17/04/2024
912
Gazagystanda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp halkara ylmy maslahat geçirildi
2024-nji ýylyň 16-njy aprelinde Gazagystanyň Aktau şäherinde ýerleşýän Ýesenow uniwersitetinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp «Magtymgulynyň ruhy mirasy — dostlugyň we parahatçylygyň simwoly» atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Şeýle-de maslahat bilen ugurdaşlykda, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň sergisi guraldy. Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň, Mangistau häkimliginiň, diplomatik gullugyň wekilleriniň, Ýesenow uniwersitetiniň mugallymlaryňdyr talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda geçirilen halkara ylmy maslahat beýik türkmen nusgawy we akyldar şahyry Magtymgulynyň baý edebi mirasyny dünýä jemgyýetçiligine tanatmak ugrunda degişli ylmy gözlegleri çuňlaşdyrmak we giňeltmek, ýurtlaryň arasynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk hem ýokarlandyrmaga bagyşlandy.
Halkara maslahatynda, ilki bilen, Ýesenow uniwersitetiniň rektory, professor B.Ahmetow giriş sözi bilen çykyş etdi. Ol öz gezeginde, beýik türkmen akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň gazak edebiýatynda tutýan orny, onuň döredijiliginiň ählitaraplaýyn öwrenilişi, şeýle-de çuňňur filosofiýa ýugrulan goşgularynyň jemgyýetiň aňyna ýetirýän oňyn täsiri barada giňişleýin gürrüň berdi.
Mundan başga-da, halkara ylmy maslahatda Gazagystanyň Mangistau häkimliginiň wekili hem-de Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky konsuly M.Abdyllaýew çykyş etdi. Olar öz çykyşlarynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň ömür we döredijilik ýolunyň dünýä edebiýatçylary tarapyndan çuňňur öwrenilýändigi, halkara edebiýat arenasynda giňden wagyz edilýändigi dogrusynda nygtadylar. Hakykatdan-da, şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, 2024-nji ýyl — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edildi. Munuň özi, türkmen halkynyň dünýäde öçmejek yz galdyran, ýurdy, halky üçin garaşsyzlygy, özbaşdaklygy arzuwlan şahyr ogluna goýýan sarpasynyň, hormatynyň nyşanydyr.
Dogrudan-da, Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasa ýugrulan edebi mirasy şahyryň öz ýaşan döwründe-de, häzirki döwürde-de jemgyýetiň islendik gatlagy üçin umman ýaly hazynadyr. Çünki öňdengörüji şahyryň islendik temada ýazan goşgulary durmuşda her bir ynsan üçin ýol görkezijidir. Onuň goşgularynyň her bir setiri giden bir dünýedir, dünýä düşünmek üçin durmuş sözlügidir. Megerem, şonuň üçin bolsun gerek, edebi mirasynyň üstünden asyrlar aşandygyna garamazdan, gymmatyny ýitirmän, dünýä edebiýatynyň tekçesinde, dünýä jemgyýetiniň ýüreginde mynasyp orun aldy.
Şeýle-de dabarynyň dowamynda Ýesenow uniwersitetiniň syýahatçylyk we diller fakultetiniň dekany, filologiýa ylymlarynyň kandidaty A.Otarowa, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy Oguloraz Eýeberdiýewa, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň uly mugallymy Gunça Annaniýazowa, Ýesenow uniwersitetiniň gazak filologiýasy kafedrasynyň professory, filologiýa ylymlarynyň doktory B.Nurdauletowa, Ýesenow uniwersitetiniň gazak filologiýasy kafedrasynyň dosenti, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Z.Koblanow, şeýle-de Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň kiçi ylmy işgäri H.Geldiýew dagy çykyş etdiler.
Çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän mümkinçilikleriniň saýasynda Türkmenistanda hem-de dünýä ýüzünde Magtymguly Pyragynyň edebi döredijiligini, onuň taryhy ornuny has-da dabaralandyrmak ugrunda durmuşa geçirilýän beýik işler dogrusynda buýsanç bilen bellediler. Şeýle-de parlak paýhasy we kämil edebi döredijiligi bilen dünýä medeniýetinde hem-de edebiýatynda öçmez ýyldyza öwrülen Magtymguly Pyragynyň ylham güzeriniň gymmaty, nesilleriň durmuşyndaky ebedilik terbiýeçilik mekdebi dogrusynda giňişleýin beýan etdiler.
Hakykatdan-da, Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy ähli ynsanlaryň köňlünde uly orun eýeleýär. Şahyryň eserleri ýyllar, asyrlar geçse-de, özüniň gymmatyny ýitirmeýär. Akyldaryň döredijiliginde öňe sürülýän pikirler umumadamzat gymmatlyklarynyň derejesinde durýar. Çünki akyldar şahyryň döredijiliginiň mazmuny belent adamkärçilik, ahlaklylyk, ynsanperwerlik ýörelgelerine ýugrulandyr. Şeýle ajaýyp döredijiligi öwrenmek we nesillere wagyz etmek her bir adamyň mukaddes borjudyr.
Oguloraz EÝEBERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň
uly mugallymy,
halkara ylmy maslahata gatnaşyjy.