30/11/-0001
608
Täze möwsümiň ilkinji okuw sapagy
2023-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkeziniň guramagynda suw diplomatiýasy ugry boýunça okuw sapaklarynyň täze möwsümi başlandy. Möwsümiň ilkinji sapagy «Merkezi Aziýada suw diplomatiýasynyň orny» atly tema bagyşlanyp, okuw sapagyny institutymyzyň Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň mugallymy Aýjan Omarowa alyp bardy.
Sapagyň gidişinde suw hojalyk meselelerini toplumlaýyn esasda hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň ählisiniň bähbitlerini göz öňünde tutup çözmek hem-de suw strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlary, suw serişdeleriniň elýeterliliginiň, ony netijeli dolandyrmagyň döwletleriň ösüşine, ykdysadyýetine, durmuş ulgamyna adamlaryň durmuşynyň hiliniň we hal-ýagdaýynyň derejesine gönüden-göni baglydygy dogrusynda giňişleýin gürrüň berildi. Suw Türkmenistanyň we dünýä halklarynyň umumy gymmatlygydyr. Arassa içimlik suwuň elýeterli bolmagynyň adalatly şertleri bolsa, her bir adamyň esasy hukugydyr diýen ýörelgä yzygiderli eýerýändigini bellemek zerurdyr.
Täze okuw möwsüminiň ilkinji okuw sapagyna gatnaşan talyplar üçin bu okuw sapagy diýseň täsirli bolup, olar özlerini gyzyklandyrýan sowallara giňişleýin jogap aldylar.
Durdymyrat ŞYHMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.