30/11/-0001
888
Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi
2022-nji ýylyň 8-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli «Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty: taryhy tejribe we häzirki zamanyň möhüm meseleleri» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Umumy mejlisden we 4 bölümden ybarat bolan maslahatyň bölümleriň atlary degişli yzygiderlilikde «Bitaraplyk — milli diplomatiýany köpugurly ösdürmegiň usuly», «Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynda ynanyşmak dialogynyň filosofiýasy», «Bitaraplyk daşary ykdysady ösüşiň nusgasydyr», «Baky Bitaraplyk — parahatçylygyň gözbaşy» diýip atlandyryldy. Maslahata ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor mugallymlary we talyp ýaşlary, şeýle-de «Ýaş diplomatlar mekdebiniň» işjeň agzalary gatnaşdylar.
Ylmy-amaly maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwletimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň özeninde duran hemişelik Bitaraplyk derejämiziň ähmiýetini aýratyn belläp geçdiler. Çykyşlarda türkmen halkynyň beýik ynsanperwer ýörelgeleriniň, parahatçylyk söýüji durmuşy pelsepesiniň gadymlardan gözbaş alýandygy buýsanç bilen nygtaldy. Ylmy-amaly maslahatynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar dünýä halklarynyň abadançylygy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, belent başynyň aman, tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Gurbansähet GURBANSÄHEDOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.