
185
OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
2025-nji ýylyň 18-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly kitabynda medeni diplomatiýanyň ähmiýeti dogrusynda okuw sapagy geçirildi. Okuw sapagyny Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň mugallymy Perhat Mahremow alyp bardy. Oňa institutyň Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkeziniň “Energetika diplomatiýasy” boýunça diňleýjileri gatnaşdylar.
Okuw sapagynyň dowamynda P. Mahremow Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly kitaby barada gürrüň berdi. Geljekki her bir diplomatyň öz ýurdunyň taryhyny içgin bilmelidigini we munda Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän eserleriň wajyp gollanma boljakdygy barada talyp ýaşlara aýdyp berdi. Kitap girişden we iki bapdan ybarat bolup birinji bap “Taryha syýahat”, ikinji baby bolsa “Ruhy miras” diýip atlandyrylýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ylmy-filosofik eserleri watandaşlarymyzyň her biri üçin durmuş we döredijilik şamçyragydyr. Halkymyzyň şöhratly taryhyny, baý medeni mirasyny, nusgalyk döwletlilik ýörelgelerini beýan edýän, olary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýan bu eserler ýaş nesilleri watançylyk, belent ahlaklylyk, ýokary ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde gymmatly hazynadyr.
Täsirli geçen okuw sapagynyň dowamynda talyplar özlerini gyzyklandyrýan sowallara giňişleýin jogap aldylar.
Azat NOBATGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.