Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / PARAHATÇYLYK — ABADAN DURMUŞYŇ BINÝADY
    PARAHATÇYLYK — ABADAN DURMUŞYŇ BINÝADY surady
    22/04/2024

    843

    PARAHATÇYLYK — ABADAN DURMUŞYŇ BINÝADY

    Parahatçylyk adamzadyň hormatlap gelýän iň beýik ýörelgeleriniň biridir. Islendik döwlet, islendik halk, islendik adam parahat durmuşy, abadan ýaşaýşy ähli zatdan gymmatly hasap edýär. Çünki parahatçylyk we abadançylyk gülläp ösüşiň esasy şertleriniň biridir. Ýer ýüzünde abadan durmuşyň berkarar bolmagy ugrunda çykyş edýän Türkmenistan Watanymyz hem durnukly ösüşiň ygtybarly ýoluna düşdi.
    Parahatçylyk söýüjilik müňýyllyklaryň dowamynda goňşy döwletler bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýmaga aýratyn ähmiýet beren halkymyzyň asylly häsiýetleriniň biridir. Dosta wepalylyk, borja ygrarlylyk, goňşa mähribanlyk, myhmana sarpa her bir türkmeniň ganyna siňendir. Munuň özi hem ýurdumyzyň parahatçylyk, özara ynanyşmak we hyzmatdaşlyk ýörelgelerini daşary syýasatynyň esasy özeni hökmünde saýlap almagynyň gadymdan gelýän edim-gylymlary syýasy gurşawda-da dowam etdirýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistan Garaşsyzlygyna eýe bolan gününden bäri parahatsöýüjilikli daşary syýasaty alyp barýar. Ýurdumyz syýasy gatnaşyklarda oňyn Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan wezipelere esaslanmak bilen, sebitde durnuklyly ösüşi, hoşniýetli goňşuçylygy we parahatçylygy pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýär. Parahatçylyk we ösüş maksatlaryna gönükdirilen taslamalaryň durmuşa geçirilmegine yzygiderli gatnaşýar hem-de oňyn teklipleri öňe sürýär.
    Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň daşary syýasatynyň BMG-niň parahatçylygyň we durnuklylygyň strategik düzgünlerine doly gabat gelmegi özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmegine isleg bildirýän hyzmatdaş döwletleriň sanynyň artmagyny şertlendirýär. Halkara bileleşigi ýurdumyzyň öňe sürýän özara düşünişmek we ynanyşmak, deňhukuklylyk we netijeli hyzmatdaşlyk boýunça syýasy-diplomatik ýörelgelere ygrarlydygyna uly sarpa goýýar. Çünki ýurdumyzda alyp barylýan içeri we daşary syýasat diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýä döwletleriniň ilatynyň abadan we parahat durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen kabul edilýän çözgütler milli bähbitleri goramak bilen çäklenmän, halkara diplomatiýasynyň esasy wezipeleri bolan parahatçylyk, durnuklylyk, howpsuzlyk, deňhukuklylyk hem-de uzakmöhletleýin strategik hyzmatdaşlyk ýaly düşünjeler bilen berk baglanyşyklydyr. Şu nukdaýnazardan hem ýurdumyz halkara jemgyýetçiliginde parahatçylygy dörediji merkez hökmünde tanalýar we milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan ynsanperwer syýasaty uly goldawa eýe bolýar.
    Türkmenistan şeýle netijeli daşary syýasatyny durmuşa geçirip, Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri, Orta we Ýakyn Gündogaryň, Ýewropanyň we Amerika yklymynyň ýurtlary, Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, başga-da ençeme abraýly halkara we sebitleýin guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berýär. Bu günki gün Türkmenistan parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi pugtalandyrmaga gönükdirilen halkara söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, ekologik, energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, halkara ulag geçelgelerini döretmek boýunça we beýleki birnäçe daşary syýasy başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär hem-de olar dünýä bileleşiginde giň goldawa mynasyp bolýar.
    Dialogyň parahatçylygy üpjün etmegiň, urşuň we gapma-garşylygyň öňüni almagyň iň gowy usuly bolup durýandygy bellidir. Şoňa görä-de, Türkmenistan halkara gatnaşyklarda dialogyň filosofiýasyny öňe sürmek bilen, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynda «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly Kararnamanyň taslamasyny teklip etdi, şeýle hem 2025-nji ýyly «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjy öňe sürdi. Şunda Türkmenistanyň howpsuzlygyň bitewüligi we bölünmezligi hakynda konsepsiýasynyň binýatlyk häsiýete eýe bolup durýandygyny, onuň ýörelgeleriniň ýurdumyzyň ykdysady, energetika, ekologiýa, suw, ulag diplomatiýasy we başga ugurlar boýunça daşary syýasy başlangyçlarynyň esasyny düzýändigini hem aýratyn nygtamaly.
    2022-nji ýylyň 8-nji iýulynda «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy» tassyklanyldy we ol parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmek üçin amatly daşarky şertleri döretmegi; halkara syýasy giňişlikde Türkmenistanyň ornuny güýçlendirmegi we halkara gatnaşyklar ulgamynda döwletimiziň milli bähbitlerini yzygiderli goramagy maksat edindi. Ýurdumyzyň diplomatik gullugy tarapyndan durmuşa geçirilýän bu Konsepsiýa parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek; Türkmenistanyň Bitaraplygyny dünýä giňişliginde ösdürmek we ilerletmek; daşary ykdysady gatnaşyklary okgunly giňeltmek we diwersifikasiýalaşdyrmak; durnukly ösüşe hemmetaraplaýyn ýardam etmek; halkara gatnaşyklary ynsanperwerleşdirmäge, olara ýokary ahlak we adalatlylyk standartlaryny ornaşdyrmaga ýardam bermek ýaly esasy wezipeleriň amal edilmegine gönükdirildi.
    Görnüşi ýaly, ýurdumyzyň alyp barýan daşary syýasy strategiýasy “Ösüş arkaly parahatçylyk” ýörelgesinden ugur alýar hem-de ýurdumyz alnyp barylýan her bir taslamada we amala aşyryljak wezipeler kesgitlenende, milli bähbitler bilen birlikde, hyzmatdaş döwletleriň hem ykdysady we jemgyýetçilik bähbitlerini göz öňünde tutýar. Bu bolsa Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerine doly derejede ygrarlydygyny subut edýär. Ösüşiň uzak möhletleýin maksatlaryndan gelip çykýan dostlukly gatnaşyklary artdyrmaga aýratyn ähmiýet berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janyny sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli, halkara ähmiýetli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris!

    Rahym AKMURADOW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI