24/04/2024
925
«Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň iňlis diline terjimeleriniň terjimeçilik derňewi» atly umumy okuw sapagy geçirildi
2024-nji ýylyň 24-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň iňlis diline terjimeleriniň terjimeçilik derňewi” atly umumy okuw sapagy geçirildi. Okuw sapagyny Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Iňlis diliniň stilistikasy we grammatikasy kafedrasynyň uly mugallymy Körpe Ataniýazowa alyp bardy.
Sapagyň dowamynda mugallym talyplara şahyryň goşgularyny iňlis diline terjime eden daşary ýurt edebiýatçylarynyň we terjimeçileriniň kitaplary bilen tanyşdyryp, olardan amerikan ýazyjysy Pol Maýkl Teýloryň 2014-nji ýylda neşir eden “Magtymguly: Poems from Turkmenistan” atly kitabyny, eýranly terjimeçi Ýusuf Azmunyň 1995-nji ýylynda terjime eden “Songs from the steppes of Central Asia” goşgular ýygyndysyny, polýak diplomaty we edebiýatçysy Aleksandr Boreýko Hodkonyň şahyryň goşgularyndan eden terjimelerini belledi.
Mundan başga-da, mugallym K.Ataniýazowa goşgulary terjime etmegiň tärleri we usullary barada talyplara gyzykly gürrüňleri berdi.
Sapagyň ahyrynda talyp ýaşlar mugallyma özlerini gyzyklandyrýan soraglary berdiler.
Maral KARLYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň III ýyl talyby.