24/02/2026
47
“Türkmenistan we Ýaponiýa: Dünýä medeniýetiniň bitewiligi we aýratynlygy” atly okuw sapagy geçirildi
2026-njy ýylyň 24-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda talyplaryň dünýä medeniýetine bolan garaýyşlaryny giňeltmek we halkara gatnaşyklarynyň medeni sütünlerini öwrenmek maksady bilen “Türkmenistan we Ýaponiýa: dünýä medeniýetiniň bitewiligi we aýratynlygy” atly täsirli okuw sapagy geçirildi. Okuw sapagyna institutyň 3-nji ýyl talyplary hem-de tejribeli mugallymlar gatnaşdylar. Okuw sapagyny Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Dünýä dilleri kafedrasynyň ýapon dili mugallymy Dünýägözel Babahanowa alyp bardy.
Okuw sapagynyň dowamynda mugallym iki ýurduň arasyndaky taryhy we ruhy meňzeşlikler, türkmen we ýapon halklarynyň ula hormat goýmak, maşgala mukaddesligini gorap saklamak hem-de milli däp-dessurlara ygrarlylyk ýaly umumy gymmatlyklarynyň dünýä medeniýetiniň bitewüligine goşýan uly goşandy, iki ýurduň medeni gatnaşyklarynyň täze belentliklere göterilişi wideoşekilleriň üsti bilen görkezildi. Şeýle hem, Türkmenistanyň ahalteke atlary we nepis halylary bilen Ýaponiýanyň özboluşly çaý sungatynyň hem-de däp-dessurynyň özara sazlaşygy barada gürrüň berdi.
Talyplar okuw sapagyna örän işjeň gatnaşdylar we medeni diplomatiýanyň häzirki zaman dünýäsindäki orny barada öz garaýyşlaryny beýan etdiler. Bu sapak geljekki hünärmenleriň dünýäniň dürli halklarynyň medeni aýratynlyklaryny dogry şöhlelendirmekdäki hünär başarnyklaryny kämilleşdirmekde uly ähmiýete eýedir.
Maýa ATAJANOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Dünýä dilleri kafedrasynyň uly mugallymy.