579
Sebitde we dünýäde parahatçylygy goramagyň bähbidine
29-njy iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde BMG-niň Nýu-Ýorkda ýerleşýän ştab-kwartirasyndan gelip gowşan hoş habar aýdyldy. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 97-nji plenar mejlisinde «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň syýasy we ykdysady durnuklylygyň saklanylmagyna, sebit hem-de ählumumy derejede parahatçylyk, ynanyşmak medeniýetiniň berkidilmegine, häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň oňyn çözgüdine gönükdirilen işjeň syýasatynyň netijeli häsiýetini giňden açyp görkezdi.
«Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna» laýyklykda, daşary syýasatymyzda alnyp barylýan uly işleriň çäklerinde Milletler Bileleşiginiň ähli agza döwletleri tarapyndan kabul edilen bu resminama ýurdumyzyň döredijilikli başlangyçlarynyň giň goldawa eýe bolýandygynyň nobatdaky beýanydyr. Täze Kararnamanyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşylanda, Türkmenistanyň wekiliýeti ýurdumyzyň we beýleki Merkezi Aziýa döwletleriniň bu mesele barada özara ylalaşylan garaýyşlaryny beýan etmek bilen, sebitiň hyzmatdaşlyk hem-de ösüş üçin ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyna ünsi çekdi. Şeýle-de umumy ruhy, medeni we taryhy mirasa eýe bolan sebitiň halklarynyň hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine eýerýändikleri nygtaldy.
Sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça tagallalary durmuşa geçirmek, bu ugurda möhüm halkara teklipdir başlangyçlary öňe sürmek Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň özenini düzýän esasy maksatlardyr. Şoňa görä-de, bu ugurda amala aşyrylýan syýasy-diplomatik çäreler Merkezi Aziýada we Hazar deňziniň basseýninde hoşniýetli goňşuçylyk, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürmäge, dawalaryň öňüni almaga, olary gowşatmaga, Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegine ýardam bermäge işjeň gatnaşmaga gönükdirilendir. BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen Merkezi Aziýa sebitiniň parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy hökmünde ykrar edilmegi tutuş sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy berkitmek üçin geosyýasy hem-de geoykdysady taýdan binýatlyk mümkinçilikleri emele getirýär.
Hökümetiň ýokarda agzalan giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamanyň Bitarap Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň strategik we netijeli häsiýetde alnyp barylýandygynyň nyşanydygyny belledi. Şunda täze Kararnamada beýan edilýän wajyp çözgütleriň birnäçesine üns çekildi. Hususan-da, bu resminamanyň kabul edilmegi bilen, BMG-niň Baş Assambleýasy Merkezi Aziýa sebitiniň «Parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» diýen halkara hukuk derejesini resmi taýdan yglan edýär; guramanyň ähli agzalaryny Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy saklamaga, sebitdäki döwletleriň özygtyýarlylygyna, syýasy garaşsyzlygyna we çäkleriniň bitewüligine hormat goýmaga çagyrýar; Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň halkara parahatçylygy, syýasy durnuklylygy üpjün etmekdäki aýratyn ähmiýetini ykrar edýär; her ýylyň sentýabr aýynda geçirilýän BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýokary derejeli hepdeliginiň çäklerinde Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleriniň her ýylky duşuşyklaryny guramagy düzgünleşdirýär; Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan her bäş ýyldan yzygiderli esasda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny bellemegi kesgitleýär; Baş Assambleýanyň gün tertibinde «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly meseläni hemişelik esasda berkidýär.
Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyna agza bolmagynyň şanly 30 ýyllygyna beslenýän ýylda döwletimiziň daşary syýasy başlangyçlarynyň giň goldawa eýe bolmagy, hususan-da, ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň şu ýylyň sentýabrynda açyljak 77-nji sessiýasynyň wise-başlyklygyna saýlanmagy hem-de «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi — bularyň ählisi ýurdumyzda sebit we ählumumy parahatçylygyň bähbidine dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilen anyk syýasy-hukuk gurallaryny döretmek boýunça uly işleriň alnyp barylýandygyna şaýatlyk edýär.
Begenç KARAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa
kafedrasynyň uly mugallymy,
filosofiýa ylymlarynyň kandidaty.
Bu barada şu ýerde okap bilersiňiz:
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/73821
Soňky täzelikler
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI