Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Çäreler / «Parahatçylygyň ýaş çaparlary»: I ýarym finalyň netijeleri
    «Parahatçylygyň ýaş çaparlary»: I ýarym finalyň netijeleri surady
    30/11/-0001

    841

    «Parahatçylygyň ýaş çaparlary»: I ýarym finalyň netijeleri

    2022-nji ýylyň 2-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň okuw binasynda Ýaş diplomatlaryň mekdebi tarapyndan guralýan «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň I ýarym final oýny geçirildi. Bäsleşigiň bu gezekki oýny «Gahryman Arkadagymyz, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysy» eserinde öňe süren baş pikirleri we öwüt nesihatlary» atly mowzuga bagyşlanyldy. Bilşimiz ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly kitabynda türkmen halkynyň dünýä nusgalyk asylly ýörelgeleri, ýurdumyzyň häzirki döwürde gazanýan ösüşleri, ýeten derejesi hem-de hormatly Arkadagymyzyň ömrüniň manyly menzilleri, durmuş ýoly baradaky maglumatlar jemlenendir.
    Däp bolşy ýaly, I ýarym final oýny akyl-paýhas bäsleşigi üçin ýörite gurlan Ak öýde geçirildi. «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň I ýarym final oýnuna Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky umumybilim berýän ýöriteleşdirilen mekdep-internatynyň 10-njy synp okuwçysy Nurana Hudaýberdiýewa, şol mekdebiň 11-nji synp okuwçylary Arazjemal Öwezowa, Kadyrmyrat Öwezgylyjow, Aýjeren Annageldiýewa, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk-mekdep internatynyň 10-njy synp okuwçysy Yhlas Hallyýew, Aşgabat şäherindäki dil dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Täçjemal Pirliýewa, Aşgabat şäheriniň 21-nji okuw-terbiýeçilik orta mekdebiniň 10-njy okuwçysy Orazjemal Çaryýarowa, Mary welaýatynyň Mary şäherindäki iňlis dili we ynsançylyk ugurly okuw derslerini çuňlaşdyrylyp öwredýän ýöriteleşdirilen welaýat mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Şasenem Meýlisowa dagy gatnaşdylar.
    I ýarym final oýnuna «Pähimdarlar geňeşiniň» agzalary hökmünde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň dosenti, tehniki ylymlarynyň kandidaty, Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi Çary Nyýazow, «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň baş redaktory Rahmet Gylyjow, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň başlygynyň orunbasary Akmyrat Rejebow dagy adalatly eminlik etdiler.
    Gyzgalaňly geçen bäsleşigiň netijeleri boýunça Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky umumybilim berýän ýöriteleşdirilen mekdep-internatynyň 10-njy synp okuwçysy Nurana Hudaýberdiýewa, şol mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Kadyrmyrat Öwezgylyjow, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk-mekdep internatynyň 10-njy synp okuwçysy Yhlas Hallyýew, Mary welaýatynyň Mary şäherindäki iňlis dili we ynsançylyk ugurly okuw derslerini çuňlaşdyrylyp öwredýän ýöriteleşdirilen welaýat mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Şasenem Meýlisowa dagy ýeňiji bolup, olar bäsleşigiň final oýnuna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bäsleşigiň ýeňijilerine, şeýle-de oňa gatnaşyjylara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de beýleki hemaýatkärler tarapyndan taýýarlanan gymmatbahaly sowgatlar, institutymyzyň degişli şahadatnamalary we Hormat hatlary gowşuryldy.
    «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň I ýarym final oýnuna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Milli ýaý atyjylyk federasiýasy, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi, «Abadan haly» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti, «Ýedi dogan» hususy kärhanasy, «Muhammet Balkan» hojalyk jemgyýeti hem-de dürli pudaklarda zähmet çekýän işgärler üçin ýörite iş egin-eşiklerini hödürleýän «Saraýan» hojalyk jemgyýeti hemaýatkärlik etdiler. «Miras» teleýaýlymy bilen TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň okuw studiýasy tarapyndan bilelikde ýazgy edilen «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň I ýarym final oýnuna ýakyn günlerde Miras teleýaýlymynda tomaşa edip bilersiňiz.

    Gurbansähet GURBANSÄHEDOW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.

    Şeýle hem bu barada şu ýerden okap bilersiňiz:
    https://www.atavatan-turkmenistan.com/akyl-payhas-baslesiginin-i-yarym-final-oyny-gecirildi/
    https://turkmengazet.com/pyc-i-yarym-finalyn-yenijileri-belli-boldy/
    https://salamnews.tm/section/ylym-bilim/bilim/parahatcylygyn-yas-caparlary:-4-sany-finalcy-malim-boldy-afc3ff

    Soňky täzelikler

    GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «HAKYDA GÖWHERI» ESERINE BAGYŞLANAN DUŞUŞYK surady

    04/06/2025

    GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «HAKYDA GÖWHERI» ESERINE BAGYŞLANAN DUŞUŞYK
    Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli dabara surady

    31/05/2025

    Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli dabara
    TÜRKMENISTANYŇ HUKUK GORAÝJY EDARALARYNYŇ IŞGÄRLERINIŇ GATNAŞMAGYNDA WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI surady

    28/05/2025

    TÜRKMENISTANYŇ HUKUK GORAÝJY EDARALARYNYŇ IŞGÄRLERINIŇ GATNAŞMAGYNDA WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI