30/11/-0001
733
Okuw sapagynyň temasy-energetika diplomatiýasy
2022-nji ýylyň 23-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda döredilen Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw Merkezinde “Energetika diplomatiýasy” barada Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Batyr Rejepow, şeýle-de institutyň talyplarynyň gatnaşmagynda okuw sapagy geçirildi. Okuw sapagy Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky energetika meseleleri boýunça alnyp barylýan işlere bagyşlandy.
Hormatly ilçi Batyr Rejepow okuw sapagynyň dowamynda sebitde energiýa serişdelerinden netijeli peýdalanmak babatda alnyp barylýan işler barada ginişleýin gürrüň berdi. Şeýle-de iki ýurduň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolan, ýangyç we energetika serişdelerini rejeli hem-de netijeli peýdalanmaga bu ugurda alnyp barylýan işleri häzirki döwrüň talaplaryna laýyk getirmek boýunça zerur çäreleri geçirmegiň dünýä jemgyýetçiligini birleşdirmekden, ybaratdygyny belläp geçdi.
Okuw sapagynyň dowamy energetika meseleleri çözülende halkara hukugyň umumy kadalaryna daýanmak barada alnyp baryldy. Şeýle hem sebitiň ähli ýurtlarynyň bähbitlerini göz öňüne tutmak hem-de abraýly halkara guramalaryny işjeň gatnaşmaga çekmegiň zerurdygy aýratyn bellenildi. Energetika diplomatiýasy boýunça alnyp barylan bu okuw sapagy talyplar üçin örän täsirli bolup, dürli sowallaryň esasynda giňişleýin jogap alyşdylar.
Mahym ANNADURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.