10/06/2026
63
ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA NOBATDAKY OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 10-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkeziniň guramagynda «Öňüni alyş diplomatiýasy» ugry boýunça nobatdaky okuw sapagy geçirildi.
«Merkezi Aziýa döwletleriniň suw we ekologiýa hyzmatdaşlygynda öňüni alyş diplomatiýasynyň ähmiýeti we mümkinçilikleri» atly temany öz içine alan bu okuw sapagyny institutyň Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň uly mugallymy Merjen Gurbannazarowa alyp bardy.
Sapagyň dowamynda sebitiň durnukly ösüşini, ekologik howpsuzlygyny we suw serişdelerini netijeli dolandyrmagy üpjün etmekde öňüni alyş diplomatiýasynyň tutýan orny barada giňişleýin gürrüň berildi. Esasan hem, Türkmenistanyň sebit we halkara derejesinde ekologiýa diplomatiýasyny ösdürmek boýunça öňe sürýän netijeli başlangyçlaryna, şeýle-de Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky dostlukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmekdäki ädimlerine aýratyn üns çekildi.
Mugallym öz çykyşynda halkara hukugynyň kadalaryna laýyklykda suw-ekologiýa meselelerini parahatçylykly, gepleşikler we öňüni alyş çäreleri arkaly çözmegiň häzirki döwürdäki möhüm mümkinçiliklerini seljerdi. Sapagyň ahyrynda talyplar we gatnaşyjylar özara pikir alyşdylar, degişli tema boýunça gyzyklanma bildirýän soraglaryna jogaplary aldylar.
Bu okuw sapagy institutymyzyň talyplarynyň halkara hukugy we ekologiýa diplomatiýasy ugrunda hünär ussatlygyny kämilleşdirmekde, şeýle-de geljekki diplomatlaryň sebit meselelerine bolan ylmy-amaly garaýyşlaryny baýlaşdyrmakda uly ähmiýete eýe boldy.
Hemragylyç NURMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Dünýä dilleri kafedrasynyň mugallymy