Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Çäreler / Sagdyn durmuş ýörelgelerine bagyşlanan wagyz-nesihat duşuşygy
    Sagdyn durmuş ýörelgelerine bagyşlanan wagyz-nesihat duşuşygy surady
    12/10/2021

    943

    Sagdyn durmuş ýörelgelerine bagyşlanan wagyz-nesihat duşuşygy

    2021-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hukuk kadalarynyň tertibiniň berjaý edilişine, alkogolyň we temmäki önümleriniň adam saglygyna ýetirýän ýaramaz täsirleriniň öňüniň alynmagyna, zyýanly endiklerden gaça durlup, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerilmegine bagyşlanan wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Ýaşulylar guramasynyň wekilleri, institutyň profesor­­­-mugallymlary we talyp ýaşlary, şeýle hem habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

    Duşuşykda çykyş edenler Garaşsyz Diýarymyzda türkmen jemgyýetiniň ahlak arassalygyny berjaý etmek, ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlarymyzy watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek, zyýanly endiklerden gaça durmak, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek, halal zähmet çekmek meselesine aýratyn uly ähmiýet berilýändigini nygtadylar. Olar serhoşlugyň adamyň saglygyna ýetirýän zyýanyny, maşgalanyň dargamagyna getirýändigini, çaganyň terbiýelenişine ýaramaz täsir edýändigini, spirtli içgileriň täsiri astynda adamlaryň özleriniň jemgyýet we döwlet öňündäki jogapkärçilik duýgularyny ýitirýändigini tekrarlamak bilen, ýaşlaryň arasynda ýörgünli bolup barýan “instagram”, “tiktok” ýaly sahypalaryň nogsanly taraplary, olarda ençeme adamlaryň özlerini mahabatlandyrýan suratlary ýerleşdirip, türkmençilige gelişmeýän ters hereketlere ýüz urýandyklary dogrusynda gürrüň etdiler.

    Çykyş edenleriň aýtmaklaryna görä, ýurdumyzda maşgalalaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmek barada hem yzygiderli aladalar edilýär. Ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde, ýaş nesli watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde, olaryň ýaramaz endiklerden daşda bolmaklaryny gazanmakda alnyp barylýan işler oňyn netijelerini berýär. Häzirki möwsümleýin keselleriň ýüze çykýan döwründe halk lukmançylygynyň usullaryna ýüzlenmek maksadalaýykdyr. Ýüze çykyp biljek ýokanç keselleriň öňüni almakda hormatly Prezidentimiziň köp jiltli «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitaplarynda türkmen topragynda bitýän ösümlikleriň melhemlik häsiýetleri barada giňişleýin maglumat berilýär. Ýokanç keselleri bejermekde dermanlyk ösümlikleriň içinde ýüzärligiň peýdasy has köpdür. Onuň tüssesiniň bakteriýalary we mikroblary ýok edýändigi ylmy nukdaýnazardan subut edilendir. Häzirki wagtda ýurdumyzyň sport desgalarynyň ählisinde ýüzärligi ýygy-ýygydan tüsseletmek, profilaktiki arassalaýyş işlerini geçirmek, antiseptik serişdeleri ulanmak işleri ýokary derejede guralyp, gündelik ýerine ýetirilýär.

    Şeýle hem çykyş edenler ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda ynsan saglygyna zyýan berýän zyýanly endiklere garşy göreşendiklerini, nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň zyýanly endikler barada döreden «Çilim çekmegil», «Munda çilimkeş», «Neşekeş», «Çilimkeş», «Naskeş», «Nas atan» ýaly goşgularynyň bagtyýar döwrümiziň sagdyn, ruhubelent ýaşlaryny terbiýelemekde we kemala getirmekde uly ähmiýetiniň bardygyny belläp geçdiler.

    Wagyz-nesihat çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň içgin ornaşmagy ugrunda ähli mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.

    Dawut NAZMYRADOW,

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

    Halkara gatnaşyklary institutynyň

    Halkara gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «HAKYDA GÖWHERI» ESERINE BAGYŞLANAN DUŞUŞYK surady

    04/06/2025

    GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «HAKYDA GÖWHERI» ESERINE BAGYŞLANAN DUŞUŞYK
    Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli dabara surady

    31/05/2025

    Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli dabara
    TÜRKMENISTANYŇ HUKUK GORAÝJY EDARALARYNYŇ IŞGÄRLERINIŇ GATNAŞMAGYNDA WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI surady

    28/05/2025

    TÜRKMENISTANYŇ HUKUK GORAÝJY EDARALARYNYŇ IŞGÄRLERINIŇ GATNAŞMAGYNDA WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI