Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
        • YLYMLAR GÜNÜNE BAGYŞLANAN HALKARA YLMY MASLAHAT
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
        • GALKYNYŞLY GÜNLERIŇ ÝAŞ ALYMY
        • ÝAŞLARYŇ YLMY ÜSTÜNLIGI
        • BUŞLUK, ÝAŞ ALYM BOLDUM!
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • EÝRANLY ÝAŞ DIPLOMATLAR ÜÇIN GEÇIRILEN TANYŞLYK SAPARY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
        • Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Sosial media
      • TikTok
      • Instagram
    • Media
    Esasy / Makalalar / Parahatçylyk dialogyny ilerledip
    Parahatçylyk dialogyny ilerledip surady
    15/05/2025

    1803

    Parahatçylyk dialogyny ilerledip

    Düýn Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Halkara gatnaşyklar: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly II halkara bäsleşigiň hem-de iki günläp dowam eden «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň ýapylyş dabarasy geçirildi. Oňa halkara bäsleşige we ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar bilen birlikde, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarydyr talyplary hem gatnaşdylar.
    12 — 14-nji maý aralygynda geçirilen bäsleşige jemi 140-dan gowrak, şol sanda Russiýadan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Özbegistandan, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan 30-a golaý talyp hem-de magistr gatnaşdy. Bäsleşik ýekebara görnüşde guralyp, oňa türkmen hem-de daşary ýurtly professor-mugallymlar eminlik etdiler. Bäsleşigiň maksady ýaşlaryň parahatçylyk dialogynyň medeniýeti babatda bilimlerini artdyrmakdan ybaratdyr.
    Bäsleşige gatnaşyjylar matematika, ekologiýa, durnukly ösüş we syýasat ýaly ugurlara degişli sowallara test görnüşinde jogap berdiler. Gatnaşyjylaryň 110-sy bäsleşigiň ýeňijisi diýlip yglan edildi we olaryň 21-si birinji, 35-si ikinji hem-de 54-si üçünji orna mynasyp boldular. Türkmen talyplary hem bäsleşikde üstünlikli çykyş edip, jemi 81 medal gazandylar. Olaryň 10-sy altyn, 26-sy kümüş, 45-si bolsa bürünç medallardyr.
    — Mekdep okuwçysy döwrümden bäri ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň taryhy bilen içgin gyzyklanýaryn. «Halkara gatnaşyklar: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly II halkara bäsleşigiň dürli ugurlar boýunça geçirilýändigini göz öňünde tutup, bäsleşige ykjam taýýarlykly geldik. Çeken yhlasymyz öz miwesini-de berdi. Men bu bäsleşikde birinji orna mynasyp boldum. Begenjimiň, buýsanjymyň çägi ýok. Meniň Türkmenistana-da, gözel şäheriňiz Aşgabada-da ilkinji gezek gelşim. Okuwçy wagtym halkara derejede geçirilýän çärelere gatnaşsam hem, talyp hökmünde şeýle bäsleşige ilkinji gezek gatnaşýaryn. Şol sebäpli-de bu çäräniň meniň üçin uly ähmiýete eýedigini aýratyn belläsim gelýär — diýip, Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň Moskwa döwlet halkara gatnaşyklar institutynyň magistri Ýekaterina Ýakuşewa söhbetdeş bolanymyzda aýtdy.
    Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde bäsleşik bilen ugurdaşlykda geçirilen halkara ylmy-amaly maslahatyň umumy mejlisi tamamlanandan soňra, ol öz işini bölümçelerde dowam etdi. Ýeri gelende bellesek, bäsleşige 7, halkara ylmy-amaly maslahata bolsa 12 döwletden wekiller gatnaşdylar.
    Bu çäreleriň dowam edýän günlerinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine, Türkmen halysynyň milli muzeýine, «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna, «Köne Nusaý» taryhy-medeni goraghanasyna, «Berkarar», «Arkaç» söwda we dynç alyş merkezlerine gezelençler guraldy. Munuň özi güneşli Diýarymyza gelen myhmanlara Türkmenistan bilen bagly ýakymly ýatlamalary bagyşlady.
    Halkara bäsleşigiň we ylmy-amaly maslahatyň ýapylyş dabarasynda bäsleşigiň ýeňijilerine medallar, Hormat hatlary hem-de gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Şeýle hem dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Dabara tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplarynyň ýerine ýetirmeginde dost-doganlyk aýdym-sazlary ýaňlandy.

    Baýnazar BAÝHANOW.
    «Türkmenistan».

    Çeşme: https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/193499

    Soňky täzelikler

    ТУРКМЕНО-МАЛАЙЗИЙСКОЕ СОТРУДНИЧЕСТВО В СФЕРЕ ОБРАЗОВАНИЯ surady

    19/06/2026

    ТУРКМЕНО-МАЛАЙЗИЙСКОЕ СОТРУДНИЧЕСТВО В СФЕРЕ ОБРАЗОВАНИЯ
    TÜRKMENISTAN — MALAÝZIÝA: netijeli hyzmatdaşlyk, täze mümkinçilikler surady

    18/06/2026

    TÜRKMENISTAN — MALAÝZIÝA: netijeli hyzmatdaşlyk, täze mümkinçilikler
    Историческое событие отечественной науки surady

    16/06/2026

    Историческое событие отечественной науки
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI