05/06/2026
763
TALYP ÝOLDAŞYMYZ HALKARA YLMY-TASLAMA BÄSLEŞIGINIŇ ÝEŇIJISI
2026-nji ýylyň 5-nji iýunynda Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä güni hem-de Ylymlar güni mynasybetli S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň bilelikde guramagynda «Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde ýaşlaryň orny» atly ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen halkara ylmy-taslama bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.
Halkara ylmy-taslama bäsleşigine Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Sahydöwlet Hümmetjumaýew hem özüniň ylmy işi bilen gatnaşdy we baýrakly I orna mynasyp boldy. Talyp ýoldaşymyzyň taslama işine Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy Sülgün Nepesowa ylmy ýolbaşçylyk etdi.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen talyp ýaşlaryň ylmy-taslama bäsleşiklere işjeň gatnaşyp, öz zehin- başarnyklaryny ýüze çykarmaklary, ylymda täze üstünliklere ýetmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredilip berilýär. Şeýle mümkinçiliklerden ugur alyp talyp-ýaşlar öz ukyp-başarnyklaryny görkezip, dürli döredijilikli, ylmy-taslama bäsleşiklerinde baýrakly orunlara eýe bolup, ata Watanymyzyň abraýyny beýgeldýärler.
Gülaýym BAKYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby
Soňky täzelikler
16/06/2026
GALKYNYŞLY GÜNLERIŇ ÝAŞ ALYMY
13/06/2026
ÝAŞLARYŇ YLMY ÜSTÜNLIGI
12/06/2026
BUŞLUK, ÝAŞ ALYM BOLDUM!