
136
ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA GEÇIRILEN OKUW SAPAGY
2025-nji ýylyň 16-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkeziniň «Öňüni alyş diplomatiýasy» ugry boýunça «Birleşen Milletler Guramasynyň köptaraplaýyn diplomatiýasy» atly temadan okuw sapagy geçirildi. Bu okuw sapagyny Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebitleýin merkeziniň jemgyýetçilik bilen gatnaşyklar boýunça kömekçisi Bahargül Rahmanowa geçirdi.
Sapagyň dowamynda Bahargül Rahmanowa talyplar bilen BMG-niň köptaraplaýyn diplomatiýasynyň esasy ugurlary, şol sanda halkara gatnaşyklar ulgamynyň ösüşiniň esasy tapgyrlary we häzirki zaman dünýä tertibini emele getirmekde Birleşen Milletler Guramasynyň orny barada jikme-jik gürrüň berdi. BMG tarapyndan halkara parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek üçin ulanylýan mehanizmlere we gurallara, şeýle hem gapma-garşylyklaryň öňüni almakda we Merkezi Aziýada hyzmatdaşlygy ösdürmekde öňüni alyş diplomatiýasynyň ähmiýetine aýratyn üns berildi.
Sapagyň ahyrynda talyplar myhman bilen sorag-jogap alyşdylar.
Hemragylyç NURMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Dünýä dilleri kafedrasynyň mugallymy.