605
Geçirilen duşuşyklar
2021-nji ýylyň 6-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 23-nji dekabrynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda ýokary derejeli žurnalistleri taýýarlamaga aýratyn üns bermek, şeýle hem žurnalistleriň döwrebap sanly foto kameralardan, kompýuterlerden, dizaýn işlerinden oňat baş çykarmagy, žurnalistika babatda halypa-şägirt ýoluny ösdürmek barada beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen “Türkmen dünýäsi” gazetiniň jogapkär kätibi Döwran Agalyýewiň gatnaşmagynda Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyplarynyň arasynda amaly sapak geçirildi.
Amaly sapagyň dowamynda ýaş žurnalistleriň watançylyk, ahlaklylyk ruhunda tebiýelenip, başarjaň žurnalistler bolup ýetişmelidigi, şeýle hem olaryň ösen kompýuter tehnologiýalaryndan hem-de sanly ulgamdan kämil baş çykarmagynyň zerurlygy dogrusynda belläp geçildi. Döwran Agalyýew ýaş žurnalistlere gazet sahypalarynyň materiallaryny ýygnamak, habar üçin maglumat toplamak, habar çeşmeleri bilen işleşmegiň aýratynlyklary, habarlary ýaýratmak arkaly ýurdumyzyň ösüşlerini, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatyny halkara habarlar giňişliginde şöhlelendirmekde alnyp barylýan işler barada gyzykly maglumatlary gürrüň berdi.
Mundan başga-da, myhman žurnalistika babatda halypa-şägirtlik ýoluny ösdürmekligiň hem möhümdigini belledi. Şeýle-de ussat žurnalist Döwran Agalyýew Adobe Indesign programma boýunça wýorstka etmekligiň hem-de redaktirlemegiň aýratyn ussatlygy we tejribäni talap etýändigini belläp geçdi.
Sapagyň ahyrynda oňa gatnaşyjy talyplar özlerini gyzyklandyrýan sowallary bilen halypa žurnaliste ýüzlendiler we degerli maslahatlary aldylar. Bu amaly sapak geljekde halkaraçy žurnalistler bolup ýetişjek talyplar üçin örän täsirli boldy.
Gurbanjemal EGIRJÄÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy
fakultetiniň II ýyl talyby.