30/11/-0001
679
MAKSATLAR AÝDYŇ, WEZIPELER ANYK
2022-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda professor-mugallymlaryň gatnaşmagynda «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň» many-mazmunyny düşündirmek we ony durmuşa geçirmek bilen bagly maslahat geçirildi.
Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň energetika, ulag we kommunikasiýalar ulgamlarynda iri taslamalaryň ähmiýeti hem-de bu ugurlarda ýokary okuw mekdebimiziň öňünde durýan möhüm wezipeler dogrusynda ara alyp maslahatlaşyldy. Bu resminamada Türkmenistanyň geljek ýedi ýylda daşary syýasy ugruny durmuşa geçirmegiň täze wezipeleri we çemeleşmeleri beýan edilip, olaryň Bitarap döwletimiziň daşary syýasatynyň ileri tutulýan bäş strategik ugruna esaslanýandygy bellenilýär. Şeýle hem, Konsepsiýada sanly diplomatiýanyň ösdürilmegine, maglumat howpsuzlygynyň üpjün edilmegine aýratyn üns berilýär.
Mähriban GANDYMOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.