Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
        • Bilim ulgamyndaky türkmen-rus hyzmatdaşlygy
        • Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy: täze mümkinçilikler
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
        • «ÝAŞ DIPLOMATLAR» YLMY GURNAGYNYŇ GURAMAGYNDA SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
        • «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ II ÝARYM FINAL OÝNY
        • «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ I ÝARYM FINAL OÝNY
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Sosial media
      • TikTok
      • Instagram
    • Media
    Esasy / Saparlar / Talyplaryň Halkara ynsanperwer hukugy boýunça halkara bäsleşikde üstünlikli çykyşy
    Talyplaryň Halkara ynsanperwer hukugy boýunça halkara  bäsleşikde üstünlikli çykyşy
    Talyplaryň Halkara ynsanperwer hukugy boýunça halkara  bäsleşikde üstünlikli çykyşy
    Talyplaryň Halkara ynsanperwer hukugy boýunça halkara  bäsleşikde üstünlikli çykyşy
    Talyplaryň Halkara ynsanperwer hukugy boýunça halkara  bäsleşikde üstünlikli çykyşy
    25/04/2025

    1627

    Talyplaryň Halkara ynsanperwer hukugy boýunça halkara bäsleşikde üstünlikli çykyşy

    2025-nji ýylyň 21–25-nji apreli aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplar topary Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň guramagynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçirilen iň abraýly bäsleşikleriň biri hasaplanýan F.F.Martens adyndaky Halkara ynsanperwer hukugy boýunça bäsleşige gatnaşyp, dünýäniň birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň arasynda üstünlikli çykyş edip, gowy netijeleri gazanmagy başardylar.

    F.F.Martensiň adyny göterýän bu bäsleşige Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplar topary eýýäm birnäçe ýyldan bäri gatnaşyp gelýärler. Bu bäsleşik Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň (HGHK) guramagynda GDA ýurtlarynyň öňdebaryjy hukuk bilimlerini berýän ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilýär.

    Bu ýyl Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň uly mugallymy Dürli Ballyýewanyň ýolbaşçylygyndaky talyplardan ybarat bolan topar, ýagny Intizar Tagannyýazowa, Begmuhammet Ataýew we Ýusup Karataýew bäsleşige gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bäsleşige 11 döwleiň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryndan düzülen 28 topar gatnaşyp, ýaryş örän çekeleşikli geçdi.

    Bäsleşigiň netijelerine görä, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň topary gowy netijeleri görkezip, olara emin agzalary tarapyndan ýokary baha berildi. Emin agzalary tarapyndan toparlary kesgitlemekde halkara ynsanperwer hukugy we halkara hukugy baradaky bilimlerini, bu baradaky pikirlerini erkin beýan edip bilmek, bu meselelerde ýüze çykýan çylşyrymly ýagdaýlar boýunça jedel etmek we olary çalt çözmek ukyplary göz öňünde tutuldy. Netijede, talyplarymyz guramaçylar we Halkara Gyzyl Haç Komiteti tarapyndan diplomlar bilen sylaglandyryldy. Şeýle bäsleşiklere gatnaşmak halkara hukugy boýunça bilimleri çuňlaşdyrmaga we halkara ynsanperwer hukugynyň iş ýüzünde nähili durmuşa geçirilýändigine düşünmäge mümkinçilik döredýär, şeýle hem ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygynyň has-da artmagyna ýakyndan ýardam edýär. Şeýle bäsleşikleriň we üstünlikleriň höwrüniň köp bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!


    Güneş ÝAGMYROW,

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

    Halkara gatnaşyklary institutynyň

    Halkara hukugy fakultetiniň III ýyl talyby.


    Çeşme:

    https://ashgabat.in/2025/04/27/f-f-martens-adyndaky-halkara-ynsanperwer-hukugy-boyunca-baslesik-gecirildi

    Soňky täzelikler

    Bilim ulgamyndaky türkmen-rus hyzmatdaşlygy surady

    25/04/2026

    Bilim ulgamyndaky türkmen-rus hyzmatdaşlygy
    Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy: täze mümkinçilikler surady

    24/04/2026

    Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy: täze mümkinçilikler
    BELGIÝA PATYŞALYGYNDA GEÇIRILEN OKUW MAKSATNAMASY surady

    21/04/2026

    BELGIÝA PATYŞALYGYNDA GEÇIRILEN OKUW MAKSATNAMASY
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI