Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
        • Tarafsızlık politikasının barışçıl yaratıcı gücü ve tarafsızlık doktrini
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • TÄSIRLI GEÇEN DUŞUŞYK
      • Saparlar
        • Bilim ulgamyndaky türkmen-rus hyzmatdaşlygy
      • Ilçileriň leksiýalary
        • ARGENTINANYŇ ÝURDUMYZDA TÄZE BELLENEN ILÇISINIŇ GATNAŞMAGYNDA OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly şäherleri gurmakda ýaşlaryň ornuna bagyşlanan okuw sapagy geçirildi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Sosial media
      • TikTok
      • Instagram
    • Media
    Esasy / Çäreler / GAHRYMANLARYŇ EDERMENLIGI – WATANSÖÝÜJILIGIŇ BEÝIK MEKDEBI
    GAHRYMANLARYŇ EDERMENLIGI – WATANSÖÝÜJILIGIŇ BEÝIK MEKDEBI surady
    30/11/-0001

    1377

    GAHRYMANLARYŇ EDERMENLIGI – WATANSÖÝÜJILIGIŇ BEÝIK MEKDEBI

    Maý aýynyň gelmegi bilen ýurdumyzyň ähli künjeklerinde Beýik Ýeňşiň, 1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda edermenlik görkezen we mähriban ojaklaryna sag-aman dolanyp gelen, şeýle hem tylda zähmet çeken adamlaryň hormatyna guralýan dabaralar giňden ýaýbaňlandyrylýar. 2022-nji ýylyň 7-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary bilen bilelikde «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda gezelenç gurnaldy. Gezelenjiň dowamynda institutyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy Täçnabat Paýtykowa talyp ýaşlar bilen «Baky şöhrat» we «Milletiň ogullary» ýaly 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda söweş meýdanlarynda baş goýan Watan goragçylarynyň ýadygärlikleri, şeýle hem «Ruhy tagzym» ýadygärliklerine aýlanyp, gazaply uruş ýyllarynda türkmen halkynyň müňlerçe edermen ogullarynyň doganlyk halklaryň wekilleri bilen egin-egne berip, söweş meýdanlarynda gaýduwsyzlyk görkezendikleri hem-de hakyky edermenligiň, durnuklylygyň, şöhratyň we namysyň beýik nusgasyna öwrülendikleri barada täsirli gürrüňleri berdi. Beýik Ýeňiş güni mynasybetli guralan bu gezelenç geljek ýaş nesilleriň hakydasynda watançylygyň we merdanalygyň synmaz nyşany bolup hemişelik galjaklygynyň aýdyň şaýady boldy.

    Halkymyzyň azat durmuş, erkin ýaşaýyş ugrunda gören görgüleridir çeken pidalary, görkezen edermenligi we gahrymançylygy hiç haçan ýatdan çykmaz. Biz merdana watandaşlarymyzyň söweşlerde görkezen edermenlikleri, tylda çeken tutanýerli zähmetleri bilen bütin adamzadyň öňünde bitiren beýik işlerine tüýs ýürekden guwanýarys!


    Merjen JUMAGYLYJOWA,

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

    Halkara gatnaşyklary institutynyň

    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    «BERKARAR DÖWLETIŇ TÄZE EÝÝAMYNYŇ BAGTYÝAR GERÇEKLERI» ATLY DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGINIŇ INSTITUT TAPGYRY GEÇIRILDI surady

    28/04/2026

    «BERKARAR DÖWLETIŇ TÄZE EÝÝAMYNYŇ BAGTYÝAR GERÇEKLERI» ATLY DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGINIŇ INSTITUT TAPGYRY GEÇIRILDI
    «RAÝAT GORANYŞY WE ADATDAN DAŞARY ÝAGDAÝLARDA HEREKET ETMÄGE TAÝÝARLYK» BOÝUNÇA WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI surady

    23/04/2026

    «RAÝAT GORANYŞY WE ADATDAN DAŞARY ÝAGDAÝLARDA HEREKET ETMÄGE TAÝÝARLYK» BOÝUNÇA WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
    GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ AWSTRIÝA RESPUBLIKASYNA AMALA AŞYRAN SAPARYNYŇ JEMLERINE BAGYŞLANAN BRIFING surady

    12/04/2026

    GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ AWSTRIÝA RESPUBLIKASYNA AMALA AŞYRAN SAPARYNYŇ JEMLERINE BAGYŞLANAN BRIFING
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI