Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
        • Prezentasiýa bäsleşigi geçirildi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
        • YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Öňüni alyş diplomatiýasy / HALYPA BILEN TÄSIRLI OKUW SAPAGY
    HALYPA BILEN TÄSIRLI OKUW SAPAGY
    HALYPA BILEN TÄSIRLI OKUW SAPAGY
    HALYPA BILEN TÄSIRLI OKUW SAPAGY
    01/03/2024

    1138

    HALYPA BILEN TÄSIRLI OKUW SAPAGY

    2024-nji ýylyň 1-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Merkezi Aziýa sebitinde öňüni alyş diplomatiýasynyň häzirki zaman mehanizmleri» atly okuw sapagy geçirildi. Okuw sapagyny Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurberdi Amanmyradow alyp bardy.
    Sapagyň dowamynda N.Amanmyradow talyplary häzirki zaman halkara gatnaşyklarynda we halkara hukugynda öňüni alyş diplomatiýasynyň mehanizmleri, usullary we tejribeleri bilen tanyşdyrdy. N.Amanmyradow öz çykyşynda öňüni alyş diplomatiýasy parahatçylyga we howpsuzlyga howp salýan wehimleri ýüze çykarmakda hem-de aradan aýyrmakda döwletlere ýardam bermek boýunça möhüm gural bolup durýandygyny belledi.
    Mundan başga-da, ilçi Aşgabatda ýerleşýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň sebitde terrorçylyk we zor salynýan ekstremizm, guramaçylykly jenaýatçylyk, neşe serişdeleriniň ýaýradylmagy we Owganystandaky ýagdaýlar ýaly transmilli howplara çenli has çylşyrymly meseleler boýunça hödürleýän mehanizmleri barada gürrüň berdi.
    Söhbetdeşligiň dowamynda talyp ýaşlar N.Amanmyradowa özlerini gyzyklandyrýan sowallar bilen ýüzlendiler.
    BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkezi «Öňüni alyş diplomatiýasy akademiýasy» maksatnamasy boýunça ýokary okuw mekdepleri bilen meýilnamalaýyn işleri alyp barýar. Agzalan maksatnama boýunça 2024-nji ýylda Halkara gatnaşyklary institutynyň 4 sany talyby saýlanyp alnyp, olar ýylyň dowamynda degişli ugurlarda öz bilimlerini artdyrarlar.

    Rahym AKMURADOW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy

    Soňky täzelikler

    OKUW SAPAGY GEÇIRILDI surady

    21/05/2025

    OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
    ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA OKUW SAPAGY surady

    15/05/2025

    ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA OKUW SAPAGY
    ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA OKUW SAPAGY surady

    21/04/2025

    ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA OKUW SAPAGY
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI