
30/11/2024
1155
TALYBYMYZYŇ DÖREDIJILIK ÜSTÜNLIGI
2024-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşinde «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň döredilmeginiň 2 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlarynyň arasynda yglan edilen «Ýaşlar – ýurduň geljegi, ýaşlyk – ömrüň gülşeni» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi.
Döredijilik bäsleşiginiň netijesine görä, institutymyzyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň V ýyl talyby Gunça Hamedowa ýeňiji bolup, Hormat haty hem-de ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglandy.
Talyp deň-duşumyzy gazanan üstünligi bilen gutlaýarys we mundan beýläk hem döredijilik äleminde şowlulygyň ýar bolmagyny arzuw edýäris!
Gülşat ÇETILIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň
V ýyl talyby.