15/05/2025
33
ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA OKUW SAPAGY
2025-nji ýylyň 15-nji maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi
Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebitleýin merkezinde
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň
Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkeziniň
talyplarynyň gatnaşmagynda okuw sapagy geçirildi. Okuw sapagynda Beýik
Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşyk we ösüş boýunça ministrliginiň (FCDO)
Howa meseleleri boýunça geňeşçisi Undala Alam çykyş etdi.
Okuw sapagynyň dowamynda talyplar dinamiki simulirleme oýnuny ulanyp,
umumy suw meselelerini çözmek boýunça hyzmatdaşlygyň hakykatda ýüze çykyp
biljek mysallaryny öwrendiler. Simulirleme oýnunyň dowamynda talyplaryň
görkezen ýokary netijeleri suw diplomatiýasynyň Merkezi Aziýanyň geljegi üçin
nähili möhümdigini ýene bir gezek ýatlatdy.
Merkezde geçirilen okuw sapagynyň çäginde oňa gatnaşyjylar Undala
Alama özlerini gyzyklandyrýan sowallar bilen ýüzlenip, kanagatlanarly jogap
aldylar.
Hemragylyç NURMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Dünýä dilleri kafedrasynyň mugallymy.
Soňky täzelikler

21/05/2025
OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
21/04/2025
ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA OKUW SAPAGY