21/04/2025
113
ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA OKUW SAPAGY
2025-nji ýylyň 21-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm
ugurlary boýunça okuw merkeziniň «Öňüni alyş diplomatiýasy» ugry boýunça
«Birleşen Milletler Guramasynyň özgertmeleri» atly okuw sapagy geçirildi. Okuw
sapagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş
diplomatiýasy boýunça sebitleýin merkeziniň syýasy meseleler we adam hukuklary
boýunça geňeşçisi Armands Pupols çykyş etdi.
Onuň dowamynda Armands Pupols talyplara Birleşen Milletler
Guramasynda geçirilen özgertmeler barada we olaryň Guramanyň has netijeli
işlemegine ýetirýän täsiri barada jikme-jik gürrüň berdi. Mundan başga-da,
A.Pupols Merkezi Aziýa sebitinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň ähmiýeti
barada hem-de onuň öňüni alyş diplomatiýasynda uly ornunyň bardygyny aýratyn
belledi.
Okuw sapagynyň ahyrynda talyplar myhmana özlerini gyzyklandyrýan
sowallar bilen ýüzlenip, kanagatlanarly jogap aldylar.
Hemragylyç NURMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Dünýä dilleri kafedrasynyň mugallymy.