Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar) / “Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde sagdyn durmuş ýörelgeleri” atly metbugat brifingi
    “Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde sagdyn durmuş ýörelgeleri”  atly metbugat brifingi
    “Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde sagdyn durmuş ýörelgeleri”  atly metbugat brifingi
    “Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde sagdyn durmuş ýörelgeleri”  atly metbugat brifingi
    “Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde sagdyn durmuş ýörelgeleri”  atly metbugat brifingi
    24/05/2023

    1128

    “Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde sagdyn durmuş ýörelgeleri” atly metbugat brifingi

    2023-nji ýylyň 24-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli “Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde sagdyn durmuş ýörelgeleri” atly metbugat brifingi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň gazet-žurnallarynda zähmet çekýän döredijilik işgärleri hem-de institutymyzyň professor- mugallymlarydyr talyp ýaşlary gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan türkmen halkyny dünýä tanadan, öz milletiniň mertebesini Ýer ýüzünde belende galdyran taryhy şahsyýetlerimiziň hatyralanylmagyna, olaryň Watan öňünde bitiren ägirt hyzmatlarynyň, halkyň hakydasyna ebedilik ýazylan beýik işleriniň doly hem içgin öwrenilip, ýaş nesilleriň arasynda wagyz-ündew edilmegine uly ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny belläp geçmek baradaky Karary hem munuň nobatdaky subutnamasy boldy. Magtymguly — bu bütin türkmenler üçin, damarlarynda türkmen gany joşýan çeper sözüň muşdaklary üçin iň mähriban, iň guwançly, iň buýsançly at. Belli rus gündogary öwrenijisi W.Bartoldyň belleýşi ýaly, bütin Orta Aziýa halklarynyň arasynda diňe türkmenlerde milli şahyr bolupdyr, ol hem Magtymgulydyr. Şirinden-şirin şygyrlarynyň üsti bilen pelsepewi garaýyşlary halkyna bagyş eden Magtymguly Pyragynyň goşgularyndaky ynsanperwer pikir-garaýyşlar asyrlar geçse-de gymmatyny ýitirmeýär.

    Magtymguly, sözle her ne bileniň,
    Özüňe kemlik bil aýtman öleniň,
    Taraşlap, şaglatgyl köňle geleniň,
    Senden soňkulara ýadygär bolar.

    Şahyryň halkymyza miras goýan edebi hazynasyny ylmy esasda seljermek, onuň syrdan doly şygyrlarynyň pelsepewi esaslaryny açyp görkezmek üçin türkmen alymlary ençeme işleri alyp barýarlar. Şunuň bilen baglylykda, akyldar şahyryň şygyrlary giňden öwrenilýär we onuň many-mazmuny halk köpçüligine yzygiderli ýetirilip durulýar. Ynha, şu günki geçirilen metbugat brifinginde hem döredijilik işgärleri tarapyndan alnyp barylýan işler, döredilýän täze eserler dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi. Talyplar özlerini gyzyklandyrýan sowallara jaýdar jogaplary aldylar.

    Ogulmaýsa AMANMUHAMMEDOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň mugallymy.

    Soňky täzelikler

    ŞAHYRYŇ SÖZI GYSGA, ŞERHI KÖP surady

    26/11/2024

    ŞAHYRYŇ SÖZI GYSGA, ŞERHI KÖP
    ŞAHYRYŇ SÖZI GYSGA, ŞERHI KÖP surady

    25/11/2024

    ŞAHYRYŇ SÖZI GYSGA, ŞERHI KÖP
    ŞAHYRYŇ SÖZI GYSGA, ŞERHI KÖP surady

    23/11/2024

    ŞAHYRYŇ SÖZI GYSGA, ŞERHI KÖP
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI