6687
“PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK – UMUMADAMZAT ÝÖRELGESI” ATLY HALKARA MASLAHATY
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygy mynasybetli ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli topary bilen bilelikde 2025-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde hereket edýän ÝUNESKO kafedralarynyň hem-de klublarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda «Parahatçylyk we ynanyşmak – umumadamzat ýörelgesi» atly gibrid görnüşli halkara maslahatyny geçirýär.
Ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlaryny we talyp ýaşlaryny halkara maslahata işjeň gatnaşmaga çagyrýarys!
Guramaçylyk topary.
Aýgözel Öwezowa, elektron poçta: cultureofpeaceunesco@gmail.com
telefon: +993 12 226655
Soňky täzelikler
24/12/2025
Bäsleşigiň netijeleri jemlendi
23/10/2025
Esse ýazmak bäsleşiginiň netijeleri
30/09/2025
Esse ýazmak bäsleşigi