31/07/2023
762
Şahyryň sözi gysga, şerhi köp
20. Adam ogly bäş gün duza myhmandyr
Aryfdanamyz Magtymguly Pyragynyň şygyr diwanynda onuň «Göze myhmandyr» atly meşhur şygrynyň soňky bendi: Adam ogly bäş gün duza myhmandyr —diýen setir bilen jemlenýär. Beýik akyldarymyz adam ömrüni name üçin bäş gün diýip kesgitledikä? Bu setiriň düşündirişi barada biz şeýle netijä gelýäris. Ilki bilen, akyldarymyz ol se tirdäki sözleri göni manysynda dälde, göçme manyda ulanypdyr.
Şahyr «Adam ogly bäş gün duza myhmandyr» diý mek bilen, ol türkmeniň müçe hasabyndaky bäş müçäni göz öňünde tutupdyr diýen pikire gelýäris. Türkmençilikde müçe hasaby boýunça çaga dünýä ineninden 13 ýaşa çenli döwür aralyga «oglanlyk müçesi» diýilýär. Soňky müçeleriň her biri 12 ýyldan hasap edilýär. 5 müçäniň jemi (13+12+12+12+12=61) 61 ýaşa deň bolýar. Milady hasabynda adam 33,5 ýaşasa, her ýylda kamary hasabynyň 1011 gün öňe süýş ýändigi göz öňünde tutulyp, onuň ömrüne 1 ýyl ömür goşulyp hasap lanylýar. Şonuň üçin hem milady hasabynda 61 ýaşan adamyň ömrüne 61 ýylda goşulýan 1 ýaş 10 aýy hem goşsak, ol 63 ýaşyna, ýagny pygamber ýaşyna ýe ten bolýar. Türkmenlerimizde pygamber ýaşyny ýaşanlar akgoýun toý sadakasyny berýärler. Gadymy çeşmelerde Muhammet pygamberiň kamary hasaby boýunça 63 ýaşap, dünýäden gaýdandygy barada aýdylýar. Ol ýaş biziň häzirki milady sene hasabymyzda 61 ýaş we 1 ýyl 10 aý töweregi bolýar.
21. Benijan ýer ýüzün jürme gark etmiş
Aryfdanamyzyň şygyr diwanynda «Magşarnama» diýen şygyr bolup, onuň soňky bendiniň başky iki setiri şeýle nusgada neşir edilen:
Pyragy panydan ferş fark etmiş,
Benijan ýer ýüzün jürme gark etmiş.
(Magtymguly, eserler ýygyndysy,2 jiltlik, Aşgabat, 2013, II jilt, 365 sah.).
Şahyryň «Ýerbeýer geçdi» atly şygrynda hem, ine, şunuň ýaly setire gabat gelýäris:
Elli müň ýyl döwran süren Benijan,
Dünýäde galmady, ýerbeýer geçdi.
(Magtymguly, görkezilen eser, II jilt, 6 sah.).
Gadymy kitaplarda beýan edilmegine görä, adamzat nesliniň döremezinden müňlerçe ýyl ozal, Ýer ýüzünde Jan diýen mahlugyň nesilleri ýaşapdyr. Gadymy taryhçy Muhammet Taberiniň (839925nji ýyllarda ýaşan) arap dilinde ýazan «Pygamberleriň we patyşalaryň taryhy» atly eserinde beni Janyň (Jan nesliniň) Ýerde elli müň ýyl döwran sürendikleri barada aýdylýar. Şeýlede ol eserde beni Janyň Ýer ýüzüni jürüme (günä) gark edensoň, Hak tagalanyň gazabyna duçar bolup, olaryň ýok bolandyklary hakynda habar berilýär. Şu maglumatlara esaslanyp, biz ýokarky şygyr setirlerindäki «Benijan» sözi «beni Jan» («Janyň nesli») görnüşinde bolmaly diýip hasap edýäris.
22.On sekiz mekan gitmezmiş
Akyldarymyz Pyragynyň diwanyndaky «Gitmezmiş» atly şygyrda şeýle bende gabat gelýäris:
Zamana ýakyn gelende,
Ýeri, gögi suw alanda,
Alladan gaýry ölende,
On sekiz mekan gitmezmiş.
Bu ben diň birinji setiri halk içinde rowaç bolan aýdymda «Zamana ahyr bolanda» nusgasynda hem aýdylýar. Ol on se kiz mekan haýsylarka? Musulmançylyk bilen bagly çeşmelere esaslanyp, Magtymguly Pyragynyň «On sekiz mekan» diýýäni şu aşakdakylardyr diýen netijä gelýäris:
1. Arş — Al latagalanyň öz oturan mekany; 2. Melkut älemi — Arşyň sagta rapynda ýerleşip, ol äleme diňe Perwerdigäriň özi girýär. 3. Jebrut älemi — Arşyň aşak tarapynda ýerleşýän me kan. Ol mekana Perwerdigäriň söýen welileriniň ruhlary barmaga hukukly diýip, gadymy kitaplarda habar berilýär.
Magtymguly Pyragy «Turgul diýdiler» atly şygrynda hem özüniň düýşünde ýagşyzadalary görendigini, olaryň ak pata berendigini aýdyp, şeýle beýan edýär.
«Jebrut äleminde Jelil syryna
Gelip, özüň garap görgül!» diýdiler.
4. Ýedi dowzah;
5. Sekiz jennet.
Arş, Melkut älemi, Jebrut älemi, 7 dowzah we 8 jennet — jemi 18 mekan bolýar.
* Peýdalanylan edebiýatlar:
1. Magtymguly, 2 tomluk, Aşgabat, 1994. 2. Magtymguly, Aşgabat, 1959.
3. Magtymguly, 2 tomluk, Aşgabat, 1983. 4. Magtymguly, 2 jiltlik, Aşgabat, 2013.
Juma ATAÝEW,
terjimeçi, žurnalist.
“Biznes reklama” gazeti 31.07.2023
Soňky täzelikler
16/07/2024
ŞAHYRYŇ SÖZI GYSGA, ŞERHI KÖP03/07/2024
ŞAHYRYŇ SÖZI GYSGA, ŞERHI KÖP26/06/2024
ŞAHYRYŇ SÖZI GYSGA, ŞERHI KÖP