875
«Suw diplomatiýasy» ugry boýunça nobatdaky okuw sapagy
2022-nji ýylyň 10-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda döredilen Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw Merkezinde Türkmenistanyň Prezidentiniň suw diplomatiýasy boýunça halkara başlangyçlaryny gönüden-göni öz zähmet çekjek pudaklarynda amala aşyrjak hünärmenleriň bu ugurdan okuw-usulyýet, şertnama-hukuk, ylmy taýdan habarlylygyny artdyrmak maksady bilen, suw diplomatiýasy ugry boýunça nobatdaky okuw sapagy geçirildi. Bu okuw sapagyny Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty, kada-kanunçylyk boýunça komitetiniň agzasy Jeren Ýegenowa alyp bardy. Sapagyň dowamynda suw diplomatiýasynyň halkara gatnaşyklary ulgamyndaky ähmiýeti we wajyp orny hem-de BMG-niň howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça 27-nji Halkara maslahaty barada giňişleýin gürrüň edildi. Mälim bolşy ýaly, «Türkmenistanyň daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmegiň 2017-2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda» esasy ugurlaryň içinde Durnukly ösüşe ýardam berýän energetika, ulag, suw meseleleri hem özüniň mynasyp beýanyny tapýar.
Türkmenistanyň daşary syýasatynyň we diplomatiýasynyň möhüm ugurlary häzirki zaman şertlerinde sebit hem-de dünýä derejesindäki derwaýys meseleleri çözmek ugrundaky bilelikdäki halkara tagallalara işjeň goşant goşmaga gönükdirilendir. Bu günki geçirilen okuw sapagy Müsüriň Şarm-el-Şeýh şäherinde geçirilýän BMG-niň howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça 27-nji Halkara maslahaty barada boldy. BMG-niň howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça 27-nji Halkara maslahaty häzirki wagtda Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň düzgünlerini durmuşa geçirmek üçin iň ýokary ähmiýetli gepleşikleriň biri bolup durýar. Şeýlelikde, suw diplomatiýasy boýunça geçirilen nobatdaky okuw sapagynda Türkmenistanyň suw howpsuzlygy babatynda amala aşyrýan wajyp çäreleri we olaryň halkara derejesinde tapýan goldawy barada giňişleýin durlup geçildi.
Güneş ÝAGMYROW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň talyby.