06/05/2026
32
«PARAHATÇYLYK MEDENIÝETI» ÝUNESKO KLUBYNYŇ NOBATDAKY ÝYGNAGY GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 6-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ÝUNESKO-nyň parahatsöýüjilikli gymmatlyklaryny wagyz etmek, ýaşlaryň halkara ynsanperwer taslamalaryna işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek hem-de klubyň öňünde duran geljekki wezipeleri kesgitlemek maksady bilen institutda hereket edýän «Parahatçylyk medeniýeti» ÝUNESKO klubynyň nobatdaky ýygnagy geçirildi. Ýygnaga institutyň professor-mugallymlary we klubyň agzalary gatnaşdylar.
Ýygnagyň dowamynda klubyň 2026-njy ýylyň birinji ýarymýyllygynda amala aşyran köptaraply işleri we gazanan netijeleri barada giňişleýin hasabat berildi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe milli derejede dürli ylmy-amaly maslahatlar, «tegelek stol» söhbetdeşlikleri, wagyz-nesihat çäreleri, şeýle hem medeni-bilim taslamalary üstünlikli durmuşa geçirildi. Bu döredijilikli başlangyçlar talyplaryň Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy giňden dabaralandyrmagyna, parahatçylyk, medeni dialog we özara düşünişmek ýörelgelerine bolan ygrarlylygyny has-da pugtalandyrmagyna uly ýardam etdi. Çykyşlarda amala aşyrylan bu başlangyçlar ÝUNESKO klublarynyň arasynda tejribe alyşmak we özara dialogy ösdürmek ugrunda möhüm ädim bolandygy bellenildi.
Ýygnagyň jemini jemlemek bilen, 2026-njy ýylyň ikinji ýarymýyllygynda durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän geljegi uly çäreler hem-de taslamalar boýunça giňişleýin pikir alşyldy, şeýle-de öňde duran wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň esasy ugurlary kesgitlenildi.
Artyk BEGENJOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby