaşyklary, ulag, sanlylaşdyrma, ekologiýa we energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygy, şeýle hem medeni-ynsanperwer ulgamynda, şol sanda, bilim we saglygy goraýyş pudaklaryndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen maksatnamalar we taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şeýle hem sebitara syýasy dialog we hyzmatdaşlyk, söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek, energetika, howanyň üýtgemegine garşy bitarap ykdysadyýeti we umumy howpsuzlyk meselelerini çözmek ýaly möhüm ugurlary öz içine alýan Merkezi Aziýa bilen ÝB-niň arasyndaky gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin Bilelikdäki ýol kartasynyň ähmiýeti hem uly orun eýeleýär.


    Merjen GURBANNAZAROWA,

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

    Halkara gatnaşyklary institutynyň

    Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň uly mugallymy.

    Soňky täzelikler

    Margalla Dialogy 2025 surady

    22/11/2025

    Margalla Dialogy 2025
    Энергия, климат и транспорт: подход Туркменистана к приоритетам регионального развития surady

    13/06/2025

    Энергия, климат и транспорт: подход Туркменистана к приоритетам регионального развития
    Женевские дебаты: Международное измерение нейтралитета и глобальная стабильность surady

    05/06/2025

    Женевские дебаты: Международное измерение нейтралитета и глобальная стабильность
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI