Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Habarlar / Magtymguly Pyragynyň filosofiýasy geljeki ösüşlere ruhy binýat
    Magtymguly Pyragynyň filosofiýasy geljeki ösüşlere ruhy binýat
    Magtymguly Pyragynyň filosofiýasy geljeki ösüşlere ruhy binýat
    Magtymguly Pyragynyň filosofiýasy geljeki ösüşlere ruhy binýat
    Magtymguly Pyragynyň filosofiýasy geljeki ösüşlere ruhy binýat
    Magtymguly Pyragynyň filosofiýasy geljeki ösüşlere ruhy binýat
    26/10/2024

    1220

    Magtymguly Pyragynyň filosofiýasy geljeki ösüşlere ruhy binýat

    2024-nji ýylyň oktýabr aýynyň 21-25-i aralygynda Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Ilçihanasynyň gurnamagynda geçirilen “Magtymgulynyň döredijiliginiň dünýä edebiýatyna goşandy” atly halkara ylmy maslahatyna hem-de Magtymgulynyň saýlanan eserleriniň gyrgyz diline terjime edilen ýygyndysy bilen bagly tanyşdyryş dabarasyna türkmen wekilýeti gatnaşdy. Wekiliýetiň agzalary 2024-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Ilçihanasynyň gurnamagynda Ýusup Balasagyn adyndaky Gyrgyz Milli uniwersitetiniň ylmy işler boýunça prorektory Mirlan Mukdarowiç Dyldaýew we Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Kazy Dikambaýew adyndaky Diplomatik akademiýanyň ylmy işler boýunça prorektory Zaýnidin Karpekowiç Kurmanow bilen duşuşdylar. Şeýle-de şol gün Bişkek şäherindäki Milli taryhy muzeýe gezelenç etdiler.
    23-nji oktýabrda türkmen wekiliýeti “Magtymgulynyň döredijiliginiň dünýä edebiýatyna goşandy” atly halkara ylmy maslahatyna hem-de Magtymgulynyň saýlanan eserleriniň gyrgyz diline terjime edilen ýygyndysy bilen bagly tanyşdyryş dabarasyna gatnaşdylar.
    Halkara ylmy maslahatda “Magtymguly Pyragynyň ekologiýa ynsanperwerligi” ylmy tema boýunça Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty O.S.Ezimowa çykyş etdi. O.S.Ezimowa halkara maslahaty alyp baryp, moderator wezipesini ýerine ýetirdi.“Magtymgulynyň döredijiliginiň watançy ýaşlary terbiýelemekde ähmiýeti” atly ylmy tema boýunça Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň mugallym öwrenijisi Perhat Mahremow çykyş etdi.
    Halkara ylmy maslahat ýokary guramaçylykly we ruhubelentlik, ynanyşmak, halklaryň milli mirasyna hormat goýmak derejesinde geçirildi. Çykyşlarda halklaryň dostluk we doganlyk gatnaşyklaryny berkitmekde Magtymguly Pyragynyň filosofiýasynyň we Bitarap Türkmenistanyň medeni diplomatiýasynyň ähmiýeti aýratyn beýan edildi.
    Garaşsyz, hemişelik Bitaraplyk derejesi BMG-niň iki sany Kararnamasy bilen dünýäde ýeketäk tassyk edilen, ykdysady taýdan kuwwatly Türkmenistan döwletimiziň ýeten belent derejesi, türkmen halkynyň ruhy sütüni bolan, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny has-da dabaralandyrmakda 2024-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabat şäherinde geçirilen “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy: parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara forumynyň ähmiýeti we kabul edilen jemleýji resminama barada alymlar çykyş etdiler.
    Ýokary derejede geçirilen halkara maslahat barada maglumatlar çäräniň geçirilen güni Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň habar beriş serişdeleri arkaly halk köpçüligine ýetirildi. Halkara maslahatyna gatnaşyp, tejribe alyşmaklyk wekiliýetiň agzalary üçin täsirli we ähmiýetli boldy.
    Bilim işgärlerine, alymlara, ýaş hünärmenlere tejribe alyşmaga döredip berýän mümkinçilikleri üçin Türkmenistanyň Prezidentine, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza köp-köp alkyşlar aýdýarys.
    Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun! Il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary hemişe rowaç bolsun!

    Perhat MAHREMOW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň mugallym öwrenijisi.

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaralar geçirildi surady

    03/06/2025

    Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaralar geçirildi
    HALKARA RUS DILINE BAGYŞLANAN BÄSLEŞIK surady

    03/06/2025

    HALKARA RUS DILINE BAGYŞLANAN BÄSLEŞIK
    ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI ONLINE  OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI surady

    02/06/2025

    ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI ONLINE OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI